515 Ilki baýram namazyny okap, soňra gurban kesmek sünnetdir

Başy » BAÝRAM NAMAZLARY KITABY » 515 Ilki baýram namazyny okap, soňra gurban kesmek sünnetdir

     عَنِ الْبَرَاءِ بن عَازَبَ رَضِىَ اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: سَمِعْتُ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يَخْطُبُ فَقَالَ: ( إنَّ أَوَّلَ مَا نَبْدَأُ بِهِ فِي يَوْمِنَا هَذَا أَنْ نُصَلِّيَ ، ثُمَّ نَرْجِعَ فَنَنْحَرَ ، فَمَنْ فَعَلَ فَقَدْ أصَابَ سُنَّتَنَا.

 

Bera ibn Azyp (r.a.) şeýle diýipdir: «Gurban baýramynyň hutbasyny okanda,Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Bu gün ilkinji etmeli işimiz namaz okamakdyr1. Ondan soňra öýleriňize dolanyp, gurban kesersiňiz . Kim şeýle etse, sünnetimize laýyk iş etdigi bolar»2diýendigini eşitdim.

 

1 Buharynyň kitabyndaky tertibe görä, bu hadys 514-nji hadysyň öň ýanynda ýerleşdirilipdir. Bu hadys 516-njy hadysyň başga bir ýoldan gelen we gysgaldylan bir nusgasydyr.

2 Buharynyň kitabyna tefsir ýazan Kirmany,bu sözleriň hutba okalanda aýdylandygyny göz öňünde tutup, ondan namazyň hutbadan soňa goýulmagynyň gowy boljakdygy barada netije çykarmak islese-de, öňe süren bu pikiri üçin,köp adamlaryň tankydyna sezewar bolupdyr. Hutba okap duranAllahyň Resulynyň (s.a.w.): «Ilkinji etmeli işimiz» diýip namazy agzamagy,şol günhem onuň hutbadan öňürti okalandygyny görkezýär. Şonuň üçinhem şunuň ýaly bir meseläni orta atmaga hiç hili esas ýok. Ýöne Kirmanydan ozal Nesaýy-dabu ýalňyşlygyň ýesiri bolup, öz kitabynyň «Muhtebi» atly babynda «Baýram gününiň namazyndan öň okalýan hutba» atly sözbaşy bilen Beranyň (r.a.) şu hadysyny ýerleşdiripdir. Ýöne onuň yz ýanyndanhem ol «Hutbadan öň okalýan iki baýram namazynyň baby» atly sözbaşynyň astynda Ibn Omaryň (r.a.) adyndan: «Allahyň Resuly (s.a.w.), şonuň ýaly-da,Ebu Bekr we Omar (Allah ikisindenhem razy bolsun!) baýram namazyny hutbadan öňokardylar» diýen hadysy beýan edýär. Bu hadys Buharynyňhem kitabynda duşup, bu iki nusganyň arasynda manylary boýunça tapawut ýok. Şonuň ýaly-da, Nesaýynyň we Kirmanynyň ýalňyşandyklaryny bu hadysyň Buharynyň kitabynda Beraibn Azybyň (r.a.) adyndan başga bir ýoldan beýan edilen nusgasy-da aýdyň görkezýär. Ol nusganyň başynda Bera(r.a.): «Bir gurban baýramy gününde Allahyň Resuly (s.a.w.) namazgähe çykyp, baýram namazyny okatdy. Soňra mübärek ýüzüni bize tarap öwrüp...» diýmek bilen gürrüňini şu hadysdaky ýaly dowam etdirýär.

Bu hadysy-şerifdäki: «Sünnetimize laýyk iş etdigi bolar» diýen sözlerden baýram namazynyňhem, gurban kesmegiňhem sünnetdigi barada netije çykarmak isleýänler bar bolsa-da, bu ýerdäki sünnet,öz adalga hökmündäki manysy boýunça, adatça, wajypdan tapawutlandyrylýan sünnet bolman, eýsem onuň ýol manysyny aňladýan bolmagy hem örän mümkindir.

Eger bu şeýle diýliphasap edilse, onda jümle: «Biziň barýan ýolumyzdan gitdigi bolar» diýmegi aňladar. Ýol bolsa wajypdan we sünnetden has umumydyr. Şol sebäpli müjtehitler baýram namazynyň we gurban kesmegiň hökümi barada dürli pikirleri orta atypdyrlar.

Allahyň Resulynyň (s.a.w.) baýram namazlaryny bir gezek hem terk etmändigini göz öňünde tutup, bu namazyň juma namazy ýaly parzy-aýndygy bilen ylalaşanlar bar bolsa-da, Talhanyň (r.a.) adyndan beýan edilen 43-nji hadysda yslam dininiň parzlary hakda sorag beren bir çarwa araba jogap hökmünde Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Bir gije-gündizde bäş namaz» diýmegi, onuň: «Bu namazlardan başga namazhem üstüme ýüklenjekmi?» diýip beren soragyna-da: «Ýok...» diýip jogap bermegi, şonuň ýaly-da, Mugaz ibn Jebeli (r.a.) Ýemene ýollanda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) oňa ýüzlenip: «Allahü tagalanyň her gün gije-gündiziň dowamynda bäş wagt namazy parz edendigini olara bildir» diýmegi, hususanhem Magraçdan söz açylýan 227-nji hadysda Allahü tagalanyň: «Olar bäşdir. Şonuň ýaly-da, olar ellidir. Meniň sözümsözdür»diýip ýüzlenmeginiň diňe bäş sany parz namazynyň bardygyny görkezýändigi sebäpli,alymlaryňesasy köplügine görä, baýram namazlary parzy-aýn däldir. Mysal üçin, ymam Şapygy bilen ymam Mälik baýram namazynyň sünneti-müýekkededigi bilen ylaşypdyrlar. Ymam Ebu Hanife bilen onuň mezhebine uýýanlara görä bolsa, bu namazy okamak wajypdyr. Ymam Ibn Ebu Leýla bilen ymam Ahmet ibn Hanbal bolsa, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) baýram namazlaryny mydama jemagat bolup okadyp, jemagata gelmediklere hiç zat diýmändiginden çen tutup, bu namazyň parzy-kipaýadygynyaýdypdyrlar. Şapygy mezhebiniň alymlaryndan Ystahryhem bu meselede olara boýun bolupdyr. Ibn Omardanhem (r.a.) gurban kesmegiň wajypdygyny ýa-da däldigini sorapdyrlar. Ol hem: «Allahyň Resuly-da, ondan soňky musulmanlarhem gurban kesdiler» diýip jogap bermek bilen çäklenip, onuň wajypdygyny aýtmandyr. Buharynyň onuň adyndan beýan eden rowaýatynda-da,ol: «Sünnetdir we gowy bir zatdyr» diýipdir.

Baýram namazynyň şertleri,alymlaryň esasy köplügine görä, juma namazynyň şertleri ýaly bolup, her bir müjtehit alym juma namazyny okamak üçin nämeleri şert hasap eden bolsa, baýram namazy üçinhem şolary şert hasaplapdyr. Diňe ymam Mälik bilen Şapygy, erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, her bir kişiniň baýram namazyny, öz islegine görä, özbaşdak hem okap biljekdigini aýdypdyrlar.

Ymamlar nahryň, ýagny gurban kesmegiň namazdan soňa goýulmalydygy barada şu hadysy-şeribe laýyklykda bir pikire gelenhem bolsalar, onuň hökümi barada dürli pikirleri orta atypdyrlar. Şapygy mezhebiniň alymlaryna görä we alymlaryň esasy köplüginiňpikiriboýunça, gurban kesmek sünneti-müýekkededir. Ymam Şapygynyň adyndan beýan edilýän bir garaýşa görä-de,parzy-kipaýadyr. Ymam Ebu Hanifä görä, mukymy-muwsyr, ýagny baý bolan ýerli adam üçin ol wajypdyr. Ymam Mälik hem mukym sözüni agzaman, gurban kesmegiň baý adam üçin wajypdygy bilen ylalaşypdyr. Ewzaýynyňhem, Rabyga Reýiň we Leýsiňhem şeýle pikirde bolandyklaryny gürrüň berýärler. Hanefi mezhebiniň alymlaryndan ymam Ebu Ýusup, mälikilerden Eşhep alymlaryň esasy köplüginiň gelen netijesi bilen ylalaşypdyrlar. Ymam Ahmet ibn Hanbalyň bolsa gurban kesmegi wajyp hasaplandygy barada-da, güýji ýetýän kişiniň ony terk etmeginiň mekruwhdygyny aýdandygy hakynda-da gürrüň berlipdir. Ymam Muhammet ony terk edilmegine rugsat berilmeýän sünnet hasaplap, Tahawy-da onuň pikiri bilen ylalaşypdyr. Onuň wajypdygyny aýdanlar 516-njyhadysy delil tutunýarlar. Bu hadysda Allahyň Resuly (s.a.w.) baýram namazyndan öň gurban kesen Ebu Bürdä beýle etmeginiň ýalňyşdygyny aýdyp, gurbanytäzeden kesmegi emr edýär. Şonuň ýaly-da, bu alymlar Ebu Hüreýräniň (r.a.) gürrüň beren: «Güýji ýetýärkä gurban kesmegi niýet etmeýän kişi biziň şu namazgähimize ýakynlaşmasyn»hadysy-şeribine esaslanýarlar. Ýöne Ebu Hüreýräniň (r.a.) gürrüň beren bu hadysynyň merfuwdygy, ýa bolmasa, mewkuwfdygy hakynda dürli pikirleriň öňe sürlüşi ýaly, ony mewkuwf hasaplamagyň has dogry boljakdygyny we merfuw bolaýanda-da, Tahawynyň aýdyşy ýaly, onuň näme sebäpli aýdylandygynyň belli däldigini, şonuň ýaly-da, 516-njyhadysdaky emriň gurban kesmegiň wajypdygy üçin berilmän, diňe onuň düzgünlerini bildirmek maksady bilenberlendigini göz öňünde tutup, alymlaryň esasy köplügi onuň wajypdygy hakdaky pikire goşulmandyr.