514 Namazgähe çykmazdan öňürti süýji bir zat iýmek sünnetdir
عَنْ أَنَسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قَالَ كَانَ رَسُولُ اللِّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ لاَ يَغْدُو يَوْم الْفِطْرِ حَتَّى يَأْكُلَ تَمَرَاتٍ. وَفِي رِوَايَةٍ عَنْهُ قَالَ: وَيَأْكُلُهُنَّ وِتْراً.
Enes (ibn Mälik) (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) remezan baýramy günündebirnäçe däne hurma iýmezden, baýram namazyna çykmazdy».1
Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen başga bir rowaýatda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hurmalary täk edip iýendigi aýdylýar.2
1 Zebidi, näbelli bir sebäbe görä, bu hadysy mundan soňra gelýän hadysyň öňüne geçiripdir. Ýogsam Buharynyň kitabynda yzda gelýän 515-nji hadys şu 514-nji hadysdan öňde ýerleşdirilipdir.
2 Bu hadys Ibn Hybbanyň we Hakimiň kitaplarynda: «Üçmi, bäşmi, ýedimi, has azmy ýa-da has köpmi, garaz, näme-de bolsa, sanyny täk edip, birnäçe däne hurma iýmezden çykmazdy»; «MüsnediAhmet» atly kitapda-da»: «Bu hurma dänelerini täk edip iýerdi» görnüşinde beýan edilipdir. Enesiň (r.a.) gürrüň beren bu hadysynyň birnäçe tassyklamalary hem bar. Mysal üçin, Tirmizi bilen Ibn Majäniň kitaplarynda Büreýde ibn Husaýbyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda: «Allahyň Resuly (s.a.w.) remezan baýramy gününde bir zat iýmezden, namaza çykmazdy,gurban baýramy gününde hem namazdan dolanyp gelýänçä, hiç zat iýmezdi» diýilýär. Beýhakynyň beýan eden rowaýatynda bolsa: «Gurbanlyk üçin kesilen malyň bagryndan iýerdi» diýlipdir. Ibn Ebu Şeýbäniň «Müsennef» atly kitabynda-da Ebu Sagyt Hudrynyň (r.a.) adyndan beýan edilen şeýle bir hadys bar: «Remezan baýramy gününde namaza çykmazdan öň bir zat iýmek Allahyň Resulynyň (s.a.w.) endigidi». Bezzaryň «Müsned» atly kitabynda-da bu hadysyň: «Namaza çykanda adamlara iki rekagat namaz okadardy, yzyna dolanyp hem öz öýünde iki rekagat namaz okardy. Baýram namazyndan öňürti hemhiç bir namaz okamazdy» diýen goşmaçasy bar.
Baýram namazyna çykmazdan ozal bir zat iýmegiň sünnetdigi hezreti Alynyň we Ibn Apbasyň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) adyndan beýan edilen hadyslardan belli bolşy ýaly, Sagyt ibn Müsseýep hem Allahyň Resulynyň (s.a.w.) zamanasynda beýle etmegiň adamlara emr edilendigini we maslahat berlendigini aýdýar. Şonuň ýaly-da,esasy köplüge görä beýle etmegiň mustahap hasap edilmegine garamazdan, sahabalardan we tabygynlardan köp adamlaryň hiç zat iýmän remezan namazyna gidenlikleri-de mälimdir. Ibn Mesgut bilen Ybraýym Nahaýy remezan baýramynyň namazyny okajak adamyň baýram namazyndan öňürti bir zat iýip, iýmezliginiň öz islegine baglydygyny aýdypdyrlar. Bu namazdan öňürti bir zat iýmegiň hikmeti agyz beklemegiň baýram namazy okalyp bolunýança dowam etmegi ýaly bir gorkyny aradan aýyrmakdyr. Zebidiniň «Tejridiniň» tefsirçisi Şerkawynyň Buharynyň kitabyna tefsir ýazan Kastalanynyň sözlerine salgylanyp beýan etmegine görä, yslam dininiň ilki ýaýran döwründe remezan baýramynyň namazyndan öňürti orazany bozmak haram ekeni-de, soňra bu höküm ýatyralanmyş. Allahyň Resulynyň hurma iýmegi bu hökümiň ýatyrylandygyny öz hereketiarkaly aňlatmagy maksat edendigi bilen baglanyşyklymyş. Ýöne tefsirçi Askalany-da, tefsirçi Aýny-damunuň ýaly bir sebäpden söz açmaýarlar.Kastalany hem öz pikirini tassyklajak bir delil getirmändir.
Beýle ýagdaýda hurma iýmegiň mustahap bolşy ýaly, ol tapylmadyk ýagdaýynda, meselem, bal ýaly süýji bir zady iýmegiň hem mustahapdygy bilen tabygynlaryň käbiri ylalaşypdyrlar. Süýji bir zat hem tapylmasa, musulman kişi edil sünnetiň özüne eýermese-de, garaz, oňa goýan hormatyny görkezmek üçin,başga bir zat bilen, hatda suw bilenhem bolsa, agzyny açar.
Hurma däneleriniň täk edilip iýilmegi Allahü tagalanyň ýeke-täkligini ykrar etmegi alamatlandyrýar. Mysal üçin, Allahyň Resuly (s.a.w.) Allahü tagalanyň ýeke-täkliginiň tassyklanmagy hökmünde san tertibine eýerip ýerine ýetiren işleriniň hemmesini täk edip ýerine ýetirmegi endik edinipdi.