513 Baýramlarda şatlanýandygyňy bildirmek diniň adatlaryndandyr
عَنْ عَائِشَةَ رَضِىَ اللَّهُ عَنْهَا قَالَتْ: دَخَلَ عَلَيَّ رَسُولُ اللِّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ ، وَعِنْدِي جَارِيَتَانِ تُغَنِّيَانِ بِغِنَاءِ بُعَاثٍ ، فاضْطَجَعَ عَلَى الْفِرَاشِ وَحَوَّلَ وَجْهَهُ ، وَدَخَلَ أَبُو بَكْرٍ رَضِىَ اللَّهُ عَنْهُ فَانْتَهَرَنِي ، وَقَالَ: مِزْمَارَةُ الشَّيْطَانِ عِنْدَ رَسُولِ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ ، فَأَقْبَلَ عَلَيْهِ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ فَقَالَ: ( دَعْهُمَا ). فَلَمَّا غَفَلَ غَمَزْتُهُمَا فَخَرَجَتَا.
Hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Mina günlerinde, ýagny gurban baýramynyň ilkinji üç gününiň birinde Allahyň Resuly (s.a.w.) ýanyma girdi. Garşymda dep çalyp,buas äheňlerine hiňlenýän iki gyz otyrdy1.Allahyň Resuly (s.a.w.) düşegine gyşaryp, aňyrsyna bakdy.2 Şol wagt Ebu Bekr (r.a.) içerik girdi3.Ol: «Bu näme boldugy? Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanynda şeýtan mizmary4 barmy?» diýip, maňa azgyryldy. Şondan soňraAllahyň Resuly (s.a.w.) oňa tarap öwrülip5: «Olara zat degme» diýdi6. Kakamyň ünsi başga zada sowlanyndan soň, gyzlara yşarat etdim. Olarhem çykyp gitdiler7.
Ýene bir baýram günleriniň biridi. Ol gün negrler «galkan-naýza»oýnuny oýnaýardylar8. Ýa özüm Allahyň Resulyndan (s.a.w.) ol oýny synlamaga rugsat soranymdan soň, ol haýyşymy kanagatlandyrdy,ýa-da onuň özi: «Synlamak isleýärmiň?»diýip soranyndan9 soň, men: «Hawa» diýdim. Şondan soňraol meni arka tarapynda ýaňagym ýaňagyna degäýjek derejedäki ýakynlykda aýak üstünde durzup10, hebeşilere: «Dowam ediň, Erfideogullary!»11diýdi. Oýny synlap ýadanymdan soňra-da: «Ýeterlik boldumy?» diýip sorady. Men: «Hawa» diýdim. Ol: «Onuň ýaly bolsa, gidiber» diýdi12.
1 Bular kämillik ýaşyna ýetmedik iki sany ensar gyzjagazydy. ÜmmiSelemäniň (r.a.) gürrüň beren rowaýatyna görä, bular Hassan ibn Sabydyň (r.a.) çorusy ekenler. Bu iki gyzyň biriniň ady Hamamabolupdyr. Beýlekisiniň ady barada hiç zat aýdylmaýar. Müslimiň kitabyndaky rowaýatda: «Bir depi kakyp okaýardylar», Nesaýynyň kitabyndaky rowaýatda: «Ellerindäki deplerini kakyp okaýardylar» diýlendigini göz öňünde tutup, olaryň hersinde bir depiň ýa-da diňe birinde depiň bolandygyny aýtmak mümkin. Buharynyň kitabynyň başga bir ýerinde bu hadysyň ýene bir nusgasy ýerleşdirilip, onda: «Buas gününde ensaryň biri-birleri barada aýdan şygyrlaryna hiňlenýärdiler» diýilse, ýene bir nusgada: «Biri-biri hakda degişme hökmünde...» diýlendigine görä, gyzlaryň okan şygyrlarynyň hemmesi buas döwri hakda bolmaly.
Buas Arabystanyň taryhynda öçmejek yz galdyran harby çaknyşyklaryň döwrüniň ady bolup, bir rowaýata görä, ýüz ýigrimi ýyllap dowam edipdir. Ensaryň ews we hazrej tireleri ir döwürde Ýemenden Ýasryba(soňra oňa «Medinetür-Resul» ady berlipdir) göçüp gelenlerinde,ol ýerde ýehudylar ýaşaýar eken. Olar bilen şertnama baglaşmak arkaly bu ýerde birnäçe wagtlap galanlaryndan soň, gassanylaryň meligi Ebu Şebeliniň ýardam bermegi bilen ýehudylaryň agalygyndan gutulyp, olardan üstün çykypdyrlar. Ýöne günleriň birinde bu iki dogan tire-de biri-birine duşman bolup, köpsanly özara çaknyşyklarda biri-birlerini güýçden gaçyrypdyrlar. Saglaba tiresinden Kagp atly biri Mälik ibn Ajlan Hazreji bilen şertnama baglaşan eken. Ewsilerden Sümeýr atlybiri-de ony öldüripdir. Bir tire bilen şertnama arkaly baglanan kişä hyýanat etmek şol tirä hyýanat etmegi aňladýandygy üçin, ews we hazrej tireleriniň arasynda Sümeýr söweşi adyny alan iki sany çaknyşyk bolup geçipdir. Şondan soňrabu iki dogan tiräniň arasynda şonuň ýaly çaknyşyklar yzygiderli ýüze çykyp durupdyr. Iň belli söweşleriň bolan günleri Siräre, Färi, Birinji Fijär, Ikinji Fijär, Hüseýin ibn Eslet, Hatyp ibn Kaws söweşleri diýip atlandyrylypdyr. Bu tireleriň arasyndaky iň soňky söweş Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hijretinden üç ýyl öň bolup geçip, oňa Buas söweşi diýipdirler. Soňra bu iki tiräniň arasynda bolup geçensöweşleriň hemmesine Buas söweşi, olaryň bolup geçendöwürlerine-de Buas zamany diýip başlapdyrlar. Bu iň soňky Buas söweşine ews tiresiniň baştutany UseýtEnsarynyň (r.a.) kakasy Hudaýr hem gatnaşyp ýaralanypdyr we birnäçe wagtdan soňra hem şol ýaradan ölüpdir. Şol döwürde hazrejilere Omar ibn Nugman baştutanlyk edip, ol hem bir peýkam degip wepat bolupdyr. Şondan soňrahazrejiler güýçden gaçyp, öňki artykmaçlyklaryny ýitiripdirler we ýeňlişe sezewar bolupdyrlar. Soňrabu iki tiräniň şahyrlary öz garşydaşlary hakda köpsanly şygyrlar döredipdirler. Hazrejileriň iň uly şahyry Hassan ibn Sabyt, ewsileriň iň uly şahyry-daKaýs ekeni. Hezreti Äşäniň (r.a.) gürrüňini eden gyzlary şu Buas söweşi bilen baglanyşykly gahrymançylyk häsiýetli şygyrlary okaýar ekenler. Şu ýerde şeýlebir wakany beýan etmek hem peýdaly bolar.
Hijretden iki ýyl öň Allahyň Resuly (s.a.w.) kuraýyşaedýän çagyryşlarynyň hiç hili peýda bermeýändigini görüp, gaýtam öz çagyryşlary sebäpli kuraýyşyň berýän dürli jebir-jepalaryna duçar bolanyndan soň, eşider ýaly bir gulak, hakykaty duýjak bir ýürek taparyn umydy bilen,Mekgäniň töwereklerinde ýaşaýan tirelere wagyz etmek ýoluny saýlap alypdyr. Ol her ýyl haja gelýänleriň arasynda aýdanyňa düşünýän we sözi diňlenýän biri barmyş diýip eşitse, imana çagyrmak we Kuran öwretmek niýeti bilen derrew onuň bilen duşuşypdyr. Ýöne ýüz tutan adamlarynyň hiç biri-de, onuň pikiri bilen ylalaşmaýar eken. Şol döwürde Allahyň Resuly (s.a.w.) ews we hazrej taýpalarynyň tarapyndan haja gelen alty ýada sekiz adamlyk bir topar bilen duşuşypdyr. Allahyň Resuly (s.a.w.) olara pygamberdigini aýdyp, Kuranyň süreleriniň käbirini okap beripdir. Esgat ibn Zuraranyň (r.a.) başyny başlamagy bilen bu toparyň adamlarynyň hemmesine Allahü tagala dini düşünjäni bagyşlap, derrew iman getiripdirler. Hatda özlerine iman getirmek teklip edilende, aralaryndan biri: «Dostlar, görýäňizmi, bizdäki ýehudylaryň geljekdigini habar berip, pygamberligi bilen bizi gorkuzmaga synanyşýan Pygamberleri, ine, şu bolmaly. Ýaýdanyp durmalyň, birden olar bizden öňürtiony ykrar edäýmesinler» diýipdir.Kitap eýeleri bolan we pygamberleriň öz aralaryndan çykandygyna buýsanýan ýehudylar bilen müşrük we imandyr töwhitden bihabar bolan ewsileriň hem-de hazrejileriň arasynda jedel ýüze çykanda, ýehudylar häli-şindi: «Ine, görjeksiňiz, ýakyn wagtda, özem örän ýakyn wagtda bu topraklara bir Pygamber geljek. Şol wagt biz oňa tabyn boljak. Ad bilen irem kowumlary nähili heläk bolan bolsalar, biz-de sizişonuň ýaly edip ýok ederis» diýip, hondanbärsi bolup, gorkuzmaga synanyşar ekenler we Pygamberleriň Kitaplarynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) geljekdiginiňhabarberlendigini aýdarekenler. Allahü tagalanyň berýän dini düşünjesinden kimiň nesibesiniň boljagyny, kimiňhem ondan mahrum galjagyny öňünden kesgitläp bilýän ýok. Öz mukaddes kitaplaryndaky habarlara görä, öňkipygamberleriňkidenhem has artykmaç häsiýetlere eýe boljagy mälim bolan Allahyň beýik Pygamberine Ysmaýylyň neslinden bolandygy üçin iň uly duşmançylyk görkezen ýehudylar, oňa ýeňselerini öwrüp, yslam dininiň ýaýramagy üçin tüýs ýüreginden hyzmat edenlerhemPygamberiň geljekdigi bilen gorkuzylan şol müşrükler boldular. Bu kiçijik toparyň adamlary bir gezek seredenlerinde, ýehudylardan eşidensözleriboýunça, Allahyň Resulyny (s.a.w.) tanap, iman getirdiler. Şondan soňraAllahyň Resuly (s.a.w.) olara: «Rebbimiň maňa bagyşlan pygamberlik etmek wezipesini ýerine ýetirmek üçin siziň, ýagny kowumyňyzyň meni gorag astyna almagyny isleýärin»diýdi. Olarhem: «Ýa Allahyň Resuly, Buas gyrlyşygynyň geçen ýyl bolup geçendigini bilýärsiň. Kowumlarymyzyň beýle perişan we bar işleriniň-güýçleriniň biri-birine duşmançylyk etmek bolan ýagdaýynda aramyza göçüp barsaň, töweregiňe toplanyp, saňa ýardam bermäge mümkinçiligimiz bolmaz. Ýöne kowumlarymyzyň arasyna dolanmaga rugsat ber. Belki, Allahü tagala isläp, seniň saýaňda aramyz gowulanarda, bizi çagyran hak ýoluňa olary-da çagyryp, bu ýola salmak miýesser eder. Şondan soňratöweregiňe toplanyp bileris. Kowumlarymyz bir gezek seniň talap eden görnüşiňde bir çukura tüýkürenlerinden soň, senden eziz, senden kuwwatly kişi tapylmaz. Şonuň üçin geljek ýylyň haj möwsüminde-de ýene bir gezek duşuşalyň» diýdiler.
Olar watanlaryna dolanyp baran batlaryna yslam dinini ýaýratmaga başladylar. Kuran öwretmek,diniň, imanyň hökümlerini tälim bermek üçin, Medinä Musgap ibn Umeýr (r.a.) gönderildi. Ews we hazrej tireleriniň her bir maşgalasyndan birnäçe adam musulman boldy. Şondan soňky ýylda birinji Akaba kasam edişligi boldy. Adamzat taryhynyň iň bagtyýar öwrülişigi hasap edilýän yslamyýetiň şan-şöhradynyň binýady şol döwürde tutuldy. Ol äht edişlige gatnaşan on iki adamdan ybarat imanly kişileriň toparynyň on ýyldansoňra bütin Arabystanyň yslam dinine girendiginiň şaýady boluşlary ýaly, olaryň arasynda kysralara, kaýsarlara degişli soltanlyklaryň ýer bilen ýogsan boluşlaryny görüp bilenleri hem boldy. Allahyň Resulyna (s.a.w.) tabyn bolmagyň bereketi bilen ews we hazrej tireleriniň arasynda, şonuň ýaly-da, ensar adyny alan bu iki dogan tire bilen muhajiriň arasynda, yslam dinine giren ähli tireleriň we uruglaryň arasynda duşmançylygyň, jynsparazlygyň ýerine gan doganlygyndan has arassa we ygtybarly bolan yslam gardaşlygygeldi. Kurany Kerimiň: وَاعْتَصِمُوا بِحَبْلِ اللَّهِ جَمِيعًا وَلَا تَفَرَّقُوا وَاذْكُرُوا نِعْمَةَ اللَّهِ عَلَيْكُمْ إِذْ كُنْتُمْ أَعْدَاءً فَأَلَّفَ بَيْنَ قُلُوبِكُمْ فَأَصْبَحْتُمْ بِنِعْمَتِهِ إِخْوَانًا وَكُنْتُمْ عَلَى شَفَا حُفْرَةٍ مِنَ النَّارِ فَأَنْقَذَكُمْ مِنْهَا كَذَلِكَ يُبَيِّنُ اللَّهُ لَكُمْ آَيَاتِهِ لَعَلَّكُمْ تَهْتَدُونَ= «Wagtesymuw bi-hablillähi jemiýgan we lä teferrakuw wezküruw nygmetallahi aleýküm iz küntüm agdääää-en fe-ellefe beýne kuluwbiküm fe-esbahtüm bi-nygmetihiýý yhwänen. We küntüm alä şefä hufretin minennäri fe-enkazaküm minhä. Kezelike ýübeýýinüllahü leküm äýätihi lagalleküm tehteduwne» (golaý manysy: «Hemmäňiz birlikde Allahyň dinine ýapyşyň we biri-biriňizden aýrylyşmaň. Allahyň size beren nygmatlaryny ýadyňyza salyň: siz bir wagt biri-biriňize duşman kişilerdiňiz. Siziň köňülleriňizi Ol birleşdiripdi we Onuň nygmatynyň saýasynda dost kişilere öwrülipdiňiz. Ýene siz dowzahyň otly çukurynyň gyrasynda durkaňyz,şol çukura ýykylmakdanhem Ol halas edipdi...»(«Aly Ymran» süresiniň 103-njiaýaty)) diýen mukaddes sözleri, ine, şuňawe şunuň ýaly beýik wakalara yşarat edýär.
2 Buharynyň başga bir rowaýatynda: «Yhramy bilen örtündi»; Müslimiň rowaýatynda-da: «Şol wagt Allahyň Resuly (s.a.w.) yhramyna bürendi» diýlendigine görä, ol çorylaryň aýdanlaryny eşitmedik bolup çykýar.
3 Ebu Bekr (r.a.) bu gezek, ýa Askalanynyň çak edişi ýaly, Allahyň Resuly (s.a.w.) öýüne baranyndan soň,öz gyzy Äşäni (r.a.) görmek üçin, ýa-da Aýnynyň çak edişi ýaly, çorylary edýän işlerinden ýüz öwürtmek üçin gelipdi. Mundan bir zenan äriniň ýanynda wagty,şol zenanyň kakasynyň onuň ýanyna girmäge hakynyň bardygy hakdaky höküm hem gelip çykýar.
4 «Mizmar we «mezmur» diýip, üflenip çalynýan her bir saz guralyna aýdylyşy ýaly, sesli okalan zada-da şeýle at berilýär. Çorylaryň ýanynda depden başga saz guraly bolmany üçin, bu ýerde «mizmar» diýip, sesli okalan şygyrlar göz öňünde tutulypdyr. Hezreti Ebu Bekriň (r.a.) bu mynasybetli öz gyzyny şol ýerde köteklemegi bir kakanyň gyzyny äriniň ýanynda köteklemäge, edep öwretmäge kanuny hukugynyň bardygyny görkezýär.
5 Buharynyň başga bir rowaýatynda: «Allahyň Resuly (s.a.w.) mübärek ýüzüni açdy»; ýene bir rowaýatda: «Bürenen yhramyndan mübärek başyny çykardy» diýlip, hemmesi-de bir manyny aňladýar. Rowaýatlardaky şunuň ýaly ownuk-uşak tapawutlardan çen tutup, wakany şeýle bir tertipde göz öňüne getirmek mümkin: Ebu Bekr (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şeýdip ýatanyny göreninden soň, tötänden gyzlaryň şygra hiňlenýändiklerini eşidip, aýdym aýtmak, saz çalmak ýaly zatlaryň gadagan edilendigini bileni üçin,Allahyň Resulyna (s.a.w.) derek olaryň edenini ýazgaryp, iň soňunda meseläni Allahyň Resulynyň (s.a.w.) özi çözüpdir.
6 Buharynyň başga bir rowaýatynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Ebu Bekr, her kowumyň öz baýramy bardyr. Bu hem biziň baýramymyzdyr»;başga bir rowaýatynda-da: «Ebu Bekr, olara zat diýme. Bu günler baýram günleridir» diýendigi beýan edilmek bilen, bu sözlerden oňa rugsat bermeginiň hikmeti aňlanylýar. Diýmek, toýlarda bolşy ýaly, baýramlarda-da şatlanmak diniň rugsat berýän däplerindendir. Hususanhem Buharynyň kitabyndaky bir rowaýatda: «Bu iki gyz mugannyýa, ýagny aýdyma hiňlenmegi senet we adat edinen gyzlarhem däldiler» diýlendiginden çen tutup, bularyň aýdymlarynyň ruhuňy heýjana salmak gorkusy ýokdy. Ibn Hybban hem Enesiň (r.a.) adyndan şeýle bir ygtybarly hadysy beýan edýär: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Medinä göçüp baran döwründe bu ýeriň halkynyň iki sany baýramy bardy. Şol baýram günlerinde oýunlar oýnalardy. Munuň şaýady bolanyndan soň, Allahyň Resuly (s.a.w.): «Allahü tagala size iki baýrama derek has haýyrlylaryny: remezan baýramy bilen gurban baýramyny bagyşlandyr»diýdi».
7 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şygra hiňlenmäge rugsat beren ýagdaýynda, hezreti Äşäniň (r.a.) çorulary daşaryk çykarmagy kakasyna bolan hormatynyň kämilligi bilen baglanyşyklydy.
8 Buharynyň kitabyndaky başga bir rowaýatda: «Hebeşiler metjitde tans edýärdiler»; Müslimiň kitabyndaky rowaýatda-da: «Gysga naýzalary bilen oýun oýnaýardylar» diýen goşmaça bar. Müslimiň kitabyndaky başga bir rowaýatda bolsa: «Birtopar hebeşi gelip, metjitde oýun oýnardy» diýilmeginden çen tutup, bu hebeşileriň hem metjidi-şerifde uruş-uruş oýnuny oýnandyklaryny we gysga naýzalar bilen hüjüm edenlerinde ýa-da gorananlarynda towsuşlarynyň tans edilişini ýa-da salandygyny, şonuň ýaly-da, bu oýny baýram günlerinde oýnamagyň olaryň adaty bolandygyny aňlamak bolýar. Ýöne Ibn Hybbanyň beýan eden rowaýatynda: «Hebeşileriň ilçileri geleninden soň, Metjidi-şerifde oýun oýnamaga başladylar» diýlip, bu beýanagörä, bu gelenleriň hijriniň ýedinji ýylynda Hebeşistandan gelen ilçiler toparydygyny we bu toparyň baýram günlerinde Medinä gelendigini aýdyp bolar. «SüneniEbu Dawut» kitabynda Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýata görä bolsa,hebeşiler Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Medinä ilkinji gezek gelmegine şatlanyp, gysga naýzalary bilen oýun oýnapdyrlar. Şol günüň baýram güni bolmagy bilen birlikde, baýramlardan has beýik bir baýramdygyna-da şübhe ýokdur. Bu rowaýatlaryň ikisiniňhem ygtybarly bolmagy Enesiň (r.a.) gürrüňini eden hebeşileriniň ilçi bolup gelen hebeşilerden başgadygyny görkezýär. Metjitde ýarag dakynmaga (281-nji hadysa seret) we oýun oýnamaga rugsat berilmese-de, hebeşileriň bu oýny aslynda oýunhem bolman, harby maşklardan başga zat däldir. Şonuň ýaly-da, şol gün olaryň ýanlary bilen ýarag alyp gelmekleriniň hiç kime zyýan bermändigi üçin, ol ýerde şunuň ýaly hereket etmeklerine ýol berlipdir.
9Nesaýynyň kitabynda hezreti Äşäniň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda: «Bir gohy we çaga seslerini eşitdim. Allahyň Resuly (s.a.w.) aýak üstüne galdy. Hebeşistanly bir zenan oýun oýnap, çagalarhem onuň daşyna üýşen borly. Allahyň Resuly (s.a.w.): «Äşe, gel-de,tomaşa et» diýdi» diýilýändigine bakylsa, onda bu oýna tomaşa etmegi ilki teklip eden Allahyň Resulynyň (s.a.w.) özi bolup çykýar. Şonuň ýaly-da, Nesaýynyň öz kitabynda hezreti Äşäniň (s.a.w.) adyndan beýan eden ygtybarly hadysynda-da: «Hebeşiler metjidi-şeribe girip oýun oýnadylar. Allahyň Resuly (s.a.w.) maňa: «Ýa Humeýra, olary synlamak isleýärsiňmi?»diýip sorady. Menhem: «Hawa» diýdim» diýmegi munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. «Humeýra» Allahyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan hezreti Äşä (r.a.) berlen lakamdyr. Ýöne Ibn Hajar Askalany: «Bu hadysdan beýleki ygtybarly hadyslaryň hiç birinde Humeýra sözüniň ulanylandygyna gabat gelmedim» diýýär. «MüsnediSerraç» atly kitapda Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda aýdylyşyna görä, hebeşiler Allahyň Resulynyň (s.a.w.) garşysynda towsuşyp, öz dillerinde käbir sözleri gaýtalapdyrlar. Allahyň Resuly (s.a.w.): «Bular näme diýärler?» diýip sorapdyr. Olaryň:«Muhammet gowy bir guldur» diýändikleri belli bolupdyr.
10 Musulmanlaryň enesi hezretleri, Müslimiň öz kitabynda beýan eden rowaýatyna görä: «Başymy mübärek egnine goýdum; başga bir rowaýatda: «Iki gulagy bilen egniniň aralygyndan seredýärdim»;ýene bir rowaýatda-da:«Eňegimi mübärek egniniň üstünde goýup, ýüzümi mübärek ýaňagyna degirdim»;manylary boýunça biri-birlerine ýakyn bolan bu rowaýatlaryň üstüni dolup hem(284-nji hadysa seret): «Öz ýapynjasy bilen meni örtýärdi» diýipdir. Hezreti Äşäniň (r.a.) soňky aýdan sözlerinden bu wakanyň hyjapaýaty ineninden soňraýüze çykandygy, Allahyň Resuly (s.a.w.) ilkinji gezek Medinä gelende oýun oýnan hebeşileriň bu ýerde gürrüňi edilýän hebeşiler däldigi belli bolýar. Şonuň ýaly-da, Allahyň Resuly (s.a.w.) mübärek göwresiniň hezreti Äşe enemizi (r.a.) görer gözden gizleýändigine garamazdan, ony ýeterlik hasaplaman, öz ýanynjasy bilenhem örtüpdir.
11 «Erfideogullary» («Benu-Erfide») hebeşi kowumynyň lakamydyr. Käbirleri Erfidäni hebeşileriň nesilbaşysynyň ady hasap edýärler.
12 Hezreti Äşe (r.a.) Müslimiň kitabyndaky bir rowaýatda: «Soňra tä özüm gidýänçäm,men sebäpli aýak üstünde durdy»; Buharynyň beýan eden başga bir rowaýatynda bolsa: «Tä ilki bolup özüm ýadaýançam» diýipdir. Nesaýynyň beýan eden rowaýatlarynyň birinde bolsa ol: «Henizem irmediňmi? Henizem irmediňmi?» diýdi. Menhem onuň maňa nähili sarpa goýýandygyny görkezmek üçin: «Ýok» diýmäge başladym» diýýär. Nesaýynyň beýan eden ýene bir rowaýatynda-da hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Men: «Ýa Allahyň Resuly, howlukma!» diýdim. Meniň sözüm üçin,ol ýene biraz durdy. Soňra: «Ýeterlik bolmazmy?» diýip sorady. Men ýene: «Howlukma!» diýdim. Muny diýýän wagtym mende hebeşileri synlamak islegi galmandy. Ýöne Allahyň Resulynyň (s.a.w.) meniň üçin aýaküstünde duruşy hakda musulmanlaryň eneleriniň beýlekileriniň-de eşidip, onuň ýanyndaky gadyr-gymmatymy bilmeklerini isledim».
Buhary bilen Müslimiň beýan eden rowaýatlarynda-da hezreti Äşe(r.a.): «Şol zaman men heniz çagadym. Oýny halaýan kiçi ýaşly bir çaganyň nämeler edip biljegini, baryň, çak ediberiň» diýýär.
Käbirleri bu wakanyň yslam dininiň ýaňy ýaýrap başlan döwürlerinde ýüze çykandygyny aýtsalarhem, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hezreti Äşäni (r.a.) ýapynjasy bilen örtmegi we musulmanlaryň enesiniň öz gündeşleriniň ýanynda öwünmek isländigini aýtmagy,onuň has soňky döwürde, iň bolmanda hyjapaýatynyň inmeginden soňraýüze çykandygyny görkezýär. Hezreti Äşe (r.a.) bu işleri çagalyk höwesine maýyl bolup edendigini habar berýär. Eger bu hebeşileriň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelen ilçiler toparyna degişlidikleri ykrar ediljek bolunsa, onda bu waka hijriniň ýedinji ýylynda ýüze çykan bolup çykar we hezreti Äşe-de (r.a.) şol döwürde, öz aýdyşy ýaly, çagajyk bolman, on bäş ýaşyndaky bir hanym bolardy.
Derwüşleriň saz çalmagyň bolýandygyny subut etmek üçin delil hökmünde ulanýan hadysy, ine, şu hadysdyr. Aýdymyň ýanyndan çalynýan saz, şonuň ýaly-da, sözsüz ýerine ýetirilýän saz barada alymlar köp jedel edipdirler. Kimi onuň haramdygy hakda alymlaryň bir pikire gelendiklerini aýtsa, kimi oňa rugsat berilýändigi barada bir pikire gelnendigini aýdypdyr. Köp alymlar bolsa meseläni jikme-jik beýan edipdirler. Bu barada inşallah yzda ýörite durlup geçiljek. Ýöne toýlarda, baýramlarda dep çalmagyň mubah hasap edilmegi ud we gyjak ýaly beýleki saz gurallaryny çalmagyňhem şeýledigini aňlatmaýar.