376 Kamat bilen tekbiriň aralygynda gürleşmek meselesi hakda. Hanefi mezhebiniň alymlaryna görä, bu mekruwhdyr

Başy » AZAN KITABY » 376 Kamat bilen tekbiriň aralygynda gürleşmek meselesi hakda. Hanefi mezhebiniň alymlaryna görä, bu mekruwhdyr

     عَنْ أَنَسٍ رَضِي الله عَنْهُ قالَ: أُقِيمَتِ الصَّلاَةُ ، والنَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يُنَاجِي رَجُلاً في جَانِبِ الْمَسْجِدِ ، فَمَا قامَ إلَى الصَّلاَةِ حَتَّى نَامَ الْقَوْمُ.

 

         Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek ýassy namazyny1okamak üçin kamat getirileninden soňra-da,Allahyň Resuly (s.a.w.) metjidiň bir böwründe biri bilen2ýuwaşja gürleşmegini dowam edýärdi. Ol namaza duran wagty, hatda, jemagatyň bir topary eýýäm uklamaga-da ýetişipdi»3.

 

1Bu namazyň ýassy namazydygy Müslimiň kitabyndaky rowaýatda açyk bildirilýär.

2Allahyň Resulyny (s.a.w.) güýmän bu adamyň ady belli däl. Onuň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) yslam ýoluna salmak islän bir kowumynyň ýolbaşçysydygyny aýdýanlar bar bolsa-da, oňa delil ýok. Tefsirçi Aýny onuň, Enesiň gözüne adam sypatynda görnen, bir perişde bolmagynyň mümkindigi hakyndaky pikiri öňe sürýär.

3Buharynyň başga bir rowaýatynda: «Soňra ýerinden turup, namaz okatdy» diýen goşmaça bar. Bu hadys: «Kadkametissalah» diýleninden soňrabaşlangyç tekbiri almagyň ymam üçin wajypdygyny aýdýanlara garşy çykýar. Bu hadys,bir degerli sebäbe görä,ymamyň kamat getirileninden soňragaraşyp biljegine delil bolmak bilen birlikde,kamat bilen başlangyç tekbiriň aralygynda sözleşmegiň bolýandygyny hem görkezýär.

            Hanefi mezhebiniň alymlarynyň pikirinegörä, bir zerurlyk ýüze çykaýmasa, kamat bilen tekbiriň aralygynda gürleşmek mekruwhdyr.