375 Kamat getirilip, ymam aýaga galkmazyndan öňürti jemagatyň aýak üstüne galkmaly däldigi hakda. Namaz okamak üçin jemagatyň aýaga galkmaly wagty we bu babatda alymlaryň aýdany

Başy » AZAN KITABY » 375 Kamat getirilip, ymam aýaga galkmazyndan öňürti jemagatyň aýak üstüne galkmaly däldigi hakda. Namaz okamak üçin jemagatyň aýaga galkmaly wagty we bu babatda alymlaryň aýdany

وَعَنْهُ رَضِي الله عَنْهُ ، قَالَ: قَالَ رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: (إذَا أُقِيمَتِ الصَّلاَةُ فَلاَ تَقُومُوا حَتَّى تَرَوْنِي).

 

       Ýene Ebu Katada (HarysibnRybyý Ensary)(r.a.)şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Namaz okamak üçin kamat getirileninden soň, meniň öz hüjrämden çykandygymy görýänçäňiz,ýeriňizden turmaň, rahat oturyň» diýdi»1.

 

1Jemagatnamaz okamak üçin haçan aýak üstüne galmaly? Ymam Mälik «Muwatta» atly kitabynda: «Namaz okamak üçinkamat getirileninden soňra jemagatyň haçan aýak üstüne galmalydygynyň belli bir çäginiň kesgitlenendigini eşitmedim. Şonuň üçinhem men: «Bu adamlaryň takadyna baglydyr» diýýärin. Olaryň arasynda haýal deprenýäni hem bolýar, ýeňil gopýany hem bolýar» diýipdir. Omar ibn Abdyleziz hem şu pikirde bolupdyr.

            Ebu Hanife görä,azançy: «Haýýe alessalah» diýende aýaga galkylar we: «Kadkametissalah» diýende-de ymam tekbir alýar. Çünki,ymam şerigaty dogry ýerine ýetirijidir. Azançy namazyň başlanandygyny bu söz arkaly habar bereninden soň, ymamyň ony tassyklamagy wajyp bolýar.Şapygy bilen Ebu Ýusuba görä, azançy kamat getirmegini tamamlaýança,ymamyň ýerinden turmazlygy mustahapdyr. Mäligiň adyndan aýdylýan bir rowaýata görä, azançy kamat getirip bolanyndan soňranamaza başlamak sünnetdir. Ahmet ibn Hanbala görä, ymam azançy: «Kadkametissalah»diýeninden soňraýerinden turmaly. Züfere görä, azançy birinji gezek: «Kadkametissalah» diýende, hemmeler aýak üstüne galmaly. Ikinji gezek şeýle diýende bolsa,hemmeler tekbir almaly. Ymam metjitde bolmadyk ýagdaýynda, alymlaryň esasy köplüginiň pikirine görä, onuň gelenini görýänçä, jemagat oturan ýerinden gozganmaly däl. Olar beýle diýmek bilen, şu hadysy delil tutunýarlar. Jabyr ibn Semuräniň ady bilen baglanyşdyrylýan rowaýatda-da: «Bilal gün ortadan agan badyna azan aýdardy-da, Allahyň Resuly (s.a.w.) hüjresinden çykýança,kamat getirmezdi. Ymam çykan wagty kamat getirerdi» diýilmegi hem şony tassyklaýar. Ýöne Ebu Hüreýräniň başga bir ygtybarly ýol bilen gelip ýeten hadysynda (195-nji hadys) Allahyň Resuly (s.a.w.) hüjresinden çykmanka,namaz okamak üçin kamat getirilendigi, saplaryň düzeldilendigi barada habar berilýändigine görä, rowaýatlaryň arasynda gapma-garşylygyň bardygyny boýun almaly bolýar. Ýöne, bu gapma-garşylygy aradan aýryp, bu iki hadysdaky maglumatlary ylalaşdyrmak hem kyn däl. Mysal üçin, şeýle bir ýagdaýyň ýüze çykan bolmagy mümkin. Bilal, öz wezipesine laýyklykda, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öz hüjeresinden çykanyny hemmelerden öňürti görüp, beýleki sahabalaryň ony görmezlikleri bolupbiläýjek zat. Ýa-da onuň hüjresinden çykanyny az sanly sahaba görüp biler. Ol hüjresinden çykan badyna Bilalyň kamat getirmegi bilen nämäniň-nämedigini aňşyrmadyk jemagatyň Allahyň Resulyny (s.a.w.) görmän,aýak üstüne galyp, olar sap aralaryny düzeldýänçäler,Allahyň Resulynyň hem(s.a.w.) öz ýerine baryp ýetişmedik bolmagy hem daş däl. Ondan başga-da,Ebu Dawudyň kitabynda Ebu Hüreýräniň adyndan beýan edilen ýene bir rowaýathem bar. Onda: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okatmagy üçin namaza kamat getirilerdi-de, adamlar Allahyň Resuly (s.a.w.) gelmezinden öň saplarynda durardylar» diýilýär. Bu ýagdaý hem bir degerli sebäp bilen baglanyşyklylykda, ýa-da şeýle etmäge rugsat berilýändigini aňlatmak üçin,birki gezek ýüze çykyp biler. Şondan soňra Allahyň Resuly (s.a.w.): «Meni görýänçäňiz,ýeriňizden turmaň»diýip, beýle etmegi onuň gadagan eden bolmagy hem mümkin.