374 Jemagat namazyna ýetişmek üçin howlugyp ýöremän, agras we salykatly ýöremelidigi hakda. Jemagat namazynyň başyna wagtynda ýetişmedik kişileriň ýagdaýy

Başy » AZAN KITABY » 374 Jemagat namazyna ýetişmek üçin howlugyp ýöremän, agras we salykatly ýöremelidigi hakda. Jemagat namazynyň başyna wagtynda ýetişmedik kişileriň ýagdaýy

   عَنْ أَبِي قَتَادَةَ رَضِي الله عَنْهُ قالَ: بَيْنَمَا نَحْنُ نُصَلِّي مَعَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، إذْ سَمِعَ جَلَبَةَ رِجَالٍ ، فَلَمَّا صَلَّى قالَ: (مَا شَأْنُكُمْ ؟). قَالُوا: اسْتَعْجَلْنَا إلَى الصَّلاَةِ ، قَالَ: ( فَلاَ تَفْعَلُوا ، إذَا أَتَيْتُمُ الصَّلاَةِ فَعَلَيْكُمْ بِالسَّكِينَةِ ، فَمَا أَدْرَكْتُمْ فَصَلُّوا ، وَمَا فَاتَكُمْ فَأَتِمُّوا).

 

       Ebu Katada Harys ibn Rybyý Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek biz Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde namaz okaýardyk. Allahyň Resuly (s.a.w.) bir topar adamyň howsalaly seslerini eşitdi. Ol namaz okadyp bolanyndan soň, olardan: «Size näme boldy?» diýip sorady. Olar: «Namaza ýetişjek bolup, howlukdyk» diýdiler.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Beýle etmäň.Namaza gelýärkäňiz salyhatlylygyňyzy we rahatlygyňyzy ýitirmäň. Howlukman ýöräň1. Namazaýetişen ýeriňizden başlap, ymam bilen birlikde okarsyňyz. Okap ýetişmedik ýeriňizi-de (rekagatlaryňyzy-da) özbaşdak tamam edersiňiz»2diýdi».

 

1Ebu Hüreýräniň(r.a.)adyndan gürrüň berlen bir hadysda-da: «Kimdekim jemagat namazyny okamagy niýet edinip,ýola düşse, howlukman ýöresin, çünki,ol şondan başlap, namaz okaýan hasapdyr. Ol ýetişen ýerinden namazy ymam bilen bile okasyn, okap ýetişmedik bölegini-de soňra ýeke özi kaza etsin» diýlipdir.

2Diýmek, iftitah (başlangyç) tekbirini terk etmek gorkusy bolsa-da, bolmasa-da, ýagny,islendik ýagdaýda jemagat namazyna howlukman gitmek zerur bolup çykýar. Bu hadysy-şeribiň käbir nusgalarynda «tamam», käbir nusgalarynda-da «kaza»sözi ulanylypdyr. «Tamam edersiňiz» diýilýän rowaýatlar has ygtybarly hasap edilýän hem bolsalar, «kaza ediň» diýilýän rowaýatlar hem ygtybarlydyr. Ýöne alymlaryň arasynda bu iki aňlatmanyň manysynyň birmeňzeşdigi ýa-da birmeňzeş däldigi barada dürli pikirler ýüze çykyp, bu jedeller iň soňunda ymama gijä galyp ýetişen adamyň namazynyň onuň özi tarapyndan özbaşdak okalan böleginiň namazyň başydygy ýa-da ahyrydygy hakdaky meselä syrygypdyr. Alymlaryň esasy köplüginiň pikirine görä, bu iki aňlatmanyň şol bir manysy bolup, bu aňlatmalar arkaly namazyň ýetmeýän böleginiň okalmalydygy aňladylýar. «Kaza» sözi terk edilen namazy okamagy aňlatmak bilen bir hatarda, ýerine ýetirmek manysyny hem berip bilýär. Şeýlelik bilen, gijä galyp ymama ýetişen adamyň namazynyň ymama uýup okan bölegi namazyň başy, özbaşdak okan bölegi-de onuň ahyrydyr. Ilkinji rekagatlara ýetişmedik adam ymam salam bereninden soňra namazyň ahyrky bölegini okaýan adam bolýar. Onuň namazyň ahyrky bölegini okaýandygynyň iň uly alamaty-da ymam bilen birlikde okan teşehhüdini gaýtadan okamagydyr. Şeýlelik bilen, ol tamam eden rekagatlarynda «Fatiha»süresini okap, yzyna zammy süre-degoşar. Emma sesli okalýan namazlarda şol süreleri içinden okar.Hanefi mezhebiniň alymlary bolsa «kaza etmek» aňlatmasyny esas edip almak bilen, gijä galyp ymama ýetişen adamyň kadaýy-ahyrany(ahyrkyoturyşy) namazyň soňy hökmünde kaza etmek bilen birlikde, kyragaty namazyň başky rekagatlarynda okalyşy ýaly edip kaza etmelidigini aýdýarlarhem-de namaz okaýan adamyň şol rekagatlary daşyndan okap biljekdigini nygtaýarlar. Kunut dogasy babatda aýdylanda bolsa, bu alymlar onuň namazyň başynda okalmaýandygynygöz öňünde tutup, ony terk etmegi makul bilýärler.

            Ebu Hüreýre: «Terk edeniňizi soňra tamam edersiňiz» emrine bakybrak, ymamarukuwda ýetişenkişiniň şol okanrekagatynyň hasaba alynmajakdygyny aýdypdyr. Onuň pikirine görä, beýle bolanda,şol rekagata degişli kyýam bilen kyragat terk edilýär. Şapygy mezhebiniňhapyzalymlaryndan Ibn Hüzeýme bilen Dubaýy hem şonuň ýaly pikir edýärler. Sübki-de bu düşünjäni goldapdyr. Ýöne bularyň pikiri alymlaryň esasy köplüginiň pikirine garşydyr. Sebäbi bir gezek,namaza ýetişmek üçin saplaryň yzynda ýeke özi durup,ymama uýup, rukuwabaranEbu Bekrä(r.a.)ýüzlenip,Allahyň Resuly (s.a.w.): «Allahü tagala seniň yhlasyňy artdyrsyn. Ýöne, gaýdyp beýle etme»diýipdir we bu rekagaty täzeden okamagyemr etmändir.