373 Sowuk we ýagmyrly zamanlarda her kimiň duran-duran ýerinde namaz okap biljekdigi hakda. Azan bilen kamatyň sözleriniň arasyna söz goşmak hakda alymlaryň aýdany

Başy » AZAN KITABY » 373 Sowuk we ýagmyrly zamanlarda her kimiň duran-duran ýerinde namaz okap biljekdigi hakda. Azan bilen kamatyň sözleriniň arasyna söz goşmak hakda alymlaryň aýdany

    عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِي الله عَنْهُمَا: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ كانَ يَأْمُرُ مُؤَذِّناً يُؤَذِّنُ ، ثُمَّ يَقُولُ عَلَى إثْرِهِ: ( أَلاَ صَلُّوا في الرِّحَالِ ). في اللَّيْلَةِ الْبَارِدَةِ ، أَو الْمَطِيرَةِ في السَّفَرِ.

 

       (Abdylla)ibn Omar (Allahü tagala olaryň ikisindenhemrazy bolsun!) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) saparda wagty sowuk ýa-da ýagyşly gijelerde azança azan aýtmagy,yzyndanhem: «Habardar boluň, namazlaryňyzy duran-duranýerleriňizde okaň»diýip yglan etmegi buýruk bererdi»1.

 

1Buharyda bu rowaýatyňbir sözbaşysy bar. Onda Ibn Omaryň azat eden guly Nafyşeýle diýýär: «Ibn Omar (r.a.) Dajnandawagty bir sowuk gijede azan aýtdy. Soňra: «Habardar boluň, namazlaryňyzy duran-duranýerleriňizde okaň» diýdi. Has soňrak hem bize bir wakany gürrüň berdi, ýagny... (yzy şu hadysdaky ýaly)».

            Dajnan Medinäniň günortasynda Mekgä gidilýän ýoluň ugrunda, başga bir maglumata görä bolsa, Medineden ýigrimi bäş mil uzaklykda ýerleşýän ýeriň adydyr.

            Müslimiň kitabyndaky şuňa meňzeş rowaýatlaryň käbirinde bu wakanyň käte ýagyşly sowuk gijede, käbirinde bolsa ýelli sowuk gijede bolup geçendigi aýdylýar. Buhary bilen Müslim tarapyndan Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen bir rowaýata görä, ol ýagyşly bir juma gününde hutba okamak üçin çykanda,azança (käbir rowaýata görä, azan aýdyp durka, käbir rowaýatlara görä bolsa,azana ýaňy başlanda): «Haýýe alessalah» diýilýän ýerine gelende, beýle diýmegiňýerine: «Habardar boluň, namazlaryňyzy duran-duran ýerleriňizde okaň» diýmegi buýrupdyr. Bu buýruk şol ýerdäki jemagata ýaraman,olar biri-birleriniň ýüzüne soragly bakypdyrlar. Ibn Apbas bolsa olara: «Siz muňa geň galýarsyňyzmy? Menden haýyrly bolan bir adam, ýagny, Allahyň Resuly (s.a.w.) hem şeýle edipdir. Juma namazy parzdyr (ýagny, oňa: «Haýýe alessalah» («Namaza howlugyň!») diýlip çagyrylsa, şol çakylyga gelmek parz bolar). Men bolsa sizi öýüňizden çykaryp, batga, hapa ýerlerden ýöretmek, (Buhara görä:«Dyzlaryňyza çenli batga batyryp, günä sokmak») islemedim» diýipdir (389-njyhadysa-da seret).

            Ibn Omaryň habar beren bu hadysy saparda ýüze çykan ýagdaý bilen baglanyşykly, Ibn Apbas bilen baglanyşykly waka bolsa parahatçylykly günlerde we juma gününde ýüze çykypdyr.

            «Habardar boluň! Namazlaryňyzy duran-duran ýeriňizde okaň!» diýip yglan etmäge şerigat boýunça haçan rugsat berilýär? Bu babatda parahatçylykly döwür bilen saparyň arasynda parhyň ýokdugy hakynda öň gürrüň edilipdi. Rowaýatda sowuk, ýagyşly gije, güýçli ýelli gije diýilýändigine görä, beýle ýagdaýlaryň her biriniň jemagatdan bölünmek üçin sebäp bolup biljekdigi aňlanylýar. Hatda Buharynyň kitabynytefsir eden Ibn Battal bu babatda alymlaryň hemmesiniň bir pikirde bolandyklaryny hem aýdýar. Ýöne, şapygy mezhebiniň alymlary diňe güýçli ýeliň gije mahaly jemagatdan bölünmäge sebäp bolup biljekdigini aýdýarlar hem-desowukdyr ýagşyň gije-gündiziň dowamynda şeýle etmäge sebäp bolup biljekdigi bilen ylalaşýarlar.

            Buhary Ibn Apbasyň gürrüň beren hadysyny käte azanyň arasynasöz gatmakbolýandygyny, käte, mejbur bolnan ýagdaýynda,jemagata gelmezlige rugsat berilýändiginihabar bermek üçin: «Habardar boluň! Namazlaryňyzy duran-duranýeriňizde okaň» diýip yglan etmek bolýandygyny bildirmek üçin ulanýar. Buharynyň öz kitabyna girizen bu rowaýatyna görä, Ibn Apbas hezretleri: «Haýýe alessalah» diýmegiň ýerine,şol sözleri aýdan bolup çykýar. Buhary şoňa esaslanyp, azana başga söz gatmaga rugsat berilýändigine yşarat edýär. Hususanhem,ol Süleýman ibn Suradyň (r.a.) azanyň arasynda gürleşendigini we Hasan Basrynyň azan ýa-da kamat aýdylanda gülmekdenzyýan gelmejekdigini aýdandygyny beýan etmekbilen, öz pikirini tassyklamak isleýär. Hasan Basry,Ahmet ibn Hanbal,Urwa ibnZübeýr,Katada, Ata ibnEbu Rebah ýaly alymlarhem, Buharynyň kitabyndaky 389-njyhadys bilen baglanyşyklylykda, azanyň arasyna söz gatmaga rugsat beripdirler. Nahaýy, Ibn Sirin we Ewzaýy ýaly alymlar muny mekruwh hasaplapdyrlar. Söwrä görä bolsa,ol gadagandyr.

            Ebu Hanife, Ebu Ýusup we Muhammet üçüsine görä, hilafi-ewladyr (iki sany gapma-garşylygyň has gowusydyr). Şapygynyň mezhebine uýan alymlara görä, azsöz aýtmaga rugsat berilse-de,köp sözlemäge rugsat berilmeýär. Mäligiň mezhebiniň alymlarynyň pikirine görä,beýle etmek gadagandyr. Ýöne, geplemäge mejbur etjek bir möhüm buýruk ýüze çyksa, gepläp bolar. Yshak ibn Rahuýa azanyň arasynda namaz bilen baglanyşygy bolmadyk sözi aýtmagy mekruwh hasaplaýar. «Habardar boluň, namazlaryňyzy duran-duranýerleriňizde okaň» diýip yglan etmek «Haýýe alessalah» we «Haýýe alelfeläh» jümleleriniň ýerinitutupbilermi?Ol sözler azanyň arasynagoşularmy ýa-da azan aýdylyp bolnandan soňrayglan edilermi? Ibn Omaryň we Ibn Apbasyň ýokardaky hadyslary biri-birine gapma-garşy we ikisi-de ygtybarly bolany üçin,haýsyny etseňhem bolar. Mysal üçin, Şapygy «El-Ümm»atly kitabynda muny açyk düşündirýär. Olaryň ikisi hem Allahyň Resulynyň (s.a.w.) emridir. Ýöne, azan aýdylyşynyň tertibini bozmazlyk üçin,bu bildirişiň azanyň soňuna galdyrylmagy has gowudyr.