372 Sapara çykan iki adamyň ýoldakalar namaz wagty girende azan we kamat aýtmalydyklary, ýaşy ulusynyň hem ymam bolmalydygy hakda

Başy » AZAN KITABY » 372 Sapara çykan iki adamyň ýoldakalar namaz wagty girende azan we kamat aýtmalydyklary, ýaşy ulusynyň hem ymam bolmalydygy hakda

   وَعَنْهُ رَضِي الله عَنْهُ في رِوَايَةٍ: أَتَى رَجُلاَنِ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يُرِيدَانِ السَّفَرَ ، فَقَالَ النَّبِيُّ صلي الله عليه وسلم: ( إِذَا أَنْتُمَا خَرَجْتُمَا ، فَأَذِّنَا ، ثُمَّ أَقِيما ، ثُمَّ لِيَؤُمَّكُمَا أَكْبَرُكُمَا).

 

       Ýene MälikibnHuwaýrys ibnEşýem Leýsi başga bir gezek şeýle diýipdir: «Iki adam1sapara gitmegi niýet edinip, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna hoşlaşmaga geldiler. Allahyň Resuly (s.a.w.) olara: «Bu ýerden çykanyňyzdan soňraher namazyň wagty girende,azan aýdyň. Soňra kamat getiriň2. Soňra ulyňyz ymam bolsun»diýdi»3.

 

1Bu iki adamyň biri rowaýatçynyň özüdir, beýlekisi-de onuň dostudyr. Mysal üçin,Buharynyň«Jihat kitabynda»: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyndan bir dostum bilen birlikde çykdym» diýilýär.

2Bu:«Biriňiz azan aýtsyn, beýlekiňiz onuň çagyryşyny kabul etsin» diýmekdir. «Her biriňiz aýry-aýrylykda azan aýdyň» diýmek däldir.

3Bu iki hadysdan azanaýtmakbilen jemagat bolup namaz okamagyň ýolagçylara-da degişlidigi we bir adamyň aýdan azanynyň bir jemagat üçin ýeterlikdigi mälim bolýar. Şäher uly bolup, onuň taraplary biri-birinden daşda ýerleşýän bolsa, onda azan birnäçe gezek aýdylyp bilner. Şapygy «Kitabül-Ümm» diýen eserinde: «Bir azançynyň beýleki azançydan soňraazan aýtmagyny gowy görýärin. Ýöne köp sanly azançynyň hemmesiniň birlikde azan aýtmaklaryny gowy hasaplamaýaryn. Eger metjit has uly bolsa, her bir azançy öz töweregindäkiler üçin azan aýdar» diýýär. Alymlaryň esasy köplügi mysapyryň azan aýtmagynyň mustahapdygy bilen ylalaşýarlar. Diňe Ata, Müjähit we Dawut Zahyry ony parz hasaplaýarlar. Müjähit hem bu hadyslardaky emriň kesgitlidigini göz öňünde tutup: «Bir adam kamat aýtmagy unutsa, namazy täzeden okar» diýipdir. Mäligiň meşhur düşünjesine görä, azan aýtmak mysapyr üçin mustahap bolsa-da, onuň bilen baglanyşykly başga bir rowaýata görä, namaz azansyzokalsa, ol soňra gaýtadan okalar. Alyibn Ebutalyp (r.a.), Urwa, Söwri, Nahaýy ýalyalymlaryňbir topary: «Namaz okaýanyň saýlamaga haky bar. Azan bilen kamaty islese aýdar»; Mekhuwl, Hasan Basry, Kasym ibn Muhammet ýaly alymlaryň bir topary hem: «Kamat aýtmak ýeterlikdir» diýipdirler. Abdullah ibn Omar (Allahü tagala olaryň ikisindenhem razy bolsun!) saparda bolanda,ertir namazyndan öň azanhem, kamathem aýdyp, beýleki dört namazdan öňhem diňe kamat aýdar eken.