371 Oturymly ýeriňde we saparda mahalyň namazyň wagty girende azan aýtmalydygy, kamat getirmelidigi we iň uly ýaşlynyň ymamlyk etmelidigi hakda
عَنْ مَالِكِ بْنِ الحُوَيْرِثِ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: أَتَيْتُ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ في نَفَرٍ مِنْ قَوْمِي ، فَأَقَمْنَا عِنْدَهُ عِشْرِينَ لَيْلَةً ، وَكَانَ رَحِيماً رَفِيقاً ، فَلَمَّا رَأَى شَوْقَنَا إلَى أَهَالِينَا ، قالَ: ( ارْجِعُوا فَكُونُوا فِيهِمْ ، وَعَلِّمُوهُمْ ، وَصَلُّوا ، فَإذَا حَضَرَتِ الصَّلاَةُ فَلْيُؤَذِّنْ لَكُمْ أَحَدُكُمْ ، وَلَيَؤُمَّكُمْ أَكْبَرُكُمْ ).
Mälik ibn Huwaýrys (ibn Eşýem Leýsi) (r.a.) şeýle diýipdir: «Kowumymdan bäş-on kişi bilen birlikde Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelipdim1. Onuň ýanynda ýigrimi gün galdyk. Allahyň Resuly (s.a.w.) möminlere rehimlidi. Onda dogabitdi ýumşaklykbardy. Çagalarymyzy we aýallarymyzy göresimiziň gelýändigini bileninden soň, olbize:«Derrew öz maşgalalaryňyzyň arasyna dolanyň. Ýanlarynda boluň. Olara yslam dinini öwrediň. Meniň okaýşym ýaly edip, olara namaz okadyň2. Namaz wagty girende,araňyzdan biri siziň üçin azan aýtsyn. Iň ulyňyzhem size ymam bolsun»3diýdi».
1Buharynyň başga bir rowaýatynda: «Ýaşymyz boýunça deň-duş ýetginjeklerdik» diýen goşmaça bar.
2 372-nji, 393-nji hadyslara-da seret.
3Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda Ebu Mesgut Bediriniň adyndan beýan edilen rowaýatda Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Bir kowumyň içinde Allahyň Kitabyny iň köp okap, ýat tutan, Kuran okamaga iň öňürti başlan adam bar bolsa, kowuma şol ymam bolsun. Kuran okamaga deň başlan bolsalar, onda kim has öňürti hijret eden bolsa, şol ymam bolsun. Hijret eden wagtlary hem deň bolsa, iň ýaşulysy haýsy bolsa, şolhem ymamlyk etsin»diýendigi aýdylýar. Mälik ibn Huwaýrysyň (r.a.) rowaýatynda:«Iň ulyňyzhem size ymam bolsun»diýilmegi bu gelen toparyň wekilleriniň hemmesiniň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) huzurynda ýigrimi gün galandyklary we şoňa laýyklykda Kuran öwrenmek babatda aralarynda tapawut bolmandygy, hijrete-de bir günde başlandyklary sebäplidir. Onsoň diňe ýaş tapawutlaryny göz öňünde tutaýmak galýar.