370 Azan bilen kamatyň aralygynda meýletin okalýan bir namazyň bardygy hakda. Azan bilen kamatyň arasyna salynmaly wagt hakda. Bu babatda fykyhçy alymlaryň pikiri. Agşam namazyndan öň nepil namazynyň okalmagy barada fykyhçy alymlaryň jedeli

Başy » AZAN KITABY » 370 Azan bilen kamatyň aralygynda meýletin okalýan bir namazyň bardygy hakda. Azan bilen kamatyň arasyna salynmaly wagt hakda. Bu babatda fykyhçy alymlaryň pikiri. Agşam namazyndan öň nepil namazynyň okalmagy barada fykyhçy alymlaryň jedeli

عَنْ عَبْدِ الله بْنِ مُغَفَّلٍ المُزَنِي رَضِي الله عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قالَ: (بَيْنَ كُلِّ أَذَانَيْنِ صَلاَةٌ – ثَلاَثاً - لِمَنْ شَاء).

 وَفِي رِوَايَة: ( بَيْنَ كُلِّ أَذَانَيْنِ صَلاَةٌ ، بَيْنَ كُلِّ أَذَانَيْنِ صَلاَةٌ ). ثُمَّ قالَ في الثَّالِثَةِ: (لِمَنْ شَاءَ).

 

Abdullah ibn Mugaffal Müzeni (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) üç gezek: «Her iki azanyň (ýagny, azan bilen kamatyň) arasynda meýletin okalýan bir namaz bar» diýdi»1.

Ýene Abdullah ibn Mugaffaldan gaýdan başga bir rowaýatda-da Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Her iki azanyň arasynda bir namaz bar,her iki azanyň arasynda bir namaz bar»diýeninden soňra üçünjisinde: «Isleýän üçin» diýip, sözüniň üstüne goşandygy aýdylýar2.

 

1Buhary bu hadysy azan bilen kamatyň arasyna näçe wagt salmagyň zerurdygyny bildirmek üçin öz kitabyna girizipdir. Bu sözlerden görnüşine görä, şol ikisiniň arasyna bir namaz okap bolaýjak wagt salmak gerek. Bu şol wagtyň içinde jemagatyň namaza taýýarlanyp, täret alyp, jemlenip bilmekleri üçin zerurdyr.

            Bu wagt aralygynyň näçe wagtlap dowam edýändigi hakynda alymlaryň arasynda dürli pikirler bar:

1)      Iýip-içýänler iýip-içip biljek, täreti bozulanyň täret alyp biljek wagt aralygy;

2)      Kamatdan öň iki ýa-da dört rekagat namaz okap bolaýjak wagt aralygy;

3)      On aýat okap bolaýjak wagt aralygy;

4)      Tahawa görä, kamat iki rekagat namaz okap, her rekagatda on aýat okap bolaýjak wagt geçeninden soňraaýdylmalydyr. Bu dört namazyň wagty babatda şeýledir. Agşam namazynyň azanyndan soňrabolsa şonça wagtlap garaşmak mekruwhdyr. Onda ýeňil sekte (togtaýyş) atlandyrylýan wagt garaşylýar. Bu sektäniň dowamlylygy barada-da dürli pikirler bar:

1)      Üç gysga, ýa-da bir uzyn aýat okap bolaýjak wagt aralygy;

1)Ebu Hanife görä, üç ädim ädip bolaýjak wagt aralygy;

2)      Iki ymama görä, iki hutbanyň aralygynda oturylýan wagtyň dowamlylygy ýaly wagt aralygy;

3)      Şapygybilen Ahmet ibn Hanbala görä, iki rekagat namaz okap bolaýjak wagt aralygy.

2Buhary bu ikinji rowaýaty-da azan bilen kamatyň arasynda bir nepil namazyny, ýa-da wagt sünnetini okap boljakdygyny aňlatmak üçin öz kitabyna girizipdir. Agşam namazyndan beýleki wagt namazlarynyň parzyndan öň nepil we sünnet namazlaryny okap boljakdygy şübhesizdir. Diňe agşam namazyndan öň nepil namazyny okap boljakdygy ýa-da bolmajakdygy barada şerigatçy alymlaryň arasynda dürli pikirler bar. Bu namazy mustahap hasaplanlar şu hadyslary we ýene Buharynyň Enes ibn Mäligiň (r.a.) adyndan beýan eden: «Azançy azan aýdyp bolanyndan soň, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sahabalarynyň köpüsi howlukmaçlyk bilen sütünlere tarap dogry durup, namaz okardylar. Allahyň Resuly (s.a.w.) metjide girip, olaryň agşam namazynyň parzyndan öň okalýan iki rekagat namaz okamak bilen meşguldyklaryny görerdi. Ikisiniň (ýagny, azan bilen kamatyň) arasynda-da uzak bir zat ýokdy» diýen hadysy delil tutunýarlar. Bu hadysyň Müslimiň kitabyndaky nusgasynda: «Nätanyş adam gelerdi-de,bu iki rekagatnamazy okaýanlaryň köplüginden ýaňa parz namazy okalýarmyka öýderdi» diýen goşmaça-da bar.

            Agşam namazynyň wagtyny azaldar öýdüp, bu iki rekagat namazyň mustahap däldigi bilen, hatda kerahetdigi bilen ylalaşýanlar Darakutny bilen Beýhakynyň «Sünen» atly kitaplarynda Büreýde ibn Husaýp Esleminiň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysy delil tutunýarlar. Bu hadyshem Abdullah ibn Mugaffalyň (r.a.) adyndan şu tekstdebeýan edilen hadysyň birnusgasydyr. Diňe onuň soňunda: «Agşam namazyndan başga» diýen söz düzümi bar. Bu rowaýata görä, agşam namazynyň wagtyndan başga wagtlarda her iki azanyň arasynda iki rekagat namaz okalypdyr.

            Allahyň Resulynyň (s.a.w.) zamanasynda agşam namazynyň azany bilen agşam namazynyň parzynyň aralygynda iki rekagat namaz okalandygy hadyslaryň birinji toparyndan belli bolýar. Bu babatda sahabalaryň hereketiniň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) makullamagyna mynasyp bolmagy, şol namazyň mustahapdygyna şaýatlyk edýär. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu namazy okamazlygy (ýa-da Darakutnynyň rowaýatyna görä, okamagy) onuň mustahapdygyny ret etmez. Ol onuň diňe hökmany okalýan sünnet namazy däldigini görkezýär. Mysal üçin, Ahmet ibn Hanbal bilen Yshak ibn Rahuýa we hadysçy alymlaryň köpüsi bu ikirekagatyň mustahapdygy bilen ylalaşýarlar.

            YzdaIbn Omaryň (r.a.) adyndan beýan ediljek rowaýatlarda onuň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) zamanasynda bu namazy bir kişiniňhem okanyny görmändigi, dört çaryýarlar bilen köp sanly sahabalaryňhem bu namazyokamandyklary aýdylýar. Mälik bilenŞapygy hem şu pikirdedir. Hanefi mezhebiniň alymlary bolsa bu iki rekagat namazyň kerahetdigi bilen ylalaşýarlar. Bu rowaýatlar öňki rowaýatlar ýaly ygtybarly däldir. Olar ygtybarly bolaýanlarynda-da, buiki rekagat namazyň kerahetdigine beýle bir gowy delil saýylmazlar. Çünki,Ukba ibn Amr Jüheniden (r.a.) bu namaz barada soranlarynda, ol: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beýik zamanasynda şol namazy okardyk» diýipdir. Ondan: «Ony häzir okamaga size näme päsel berýär?» diýip soranlarynda bolsa: «Iş» diýip jogap beripdir. Ilkinji dört halif bilen käbir beýleki sahabalaryň bu namazy okamazlyklaryna işleriniň köplüginiň päsgel beren bolmagy mümkin.