369 Daň atmazyndan ozal azan aýdylyp bilinjekdigi hakda. Fejri-kazip we fejri-sadyk

Başy » AZAN KITABY » 369 Daň atmazyndan ozal azan aýdylyp bilinjekdigi hakda. Fejri-kazip we fejri-sadyk

عَنْ عَبْدِ الله بْنِ مَسْعُودٍ رَضِي الله عَنْهُ عَنِ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قالَ: (لاَ يَمْنَعَنَّ أَحَدَكُمْ ، أَوْ أَحَداً مِنْكُمْ ، أَذَانُ بِلاَلٍ مِنْ سُحُورِهِ ، فَإنَّهُ يُؤَذَّنُ ، أَوْ يُنَادِي ، بِلَيْلٍ ، لِيَرْجِعَ قائِمَكُمْ وَلِيُنَبِّهَ نائِمَكُمْ ، وَلَيْسَ أَنْ يَقُولَ الْفَجْرُ أَوِ الصُّبْحُ ) . وَقَالَ بِأَصَابِعِهِ ، وَرَفَعَهَا إلى فَوْقُ ، وَطَأْطَأَ إلَى أَسْفَلَ: (حَتَّى يَقُولَ هكَذَا). يُشيرُ بِسَبَّابَتَيْهِ ، إحْدَاهُمَا فَوْقَ الأُخْرَى ، ثُمَّ مَدَّهُمَا عَنْ يَمِيِنِه وَشِمَالِهِ.

 

         Abdullah ibn Mesgut (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Bilalyň aýdan azany sebäpli hiç biriňiz iýip oturan seläliginden el çekmesin1. Çünki,ol namaz okaýanyňyzyň şondan soňraara maý salmagy2, ukuda bolanyňyzyňhem oýanmagy üçin3azany gije tamamlanmanka aýdýar. Bu ertir namazynyň wagty däldir. Tä şeýle bolýança, daň atmaz»diýdi».

         Rowaýatçy sözüni dowam edip şeýle diýýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Bu ertir namazynyň wagty däldir» diýip, mübärek barmaklaryny ýokary galdyryp, soňam aşak indirdi4. Ol: «Tä şeýle bolýança,daň atmaz»diýip hem süýem barmagyny orta barmagynyň üstünde goýup, sagdan çepe ýöretdi»5.

 

1Bu hadys Abdullah ibnOmaryň (Allahü tagala olardan razy bolsun!) adyndan beýan edilen 367-nji hadysa meňzeşdir. Buhary şol hadysy körüňhem azanynyň ygtybarly bolup biljekdigine, Abdullah ibn Mesgudyň bu rowaýatyny bolsa daň atmazyndan öň azan aýdylyp bilinjegine delil getirmek üçin aýry-aýry ýerleşdiripdir.

2Tehejjütnamazyny okamak üçin oýanan adamy namazyndan goýmak ybadata päsgel bermegi aňlatmaýar. Özüni ukudan mahrum edip, gijäniň içinde namaz okamak üçin ukudan oýanan adamyň dynç almaga-da mätäç bolmagy sebäpli,ertir namazynyň ýakynlaşyp gelýändigini oňa habar bermeküçin we onuňbiraz uklap,bedenine dynç bereninden soň, gowy keýp bilen ertir namazyna howlukmagy üçin şeýdip, azan aýdylypdyr.

3Ukuda ýatan adamyňertir namazynyň wagty girmänkä oýanyp, biraz gije namazyny okamagy, oraza tutjak adamyň seläligini iýmegi, gusul almaga mätäç bolanyň gusul täretini almagy, witir namazyny gijikdireniň witir namazyny okamagy üçinhem şol wagtda azan aýdylypdyr.

4Allahyň Resuly (s.a.w.) barmaklarynyň bu yşaraty bilen fejri-kazybyňgirýän wagtyny aňladypdyr. Bu yşarat asmanda dik ýokarlygyna göterilýän uzyn ýagtylygy (ak şapagy) aňladýar.

5Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu yşaraty-da fejri-sadygyň girýän wagtyny görkezýär. Bu yşarat asmanda görünýän kese ýagtylygy (ak şapagy) aňladýar. Fejrleri biri-birinden tapawutlandyrmak üçin bu iki yşaratdan has gowy yşarat tapylmaz. Bu ýerde olaryň ikisi-de pygamberlere mahsus bolan beýan ediş we düşündiriş güýji bilen iň bir üm bilmez kişä-de düşnükli görnüşde aňladylypdyr.

            «Fejri-kazyp»(ýalançy fejr)diýlipatlandyrylýan daň Gündogar tarapyň gözýetimiň aňry çäginde dikligine agarmagydyr. Onuň sähelçe wagt yz ýanyndan ýene garaňky düşýär. «Fejri-sadyk» (hakyky fejr) atlandyrylýan daň bolsa Gündogar tarapyň daş-töwerege ýaýrap agarmagydyr. Şondan soňra ertir namazynyň wagty girýär.