368 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) daň atyp, ertir namazynyň azany aýdylanyndan soňra azan bilen kamatyň aralygynda iki rekagat namaz okandygy hakda

Başy » AZAN KITABY » 368 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) daň atyp, ertir namazynyň azany aýdylanyndan soňra azan bilen kamatyň aralygynda iki rekagat namaz okandygy hakda

    عَنْ حَفْصَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهَا: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ كانَ إذَا اعْتَكَفَ الْمُؤَذَّنُ لِلصُّبْحِ ، وَبَدَا الصُّبْحُ ، صَلَّى رَكْعَتَيْنِ خَفِيفَتَيْنِ قَبْلَ أَنْ تُقَامَ الصَّلاَةُ.

 

       Musulmanlaryň enesi Hafsa binti Omar ibn Hattap (r.a.) şeýle diýipdir: «Azançy ertir namazynaçagyryp bolup,töwerek agaryp başlanda, Allahyň Resuly (s.a.w.) , parz namazyny okamak üçin kamat getirilmezinden öňürti, gysgajyk iki rekagat namaz okardy»1.

 

1Buharynyň öz kitabynda bu hadysdan soňra ýerleşdiren hem-de Äşäniň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatlary has hem anykdyr. Bu rowaýatlaryň birinde: «Allahyň Resuly (s.a.w.) ertir namazynyň azany bilen kamatynyň arasynda iki sany gysgajyk rekagatdan ybarat namaz okardy» diýilse, beýlekisinde: «Azançy ertir namazynyň ilkinji azanyna gygyranyndan soň, Allahyň Resuly (s.a.w.) ertir namazyndan öňürti we daňyň agarandygy gowy bildireninden soňraýerinden turup, gysgajyk iki rekagat namaz okardy-da,ýene aşak çöküp, sag tarapyna gyşarardy hem-de azançy kamat aýtmak üçin gelýänçä garaşardy» diýilýär. Bu ýerde gürrüňi edilen ilkinji azan,ýa namazyň wagtynyň girendigini yglan etmek üçin aýdylan azan bolup, namazyň başlanjagyny habar bermek üçin getirilen kamata görä ilkinji saýylypdyr, ýa-da bu hadysyň öň we yz ýanyndaky hadyslarda fejri-sadygyň atmagyndan öň aýdylan azan bolmaly.Bu iki rekagat ertir namazynyň düzümine girip, parz namazyndan öň okalýar we parzdan soňraokalmaýar (346-njyhadysa-da seret). Ol sünnet namazlaryndan bolup, onuň gysga okalmagy mustahapdyr. Mälik we Şapygy bilen bir hatarda köp sanly alymlar şeýle pikirdedir. Käbirleri bolsa onuň Kuranyň aýatlary okalmazdan ýerine ýetirilýän namazdygyny aýdyp, hashem öte geçýärler. Ýöne olaryň aýdýanlary bir rowaýatda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu namazyň ilkinji rekagatynda «Fatiha» bilen«Käfirun»,ikinji rekagatda bolsa «Fatiha» bilen «Yhlas» süresini, başga bir rowaýatda aýdylyşyna görä bolsa, başga aýaty-kerimeleri okandygy hakda getirilýän subutnamalara ters gelýär. Sagyt ibn Jübeýre, Müjähit, Nahaýy ýaly alymlaryň pikirine görä, bu namazy uzak okamakda zyýan ýokdur. Tahawy-da şeýtmäge ygtyýar beripdir.

            Bu namazdan soňrabir gapdalyňa gyşaryp ýatmagy käbirleri sünnet hasaplapdyrlar. Hasan Basrynyň pikirine görä bolsa, bu wajypdyr. Mäligiň, alymlaryň esasy köplüginiň we köpsanly sahabalaryň beýle etmegi soň ýüze çykan zat hasaplandyklaryny kazy Yýaz beýan edýär. Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitaby bilen Tirmiziniň kitabynda Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda: «Kim ertir namazynyň iki rekagat sünnetini okap bolsa, sag tarapyna gyşaryp ýatsyn» diýilse-de, ygtybarly hadyslar kitaplaryndaky rowaýata görä, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gije namazyndan soňrawe ertir namazynyň sünnetinden öň şeýdip ýatmak endiginiňbelli bolşy ýaly, Äşäniň (r.a.) adyndanhem: «Oýa bolsam, meniň bilen gürleşerdi, uklan bolsam, sag tarapyna gyşaryp ýatardy» diýen hadys beýan edilýär. Bu rowaýatlarda sag tarapyňa uzanyp ýatmagyň sünnet däldigi, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) käte şeýdip ýatsa, käte ýatmandygy görünýär.

            Ertir namazynyň parzyndan öň buiki rekagat namazdan başga namaz okalmaz. Ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilýän: «Fejri-sadykdan soňra iki rekagatdan artyk sünnet okamaň»diýen hadys bu babatda alymlaryň esasy köplügine delil bolup hyzmat edýär.