366 Azan aýtmagyň, birinji sapda durmagyň, namazlaryň wagty giräýende okalýan jemagat namazlaryna gatnaşmagyň, ýassy we ertir namazlaryny jemagat bilen okamagyň artykmaç taraplary hakda

Başy » AZAN KITABY » 366 Azan aýtmagyň, birinji sapda durmagyň, namazlaryň wagty giräýende okalýan jemagat namazlaryna gatnaşmagyň, ýassy we ertir namazlaryny jemagat bilen okamagyň artykmaç taraplary hakda

    عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِي الله عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (لَوْ يَعْلَمُ النَّاسُ مَا فِي النِّدَاءِ وَالصَّفِّ الأَوَّلِ ، ثُمَّ لَمْ يَجدُوا إلاَّ أَنْ يَسْتَهِمُوا عَلَيْهِ لاَسْتَهَمُوا ، وَلَوْ يَعْلَمُونَ مَا فِي التَّهْجِيرِ لاسْتَبَقُوا إلَيْهِ ، وَلَوْ يَعْلَمُونَ ما في الْعَتَمَةِ وَالصُّبْحِ ، لأَتَوْهُمَا وَلَوْ حَبْواً).

 

       Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Eger adamlar azan aýtmakda we birinji hatarda durmakda1nähili sogaplaryň bardygyny bilsediler, onda olara mynasyp bolmak üçin gurra atmakdan başga çäre tapmasalar, gurra atardylar2. Eger olar her namazy jemagat bolup, şol namazyň wagty giren badyna okamagyň sogabyny bilsediler, onda şol namazlara wagty girmezinden öň barjak bolup ýaryşardylar3. Ýassy we ertir namazlaryny jemagat bolup okamagyň sogabyny bilsediler,onda emedekläp hem (ýa-da süýrenip hem) bolsa,olara giderdiler» diýdi».

 

1Ymamyňnamazda okalýan aýatlary daşyndan okaýandygyna görä, ilkinji sapda duran adam Kuran diňlemek, «Fatiha» süresi okalanyndan soňraiçinden: «Ämin!» diýip bilmek, ymam tekbir alanyndan soňratekbir almak, eger ymam öz ýerine başga birini orunbasar bellemäge mätäç bolsa, belki, orunbasar bolmak ýaly uly peýdalary gazanyp biler. Müslim bilen Ibn Majäniň kitaplarynda beýan edilen bir rowaýatda: «Erkekadamlaryň iň haýyrly saplary öňdäkilerdir, sogaby iň az bolanlary yzdakylardyr. Zenanlaryň iň haýyrly saplary yzdakylardyr, sogaby iň az bolanlary öňdäkilerdir» diýilýär. Tabaranynyň «Ewsat» atly kitabyndaky rowaýata görä bolsa,Allahyň Resuly (s.a.w.) Allahü tagaladan birinji sapdakylaryň günäsinigeçmegiüçgezek, ikinji sapdakylaryň günäsini geçmegi ikigezekwe üçünji sapdakylaryň günäsini geçmegi bir gezek diläpdir. Şonuň ýaly-da,Müslim bilen Ebu Dawudyň kitaplarynda beýan edilen bir hadysda bir gezek Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Beýik Rebleriniň huzurynda perişdeleriň hatara duruşlary ýaly,hatara dursaňyz-la»diýendigi, ondan perişdeleriň hatara nähili edip durýandyklary soralanda bolsa: «Birinji saplary doldurarlar, olarda boş ýer goýmazlar. Hataryň içinde-de gyslyşyp durarlar» diýip jogap berendigi aýdylýar. Şeýle hem Ibn MajetarapyndanAbdyrahman ibn Awfyňadyndan, şonuň ýaly-da,Ibn HybbantarapyndanBera ibn Azybyň (Allahü tagala olardan razy bolsun!) adyndan beýan edilen bir hadysda: «Ilkinji sapdakylara Allahü tagala rehmet, perişdeler doga ederler» diýlipdir. Äşäniň (r.a.) adyndan beýan edilen bir rowaýatda bolsa: «Ilkinji sapdan yzda durmagy endik edinenbir topar kişiler bar. Iň soňunda Allahü tagala-da,jähenneme bararlary ýaly,olary yza goýar»diýilýär.

            Ygtybarly bir söze görä, ilkinji sap diýilýäni ymamyň edil yzyndaky ilkinji sapdyr. Käbirleriniňpikirine görä bolsa,ol wagt namazyny ilkinji jemagat bilen okanlaryaňladýarmyş. Käbirleri bolsa: «Ilkinji saplar» diýen sözler bolan rowaýatdançen tutup, iň soňky sapdan öňdäki saplaryň ilkinji saplaryň hataryna girýändiklerini aýdýarlar hem-de her sapyň,öz ýerleşiş derejesine görä, Allahü tagalanyň rehmetine mynasyp bolýandygyny ýaňzydýarlar. Mundan şeýle netije çykarmak mümkin: yzky sapda bolanlar mydama öňdäki saplardaky boşýerleri doldurmaga borçludyrlar. Öňki hatarda ýer barka, yzky hatarda durmak bolmaz. Ähli saplar bütinleý dolanyndan soň, iň soňky sapyň – diňe iň soňky sapyň dolmazlygynyň zyýany ýokdur. Jähennemedüşmek gorkusy öň sapda ýer barka,yzky hatarda durýanlara degişlidir. Mysal üçin: «Ilkinjisapy, soňra onuň yzyndakyny...soňuna çenli dolduryň»hem diýlipdir.

2Deň şertleri bolan hukuk eýelerinden birini ýa-da birnäçesini saýlap almak üçin Kuranyň hökümlerine görä hereket etmegi aňladýar. Käbirleri: «Gurra atardylar» diýen söz düzümine: «Ok atyşardylar» diýip düşünipdirler we oňa aýdyljak bolunýan pikiri aňlatmak üçin ulanylan ulaltma usuly hökmünde düşünipdirler. Ýöne, bu rowaýatda hut gurra atmak barada gürrüň gidýändigi bilen Buharynyňhem ylalaşandygy,onuň Kadysyýanyboýun egdiren we sasanylar döwletine gulluk eden Sagt Ebu Wakgas (r.a.) bilen baglanyşykly bir wakany beýan edişindenhem görünýär. Bu rowaýata görä, Kadysyýa öýleden öň boýun egdirilýär. Her kim öz bolmaly ýerine dolanyp baran wagty,azançynyň ýap-ýaňy Allahü tagaladan başga hudaýyň ýokdugyna, Muhammediňhem Allahyň Resulydygyna şaýatlyk edilýän sözleri aýdyp bolandygy belli bolýar. Käbirleri: «Azany men aýtjak» diýip jedel edýärler. Şonuň üçinhem hezreti Sagdyň huzuryna barypdyrlar. Olhem gurra atmak bilen birini azançy belläp, jedeliň soňuna çykypdyr.

3321-nji we 322-nji hadyslara we olaryň düşündirişlerine seret.