365 Azan aýdylanyndan soňra okalmaly doga we Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şepagaty hakda
عَنْ جَابِر بْنِ عَبْد الله رَضِي الله عَنْهُمَا: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قالَ: (مَنْ قَالَ حِينَ يَسْمَعُ النِّدَاءَ: اللَّهُمَّ رَبَّ هَذِهِ الدَّعْوَةِ التَّامَّةِ ، وَالصَّلاَةِ الْقَائِمَةِ ، آتِ مُحَمَّداً الْوَسِيلَةَ وَالْفَضِيلَةَ، وَابْعَثْهُ مَقَاماً مَحْمُوداً الَّذِي وَعَدْتَهُ، حَلَّتْ لَهُ شَفَاعَتِي يَوْمَ الْقِيَامَةِ).
Jabyr ibn Abdullah Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Her kim azan sesini eşiden wagty1: «Allahümme Rabbehazihid-dagwetit2-tammeti wes-salatil-kaimeti, äti Muhammedenil-wesiýlete wel-faziýlete webashu Makamen Mahmuwden ellezi waattehu» diýse, kyýamat gününde men oňa şepagatymy bol eçilerin»diýdi»3.
1«Azanyň hemmesini diňlän wagty» diýmekdir. Mysal üçin, Müslimiň kitabynda Abdullah ibnAmr ibnAsyň adyndanbeýan edilen rowaýatda Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Azançynyň diýenini gaýtalaň. Soňra maňa salawat aýdyň. Soňra gudraty güýçli we beýik Allahü tagaladan meniň üçin wesile diläň»diýmegi-de şony görkezýär.
2«Da’wet» sözi bu ýerde azanyň sözlerini aňladyp, Allahü tagaladan başga hudaýyň ýokdugyny ykrar etmäge çagyryşdyr. Ol çagyryşyň «tam»,ýagny, doly bolmagy kelemeýi-tewhidi öz içine almagy bilen baglanyşyklydyr. Onuň doly we kämil bolmagynyň bir sebäbi-de,üýtgewsizligi we kyýamat gününe çenli baky hem-de dini ynançlaryň onda doly jem bolmagydyr. «Salati-kaime» jümlesi: «Şu okaljak namaz» diýen manyny bermek bilen bir hatarda: «Zemin we asman durdukça ýatyrylmajak we üýtgedilmejek namaz» diýen manyny hem berýär. «Wesile» sözi, sözlük boýunça, beýiklige ýakynlaşmaga sebäp boljak zat diýmegi aňlatsa-da, onuň bu ýerdäki manysy Müslimiň kitabynda Abdullah ibn Amr ibn Asyň adyndan beýan edilen we bir bölegi ýokarda mysal getirilen hadysda düşündirilipdir. Şol hadysda: «Soňra maňa salawat we salam aýdyň. Sebäbi her kim maňa salawat aýtsa,şol sebäpli Allahü tagala oňa on esse salawat aýdar. Soňra meniň üçin Allahü tagaladan wesilelik diläň, çünki, ol jennetdäki bir ýer bolup, Allahü tagalanyň gullaryndan bir guldan başgasyna laýyk bolmaz. Şol gul men bolaryn diýip, umyt edýärin. Şeýle bolsa, her kim meniň üçin Allahü tagaladan wesile dilese, şepagat tapar»diýlipdir. Bu hadysy Müslimden başga-da Ebu Dawut, Nesaýy we Tahawy hem beýan edipdir.
«Fazilet» sözüniň manysy beýleki mahluklaryňkydan beýik bir mertebäniaňlatsa-da, onuň başga bir derejäni aňladýan bolmagy-da mümkin. «Makamy-Mahmyt» her bir diliň hamdu-senasyna mynasyp ýer diýmekdir. Şol ýerde bolanhemowal, ahyr öwgä mynasypdyr. Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen bir hadysda bu ýer Allahü tagala tarapyndan: «Ol şeýle bir ýer bolup, ol ýerde owalda, ahyrda saňa hamdu-sena ediler we öz mertebäň boýunça mahluklaryň depesinde bolarsyň, şepagat edersiň we şepagatyň kabul bolar. Seniň baýdagyň astyna ýygnanmajak adam tapylmaz»diýlip taryp edilse, Ebu Hüreýräniň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda Allahyň Resuly (s.a.w.) ony: «Bu meniň öz ymmatyma şepagat etjek ýerimdir» diýip taryplaýar. Şondan çen tutup, alymlaryň esasy köplügi şol ýere: «Şepagat ýeridir» diýipdirler. «SahyhyIbnHybban» kitabynda Kagp ibn Mäligiň adyndan beýan edilen rowaýatdaAllahyň Resuly (s.a.w.): «Allahü tagala adamlary direlder, maňa-da ýaşyl hülle geýdirer. Şondan soňra Allahü tagala meniň näme sözlemegimi islese, şony sözlärin. Ine, Makamy-Mahmyt şeýle ýerdir»diýýär. Şondan çen tutsaň, bu taryp edilen zat şepagat etmekden öňürti Allahyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan aýdyljak öwgi sözleri we beýik bir zerurlykdyr.
Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beýik şepagaty diňe günä iş edenlere niýetlenen däldir. 85-nji hadysyň düşündirişinde aýdylyşyna görä, şepagatyň dürli görnüşleri bar. Her bir adam öz ýagdaýyna laýyklykda şepagatdan paý alar.
3Şepagata hak gazanmak üçin başga dogalarhem bu doganyň ornuny tutup bilermi? Görnüşine görä, ornuny tutup biler. Mysal üçin, Tahawy we Tabarany tarapyndan Abdullah ibn Mesgudyň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda: «Her kim... soňra: «Allahümme äti Muhammeden el-wesiýlete wej’alhu fil-a’leýne derejetühüwe fil-müstafeýnemahabbetühüwe fil-mükarrabyýne zikrühü» diýse, kyýamat gününde meniň şepagatym oňa wajyp bolar»diýlip, başga bir doga hem öwredilipdir.