364 Azançy azan aýdanda onuň yzy bilen azanyň sözlerini gaýtalamak hakda

Başy » AZAN KITABY » 364 Azançy azan aýdanda onuň yzy bilen azanyň sözlerini gaýtalamak hakda

    عَنْ مُعَاوِيَةَ رَضِي الله عَنْهُ مِثْلُهُ ، إلَى قَوْلِهِ وَأَشْهَدُ أَنَّ مُحَمَّداً رَسُولُ الله. وَلَمَّا قالَ حَيَّ على الصَّلاَةِ ، قالَ: لاَ حَوْلَ وَلاَ قُوَّةَ إلاَّ بِالله ، وَقالَ: هَكَذَا سَمِعْتُ نَبِيَّكُمْ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَقُولُ.

 

       Mugawyýa ibn Ebu Sufýan(r.a.) bir gün azan aýdylyp durka,azançynyň sözlerini: «Eşhedu enne Muhammeden Rasulyllah» diýýänçä gaýtalapdyr1. Azançy: «Haýýe alessalah» diýen wagty bolsa ol:«Lä hawle welä küwwete illä billähi»diýipdir2we: «Pygamberimiziň (s.a.w.), ine, şeýle diýendigini eşitdim»3diýip sözüniň üstüne goşupdyr.

 

1Bu hadysyň şu ýere gelýänçä bolan bölegi Buharynyň kitabynda iki sany ýol bilen gelen hadys hökmünde orta çykarylypdyr. Bu hadysyň şondan soňky bölegi başga bir ýol bilen gelip ýetipdir. Zebidi bu iki bölegi birleşdiripdir.

2Edil şonuň ýaly,azançy: «Haýýe alelfeläh» diýeninden soňra hem: «Lä hawle we lä küwwete illä billähi»diýiljekdigi mälimdir. Başga bir rowaýatda Mugawyýanyň azanyň sözlerini edil azançynyň aýdyşy ýaly edip, yzly-yzyna gaýtalandygy, diňe azandaky: «Haýýealessalah, haýýe alelfeläh» sözleriniň hersine: «Lä hawle we lä küwwete illä billähi» diýip jogap berendigi aýdylýar. «Lä hawle we lä küwwete illä billähi» sözleriniň manysy şeýledir: «Allahü tagalanyň öňünde eden günäň ýuwulmagy diňe Allahü tagalanyň beren päkligi bilen, tagat etmäge güýç-kuwwat we mümkinçilik-de diňe Onuň ýardam bermegi bilen hasyl bolup biler». Bu çagyryşlary eşiden mömin bu sözleri aýtmak bilen,çagyryşy kabul etmek netijesinde hasyl boljak nygmatyň, ony kabul etmedik ýagdaýynda,ediljek günäniň nähili uludygyny ýatlap, Allahü tagalanyň mähribanlygyna diňe Allahü tagalanyň ýardamy bilen gowşup boljakdygyny ykrar edýär.

            Şonuň ýaly-da,bu hadysyň başky bölegine laýyklykda amal edip, diňe tekbirler bilen teşehhütleri gaýtalanlaryň bolandygy bilen bir hatarda: «Haýýe alessalah we haýýe alelfeläh» sözlerinden soňra: «Lä hawle we lä küwwete illä billähi» diýip, soňra hiç zat diýmediklerhem bar. Mysal üçin, Sehl ibn Huneýfiň Mugawyýa hakyndaky rowaýatynda: «Azançy: «Eşhedu enne Muhammeden Rasulyllah» diýende: «We enä eşhedu», ýagny: «Menhem şaýatlyk edýärin» diýip, soňra dymdy» diýlip, ikinji topardakylaryň pikirine laýyklykda: «Lä hawle welä küwwete» diýeninden soňraonuň hiç bir söz aýtmandygy beýan edilýär.

3Müslimiň, Ebu Dawudyň, Nesaýynyň we Tahawynyň kitaplarynda beýan edilen bir uzyn hadys bar. Ol Omar ibn Hattabyň (r.a.) adyndan beýan edilip, onda azançynyň her sözi azanyň başyndan aýagyna çenli bolşy-bolşy ýaly gaýtalanypdyr, «haýýe alessalah» we «haýýe alelfeläh» sözlerine-de: «Lä hawle we lä küwwete illä billähi» diýlip jogap berlipdir. Iň soňunda-da: „«Her kim şuny kalbyndansyzdyryp aýtsa, ýagny, uly yhlas bilen sözlese, jennete girer»diýlipdir.