363 Azan sesini eşiden kişiniň nähili hereket etmelidigi hakda

Başy » AZAN KITABY » 363 Azan sesini eşiden kişiniň nähili hereket etmelidigi hakda

    عَنْ أَبِي سَعِيدٍ الخُدْرِي رَضِي الله عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (إذَا سَمِعْتُمُ النِّدَاءَ ، فَقُولُوا مِثْلَ ما يَقُولُ الْمُؤَذِّنُ).

 

       Ebu SagytHudry (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Azançynyň sesini eşiden mahalyňyz,sizhem onuň diýenlerini gaýtalaň»diýdi»1.

 

1Bu hadys alty sany ygtybarly hadyslar kitaplary bilen birlikde beýleki kitaplarda-da beýan edilipdir. Nesaýynyň kitabynda musulmanlaryň enesi ÜmmiHabybanyň (r.a.) adyndan gürrüň berlen rowaýata görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) onuň ýanyndamahalyazançynyň sesi eşidilipdir. Azançy sesini keseninden soň,Allahyň Resuly (s.a.w.) onuň aýdanlaryny gaýtalapdyr.

            Allahyň Resuly (s.a.w.) azançy her söz düzümini aýdyp, ara maýsalanda onuň diýenini gaýtaladymyka ýa-da azany doly aýdyp bolanyndan soňraşeýle etdimikä? Bularyň haýsy dogry boljak? Ol azanyň sözleriniň hemmesini gaýtaladymyka ýa-da «Haýýe alelerden» beýlekilerinimi? Allahyň Resuly (s.a.w.) beýle etmegi buýurmak bilen, onuň wajypdygyny aýtmak isledimikä ýa-da beýle etmegiň mustahapdygynymälim etdimikä? Bu meseleler boýunça aýdylan söz kän. Alymlaryň esasy köplüginiň pikirine görä, azançynyň «Haýýe alessalah» we «Haýýe alelfeläh» jümlelerindenbeýleki aýdan her bir sözüni yz ýanyndanaýry-aýrylykda gaýtalamak dogrudyr. «Haýýe alessalah» we: «Haýýe alelfeläh»sözlerinden soňrabolsa: «Lä hawle we lä küwwete illä billähi» diýmek, ýa bolmasa: «Haýýe alessalah» diýleninden soňra: «Lä hawle we lä küwwete illä billähi» diýip: «Haýýe alelfeläh» diýleninden soňra hem: «Maşaallahu käne we mä lem ýeşe lem ýeken» diýmek kabul edilendir. Ertir namazynyň azanynda aýdylýan: «Essalatühaýrun minennewm» sözlerinden soňrabolsa: «Sadakte we berirte» diýmeli. Kamatyň sözlerine-de edil şonuň ýaly edilip, jogap gaýtarylýar. Diňe: «Kad kametissalah» diýleninden soňra: «Akamehallahüwe edämehä» diýilmeli. Mälik, Şapygy, Ahmet ibn Hanbal ýaly alymlaryň we şerigatçy alymlaryň esasy köplüginiň pikirine görä, bu buýruk şeýle edilmeginiň mustahapdygy üçin berlipdir. Ebu Hanifäniň mezhebiniň alymlary, mälikilerdenIbn Wehpwe Ebu Dawut Zahyrynyň düşünjesine eýerýän şerigatçy alymlar bolsa bu emriň ýerine ýetirilmegini wajyp hasaplaýarlar. Hanefi mezhebine degişli şerigatçy alymlaryň biri bolan Tahawy bolsa onuň mustahapdygyny aýdýar.

            Azan sesini eşiden her bir adam (beýle etmek isle wajyp bolsun, isle-de mustahap) päsgelçilik bolmadyk ýagdaýynda,azançynyň aýdanlaryny gaýtalar. Päsgelçilik diýlip bolsa, şol wagt hajathanada bolmak, aýalyň bilen jübütleşik ýagdaýyndabolmak ýaly ýagdaýlara düşünilýär. Bu ýagdaýdabolanlarhem şol päsgelçilikler aradan aýrylanyndan soňraazanyň sözüni gaýtalarlar. Parz ýa-da nepil namazyny okap duran adamyň azana jogap bermegi,Şapygynyň belli bolan sözüne görä,mekruwhdyr. Ýöne beýtmegi onuň namazyny bozmaz. Diňe şol ýerde: «Essalatühaýrun minnennewm» we: «Haýýe alessalah, haýýe alelfeläh» diýmegiň gadagandygyny bilen ýagdaýynda, şol sözleri gaýtalasa, namazy bozulýar. Kuran okamak, zikr, tesbih aýtmak ýaly işler bilen meşgul bolup oturan adam azan sesini eşitse, olarysoňa goýup, diňlär we azanyň her bir sözüne jogap berer. Azan aýdylyp duran wagty salam berilmezhem, alynmazhem. Şol wagt ol azanyň sözlerini azançynyň yzy bilengaýtalamakdan başga hiç bir iş bilenmeşgul bolmaz. Eger ol bir iş bilen meşgul bolup, azanhem uzak dowam etmese, onda şol işinitamamlanyndan soň, azanyň sözlerini gaýtalasa-da mustahapdyr.