362 Azan yslam dininiň şygarydyr. Şäherden azan sesiniň çykandygyny eşiden Allahyň Resuly (s.a.w.) şol şäheriň ilaty bilen söweş etmändir

Başy » AZAN KITABY » 362 Azan yslam dininiň şygarydyr. Şäherden azan sesiniň çykandygyny eşiden Allahyň Resuly (s.a.w.) şol şäheriň ilaty bilen söweş etmändir

     عَنْ أَنَسٍ رَضِي الله عَنْهُ: أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ كانَ إذَا غَزَا بِنَا قَوْماً ، لَمْ يَكُنْ يَغْزُو بِنَا حَتَّى يُصْبِحَ وَيَنْظُرَ: فَإنْ سَمعَ أَذَاناً كَفَّ عَنْهُمْ، وَإنْ لَمْ يَسْمَعْ أَذَاناً أَغَارَ عَلَيْهِمْ.

 

       Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bizi bir kowumyň üstüne söweşe alyp giden wagtynda, daň atýança hüjüme geçmegimize rugsat bermezdi. Garaşardy. Azan sesini eşitse, söweşden ýüz öwrerdi. Azan sesini eşitmese, üstlerine çozardy»1.

 

[1]Bu hadys Haýbar söweşi hakyndaky 241-nji hadysyň, şonuň ýaly-da,Enesiň (r.a.)adyndanbaşga bir ýol bilen gelip ýeten bir hadysyň başky bölegidir. Onuň dowamynyň 241-nji hadysda has kämil beýan edilendigi üçin, Zebidi ony bu ýerde getirmändir. Buhary bu hadysy şerigatyň köp meseleleri, mysal üçin, jihat, gaza,nika meseleleri gozgalýan baplarda hem gaýtalapdyr. Mundan öňgelen «Namaz kitabynda» uýlugyň uýat ýeri hasaplanýandygy ýa-da hasaplanmaýandygy baradaky mesele takyklananda hem bu hadys getirilipdir.

            Hakykatdanhem,azan yslam dininiň şygary bolany üçin,terk edilmegine rugsat berilmeýänhökümlerdendir. Tefsirçi Ibn HajarAskalany şeýle diýýär:«Egindeşlerimiz, ýagny, şapygy mezhebine uýýan alymlar azanda teşehhüdigaýtalan adamy,hatda ol isawy bolsa-da, yslam dinine uýan hasaplap boljakdygyny aýdýarlar». Bu ýerdäki hadys, umuman, bu diýilýän isawylara degişli däl. Çünki,isawy diýilýän tireümeýýe tiresiniňdöwleti dolandyran döwrüniň ahyrlarynda peýda bolan Ebu Isa diýen bir ýehudynyň tabynlarydyr. Bular Muhammediň (s.a.w.) Allahyň Resulydygyny ykrar edýärler, ýöne ony diňe araplara iberilen hasaplaýarlar.