361 Azan aýtmagyň artykmaç tarapy hakda. Bu babatdaky beýleki rowaýatlar. Azançynyň azan aýdandaky sesini eşiden ähli zatlaryň bu barada şaýatlyk etjekdikleri hakda
عَنْ أَبِي سَعِيدٍ الخُدْرِي رَضِي الله عَنْهُ قالَ: سَمِعْتُ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَقُولُ: (إنَّهُ لاَ يَسْمَعُ مَدَى صَوْتِ الْمُؤَذِّنِ ، جِنٌّ وَلاَ إنْسٌ وَلاَ شَيءٌ ، إلاَّ شَهِدَ لَهُ يَوْمَ الْقِيَامَةِ).
Ebu Sagyt(Sagt ibn Mälik Ensary) Hudry (r.a.) şeýle diýipdir1: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Azançynyň sesiniň ýetýän ýerine çenli aralykda azan sesini eşidip hem kyýamat gününde azançy üçin şaýatlyk etmejek yns, jyn, garaz hiç bir zat ýokdur»diýendigini eşitdim»2.
1Buharynyň öz kitabynda bu hadysy-şeribiň bir sözbaşysy bar. Abdyrahman ibn Abdullah ibn Abdyrahman ibn Ebu Sagsa Ensary Mazynaýüzlenip, kakasy Abdullah şeýle diýipdir: «Seniň dowar bakmagy we çölde ýaşamagy gowy görýändigiňi aňýaryn. Dowarlaryň başyndakaň ýa-da ýöne çölde mahalyň namaz üçin azan aýdaňda, ony gaty sesiň bilen aýt. Sebäbi azançynyň sesiniň... (yzy şu hadysdaky ýaly)». Muny gürrüň beren Abdullah ibn Abdyrahman tabygynlaryň biri bolup, onuň kakasy Abdyrahman ibn EbuSagsa bilen kakasynyň dogany Kaýs ibn EbuSagsanyň ikisi-de sahabadyr. Onuň ejesi iň soňunda Ebu SagytHudra durmuşa çykandygy üçin,ol kakalygynyň elinde terbiýelenipdir.
2Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda Ebu Hüreýräniň(r.a.)adyndan beýan edilen hadysda Allahyň Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Azançynyň sesinäçe köp ýere ýetse,onuň günäsi şonça-daköpgeçiler. Azançynyň sesiniň baryp ýeten çägindäki gaty we ýumşak zatlaryň her birionuň azan aýdandygynaşaýatlyk eder. Onuň çagyran jemagat namazyna barana-da ýigrimi bäş namazyň sogaby ýazylar we onuň iki namaz arasynda eden günäleri geçiler». Bu rowaýat Nesaýyda-da bar. Ibn Hüzeýmäniň «Sahyh» atly kitabynda: «Sesini eşidip hem oňa şaýatlyk etmejek agaç, kesek, daş, jyn, yns– hiç bir zat ýokdur»;Ahmet ibn Hanbalyň kitabyndaky rowaýatda: «Ýumşak we gaty her bir zat ony tassyklar» diýlişi ýaly, Ebu Hüreýräniň adyndan gürrüň berlen ýene bir hadysda: «Azançylar: «Lä ilähe illallah» diýendikleriüçin,kyýamat gününde iň uzyn boýunly, ýagny, uzyn boýly adamlar boljakdyr»diýlipdir.
Bu hadyslara laýyklykda, jynyň azançy hakynda şaýatlyk etjekdigi subut bolanyndan soň, perişdeleriňhem şaýatlyk etjekdikleriöz-özünden subut bolýar. Sebäbi «jyn»sözi göze görünmeýän barlyk diýmegi aňladýandygy üçin,ol perişde manysyny hem öz içine alyp biler. Möminleriň günäsini geçmegi Allahü tagaladan dileýändikleri we Muhammediň ymmaty üçin şaýatlyk etmäge höwesekdikleri Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sözlerinden mälim bolan perişdeleriň şonuň ýaly şaýatlyk etmekden gaça durmaklarybolup biljek zat däl. Bu hadyslarda daş, toprak, agaç ýaly zatlaryňhem şaýatlyk etjekdigi aýdylýandygy üçin, adamlaryň, meselem, jemagatyň nähili şaýatlyk etjekdigi hakda sorag ýüze çykýar. Käbirleri kyýamat gününde adamlaryň öz ýüzleriniň hereketleri bilen şaýatlyk etjekdiklerini aýdýarlar. Käbir alymlar bolsa adamlaryň hakykatdanhem söz arkaly şaýatlyk etjekdiklerini nygtaýarlar.
Kurany-Kerimdeşeýle sözler bar:تُسَبِّحُ لَهُ السَّمَاوَاتُ السَّبْعُ وَالْأَرْضُ وَمَنْ فِيهِنَّ وَإِنْ مِنْ شَيْءٍ إِلَّا يُسَبِّحُ بِحَمْدِهِ وَلَكِنْ لَا تَفْقَهُونَ تَسْبِيحَهُمْ= «Tüsebbihü lehüssemäwätüssebgü wel-arzü we men fiýhinne. We in min şeý-in illä ýüsebbihü bi-hamdihi we läkin lä tefkahuwne tesbiýhahüm»(golaý manysy: «Allahü tagalany öwgi bilen tesbih etmeýän hiç bir zat ýokdur, ýöne siz olaryň tesbihlerini aňlamaýarsyňyz.«Isra»süresiniň 44-nji aýaty)». Bu mukaddes sözlerden her bir zadyň özüçe Ýaradany tanaýandygynywe şol tanamakdanhem-de düşünjeden gelip çykýan netije esasynda öwgi bilen tesbih aýdýandyklaryny bilýäris.
Çagyl daşlarynyň Allahü tagala tesbih aýdyşlaryny Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde sahabalar hem öz gulaklary bilen eşidipdirler.
Bu hadyslardan azançynyň öz sesini uzaklara eşitdirmek üçin,gaty sesi bilen azan aýtmagyna we beýik ýere çykmagyna şerigat tarapyndan rugsat berilýändigi hem-de ýeke özi namaz okaýanyňhem azan aýdyp biljekdigi hakyndaky hökümler gelip çykýar.
Buhary öz kitabynda gürrüňini edýän şu hadysymyzyň öňünden Omar ibn Abdyleziziň (r.a.) bir azança: «Ýa azany özüňe zor salmanaýt, bolmasa-da ýanymyzdan git» diýendigini gürrüň berýär.Bu ýerde gürrüňi edilýän azançynyň kimdigi mälim bolmasa-da, bu wakanyň Omar ibn Abdyleziziň Medinede wälilik (hökümdarlyk) eden döwründe bolup geçendigi nazara alynsa, bu azançynyň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) azançysy SagtKarazyň (r.a.) ogullarynyň biridigi hakdaky çaklama has göwnüňe jaýdyr. Bu ýerde özüňe zor salman azan aýtmak diýlip, sesiňi owadanlajak bolmazdan, gaty gygyrmazdan, adaty ses bilen azan aýtmaklyk göz öňünde tutulýar, ýagny,ol sesiňi süýndürmän azan aýtmakdyr. Darakutny şu mesele bilen baglanyşyklylykda rawylar zynjyrynda ýetmeýän ülüşleri bolan bir rowaýaty, ýagny,Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan habar berlenbir rowaýaty beýan edýär. Ol rowaýatda şeýle diýilýär: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) azan aýdanda sesini owadanlamaga çalyşýan bir azançysy bardy. Allahyň Resuly (s.a.w.) oňa: «Azançy diýeniň aýdanyna aňsat düşünip bolýan adam bolar, ýagny,düşnükli edip, özüne zor salman azan aýdar. Ýa azanyň aňsat düşüner ýalybolsun, ýa-da azan aýtma»diýdi». Omar ibn Abdyleziziň närazylygyna sebäp bolan azançy hem azanyň sözlerini düşünip bolmajak derejede owazlandyrar eken. Beýle etmekbolsa: «Fasih bolandan, ýagny,azanyň sözlerini düşnükli aýdýandan başgasy size azan aýtmasyn»hadysy bilen gadagan edilendir.