360 Şeýtanyň azandan ürküp gaçmagy we onuň sebäpleri hakda

Başy » AZAN KITABY » 360 Şeýtanyň azandan ürküp gaçmagy we onuň sebäpleri hakda

        عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِي الله عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (إذَا نُودِيَ لِلصَّلاَةِ ، أدْبَرَ الشَّيْطَانُ وَلَهُ ضُرَاطٌ، حَتَّى لاَ يَسْمَعَ التَّأْذِينَ، فَإذَا قُضِيَ النِّدَاءُ أَقْبَلَ، حَتَّى إذَا ثُوِّبَ بِالصَّلاَةِ أدْبَرَ، حَتَّى إذَا قُضِيَ التَّثْوِيبُ أَقْبَلَ، حَتَّى يَخْطِرَ بَيْنَ الْمَرْءِ وَنَفْسِهِ، يَقُولُ: اذْكُرْ كَذَا، اذْكُرْ كَذَا، لِمَا لَمْ يَكُنْ يَذْكُرُ، حَتَّى يَظَلَّ الرَّجُلُ لاَ يَدْرِي كَمْ صَلَّى).

 

       Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Namaza çagyrylan wagty şeýtan1azan sesini eşitmezlik üçin,yzyna öwrülip, onuň eşidilmejek ýerine çenli2ýel goýbere-goýbere gaçar3. Çagyryş tamamlanandan soňraýene dolanyp geler. Namaz üçin kamat aýdylanda,ýene yzyna öwrülip gaçar. Kamat tamamlanandan soňraýene gelip, ynsan bilen nefsiniň(kalbynyň)4arasyna sokular-da: «Pylan zady ýatla, pylan zady ýatla» diýip,namazdan öň adamyň kellesinde asla bolmadyk zatlary ýatladar durar. Iň soňunda adam näçe rekagat namaz okandygyny bilmez ýaly derejä barar»diýdi»5.

 

1Bu ýerde şeýtan jynsyndan bolan islendik şeýtan ýa-da Iblisiň özi göz öňünde tutulýar.

2Müslimiň kitabynda Jabyryň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda: «Rawha çenli bolan bir ýere barýança»diýlipdir. Rawha bolsa Medineden otuz alty mil töweregi uzakda ýerleşýär.

3Bu bir meňzetmedir. Bu ýerde,şeýtan gaçan wagtynda,onuň bilmän durka erbet gorkan adamyň düşýän ýagdaýy ýaly ýagdaýadüşýändigi aýdyljak bolunýar.

            Şeýtanyň beýdip gaçmagynyň birnäçe sebäbi bar. Birinjiden, kyýamat gününde her bir zadyň azançynyň peýdasyna şaýatlyk etjekdigi üçin, ol özüniňhalamaýan beýle ýagdaýyna düşmekden ätiýaç edýär. Ikinjiden, azan din kadalaryny öz içine almak bilen bir wagtda,din däplerini-de yglan edýär. Ol bolsa muny durky bilen ýigrenýär. Üçünjiden, azan namaza çagyryşdyr. Namazyň bolsa adamy Allahü tagala iň kän ýakynlaşdyrýan bölegi sejdedir. Ol bolsa sejde etmekden ýüz öwreni üçin,Allahü tagalanyň dergähinden kowlupdy.

4Ynsan bilen nefsi ýa-da kalby şol bir zat bolany üçin,bu ýerde deňeşdirme ýoly bilen şeýtanyň adama örän ýakynlaşýandygy aýdylmak islenýär.«Gan bedeniň içinde nähili aýlanýan bolsa, ynsanyň içinde-de şeýtan şonuň ýaly edip aýlanýadiýen manyny berýän hadysy-şerif ýaly, bu ýerde hem ýakynlyk derejesi meňzetme arkaly aňladylýar. Beýle diýmek bilen,namaza edilen niýete we namaz okalyp durka kalbyň Allahü tagala ýüzlenmegine şeýtanyň waswasa bermek bilen päsgel berjek bolýandygy aýdylýar.

5Buharynyň Ebu Hüreýräniň adyndan beýan eden rowaýatynda: «Üç rekagatmy ýa-da dört rekagat okandygyny bilmez» diýlipdir.