359 Azanyň we kamatyň sözleriniň näçe gezekden aýdylmalydygy hakda. Azanyň sözleriniň hasaby.
Terji’ hakyndaky hadys. Azanyň sözlerini iki gezekden we kamatyň sözlerini bir gezekden aýtmak meselesi barada mezhep ymamlarynyň pikirleri. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) azançylary. Azanyň hökümi barada fykyhçy alymlaryň pikiri
عَنْ أَنَسٍ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: أُمِرَ بِلاَلٌ أَنْ يَشْفَعَ الأَذَانَ ، وَأَنْ يُوتِرَ الإِقَامَةَ ، إِلاَّ الإِقَامَةَ.
EnesibnMälik(r.a.) şeýle diýipdir:«Bilala azanyň sözlerini iki gezekden1, kamatyň sözlerini-de ýeke gezekden2aýtmak buýruldy. Diňe «kadkametissalatü» sözdüzümitapawutlandyrylyp, onyiki gezek aýtmak emr edildi»3.
1Azanyň sözleriniň köpüsiniň iki gezek gaýtalanandygy üçin Enes (r.a.) şeýle diýipdir. Ýogsam,azanyň başyndaky tekbirleriň dört gezek gaýtalanýandygy bellidir.
2Bu ýerde-de Enes (r.a.) kamatyň köp sözleriniň bir gezek gaýtalanýandygyny göz öňünde tutupdyr. Ýogsam, kamatyň başyndaky we aýagyndaky tekbirler ikiden az bolup bilmez.
3Bu hadysy-şerif ymam Şapygy bilen ymam Ahmet ibn Hanbalyň mezhebini tassyklaýar. Olaryň mezheplerine görä,azan terji bilen birlikde on dokuz, kamathem on bir sözden ybaratdyr. «Terji» diýip,azanyň düzümine girýän «Eşhedüen lä ilähe illalla» jümlesini azançynyň ilki bilen ýuwaşja we diňe özüne eşidiläýjek ses bilen iki gezek aýdanyndansoň, ony gaty ses bilen gaýtalamagynaaýdylýar. Bu hasaba görä, bize belli bolan azan dört söz artdyrylan bolup çykýar. Terji etmek bilen ymam Mälik hem ylalaşýar.
Hanefi mezhebine görä bolsa, terji etmek ykraredilmeýändigi üçin, kamatlanylanda iki gezek gaýtalanýan «kadkametissalatü»jümlesinden başga azanyň we kamatyň sözleriniň arasynda hiç hili tapawut ýokdur, ýagny, azan on bäş, kamathem on ýedi sözden ybaratdyr.
Ymam Mälik bilen oňa uýýanlara görä bolsa, başdaky tekbir iki gezek, «kadkametissalatü»jümlesibir gezek gaýtalanýar. Bu hasaba görä, azan terji bilen birlikde on ýedi, kamathem on sözden ybarat bolýar.
Terji ygtybarly hadyslary öz içine alýan alty sany kitabyň Buharynyň kitabyndan beýlekilerinde beýan edilip, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) azançysy Ebu Mahzuranyň (r.a.) ady bilen baglanyşdyrylýan hadysa esaslanýar. Bu hadysa görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) oňa azan aýdanda iki gezek «Allahüekber», iki gezek «Eşhedüen lä ilähe illalla», iki gezek «Eşhedüenne Muhammeden Resulyllah» diýmelidigini öwredeninden soň, ýene gaýtadan iki gezek «Eşhedüen lä ilähe illalla», iki gezek «Eşhedüenne Muhammeden Resulyllah», iki gezek «Haýýe alessalah», iki gezek «Haýýe alelfeläh», iki gezek «Allahüekber», bir gezek hem «Lä ilähe illallah» diýmelidigini aýdyp, tälim beripdir. Ine, şuňa esaslanyp, mäliki, şapygy, hanbalymezhebiniň alymlary terji etmegi makul hasaplapdyrlar.
Hanefi mezhebiniň alymlary bolsa şundan öňki hadysa degişli üçünjidüşündirişde Abdullah ibnZeýt ibn Abdyrebbihiň adyndan beýan edilen hadysy delil tutunýarlar. Bu hadysda terji hakda hiç zat aýdylmaýar. Abdullah ibn Zeýdiň bu hadysy ygtybarly hadyslary öz içine alýan alty sany kitabyň eýelerinden Ebu Dawut, Tirmizi, Ibn Maje tarapyndan beýan edilişi ýaly, Ibn Hybbanyň «Sahyh» we Ahmet ibn Hanbalyň «Müsned» atly kitaplarynda-da duş gelýär. Tabaranynyň Ebu Mahzuranyň adyndan beýan eden hadysynda-da terjiden söz açylmaýar. Hususanhem,ýöriş mahalynda-da, parahatçylykly günlerde-de Allahyň Resulynyň (s.a.w.) we birinji halif hezreti Ebu Bekriň zamanlarynyň tutuş dowamynda azan okap geçen Bilal bilen Ibn Ümm Mektumyň (Allahü tagala olardan razy bolsun!) terji etmezlikleri hanefi mezhebiniň alymlaryna iň gowy delildir.
Azanda sözleri iki gezek gaýtalamak, kamatda bolsa sözleri diňe bir gezek aýtmak meselesinde-de beýleki üç mezhebiň alymlary bilen hanefi mezhebiniň alymlarynyň arasynda jedel bar. Üç mezhebiň alymlary Buharynyň kitabyndaky bu hadys bilen Abdullah ibn Zeýt ibn Abdyrebbihiň ýokarda beýan edilen hadysyny, şonuň ýaly-da,Buharynyň «Ef’älül-Ibäd» kitabyndaky hadysy delil tutunýarlar. Soňky hadysda Allahyň Resuly (s.a.w.) azanyň sözlerini iki gezek we kamatyň sözlerini bir gezek aýtmagy emr edýär. Medinäniň halkynyň amalynyň şonuň ýaly bolmagy, şonuň ýaly-da,Hijaz, Ýemen, Şam, Müsür we Magryp ülkelerindäki iň uzakdaky yslam şäherlerine çenli şeýle edilmegi olaryň pikirlerini has hem berkidýär. Hanefi mezhebiniň alymlary bolsa haj möwsüminde-de, başga döwürlerde-de yslam dünýäsinde ýaşaýan adamlaryň ählisiniň jemlenýän ýeri bolan Mekgeýi-Mükerremede azan we kamat aýdylanda,sözleriň iki gezek gaýtalanýandygyny göz öňünde tutup, beýleki üç mezhebiň alymlary bilen bir hörpden gopmaýarlar we azanyň we kamatyň sözleriniň iki gezek gaýtalanmalydygyny aýdýarlar. Olaryň özlerine görä delilleri bar. Meselem, Beýhakynyň «Süneni-Kubra» kitaby bilen Ebu Awananyň «Sahyh» atly kitabynda Abdullah ibn Zeýde düýşünde azanyň we kamatyň sözleriniň iki gezek aýdylmalydygynyňöwredilendigi, Tirmiziniň kitabyndaky Ebu Jühaýfäniň adyndan beýan edilen rowaýatdaBilalyň (r.a.) kamatyň sözlerini iki gezek gaýtalandygy, Tahawynyň kitabynda Seleme ibn Ekwanyň (r.a.) adyndan, şeýle-de, Ibn Hüzeýmäniň(r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatlarda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) azançysy Söwbanyň (r.a.) hem azandyr kamaty şonuň ýaly edip aýdandygy gürrüň berilýär. Ybraýym Nahaýy hem kamatyň sözlerini bir gezekdenaýdanilkinji adamyňMugawyýadygyny habar beripdir. Aýratynhem,Müjähidiň tassyklamagyna görä, kamatyň sözleri aslynda-da, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beýik zamanasynda-da iki gezek gaýtalanyp, soňra zalym hökümdarlar kamatyň sözlerini bir gezek aýtmagy çykarypdyrlar.
Azanyň başynda dört gezek tekbir almagyň Abdullah ibn Zeýt bilen Ebu Mahzuranyň (Allahü tagala olardan razy bolsun!)adyndanygtybarly hadyslary özlerinde jemleýän kitaplardabeýan edilýändürli görnüşli rowaýatlar bilen bir hörpden gopuşy ýaly, hut şu hadyslaryň (bular hem ygtybarly hasap edilýär) beýleki nusgalaryndaazanyň başynda iki gezek tekbir alnandygynyň aýdylýandygy sebäpli,ymam Mälik soňky hadyslara daýanyp, iki gezek tekbir almagyň tarapyny çalypdyr. Medinäniň halky hem köp zaman şoňa görä hereket edipdir.
Sözümizi jemläp aýtsak, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) dört sany azançysy bardy. Medinede Bilal ibn Rebah bilen Amr ibn Ümm Mektum, Kuba obasynda Sagt Karaz ýa-da Sagt Karazy ady bilen tanalýan Sagt ibn Aiz, Mekgede Ebu MahzuraEws ibn Miger Jümahi (Allahü tagala olardan razy bolsun!) azan aýdardy. Ebu Mahzuraazanda terji ederdi. Bilal azanda terji etmän, kamatyň sözlerini bir gezek aýdardy. Ymam Şapygy bilen Mekgäniň halky Ebu Mahzuranyň azan aýdyşy bilen Bilalyň kamat aýdyşynykabul etdiler. Ymam Ebu Hanife bilen Yragyň halky Bilalyň azan aýdyşy bilen Ebu Mahzuranyň kamat aýdyşyny kabul etdiler. Ymam Ahmet ibn Hanbal bilen Medinäniň halky Bilalyň azan we kamat aýdyşyny kabul etdiler. Ymam Mälik bolsa olaryň hiç biri bilen hem ylalaşmady: ol kamatyň sözlerini iki gezek gaýtalaýşy ýaly, tekbiri-de iki gezek aýtdy.
Ertir namazynda iki gezek «Essalatühaýrun minennewm» diýmegiň gelip çykyşy Tabaranynyň «Mugjemi-Kebir» atly kitaby bilen Hapyz Ebu Şeýhiň «Kitabül-Azan» atly eserinde,şonuň ýaly-da,Ibn Majäniň «Sünen» atly kitabynda beýan edilýär. Olarda aýdylanlary gysgaça şeýle beýan etmek mümkin: «Bir gün Bilal (r.a.) ertir namazynyň wagtynyň girendigini habar bermäge gelende,Allahyň Resulybiraz ymyzganan eken. Muny aňlanBilal iki gezek «Essalatühaýrun minennewm» diýip gygyrypdyr. Onuň bu sözleri Allahyň Resulynyň (s.a.w.) göwnüne hoş ýakyp: «Bilal, bunähili gözel söz!Ertir namazynyň azanyny aýdaňda,şunyhem aýt»diýipdir».
Muny aýtmaga «teswib» diýilýär.«Teswib»diýlip,«Haýýe alessalati» žümlesiniňatlandyrylýan halatlary hem bar.
Azanda sözleri iki gezek gaýtalamagyň wajypdygyna şübhe ýok bolsa-da, azan aýtmagyň özi sünnetdir. Mysal üçin, nepil namazynyň özi parz bolmasa-da, ony okamaküçin täret almak parzdyr. Eger bu hadysyň tekstine esaslanyp, azan aýtmaga buýruk berlendigi üçin,onuň parzdygy aýdylan halatynda bolsa, ol parzy-kipaýadyr, ýagny, bir adamyň ony aýtmagy bilen, ol beýleki adamlar üçin parz bolmagyny bes edýär. Birşäheriň halkynyň hemmesi azan aýtmakdan ýüz öwren halatynda, olaryň garşysyna uruş yglan edilipdir (362-nji hadysa seret). Şonuň ýaly-da,Ibn Münzir: «Parahatçylyk wagtynda-da, ýöriş wagtynda-da azan diňe jemagat babatda parzy-kifaýedir» diýipdir. Ymam Mälik: «Jemagat metjidinde wajypdyr» diýýär. Ata bilen Müjähit hem-de olara eýeren Ewzaýy: «Azansyz okalan namaz dürs bolmaz» diýýär. Hatda Ewzaýa görä, azansyz okalan namaz wagty geçmänkä gaýtadan okalmalydyr. Käbir alymlar azanyň juma namazy üçin parzdygyny, beýleki wagtlarda okalýan namazlar üçin sünnetdigini aýdypdyrlar. Ebu Dawut Zahyrynyň düşünjesine eýerýänler azandyrkamatyň ikisiniňhem her bir namaz üçin wajypdygyny aýdýarlar.
Azany täret alyp we aýak üstünde durup aýtmak sünnetdir.