358 Azan aýtmagyň ýola goýluşy hakda. Azanyň dini manysy. Azan aýtmaga başlanylyşy barada sahabalaryň rowaýatlary. Azanyň sözleri
عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُمَا كَانَ يَقُولُ كان الْمُسْلِمُونَ حِينَ قَدِمُوا الْمَدِينَةَ يَجْتَمِعُونَ فَيَتَحَيَّنُونَ الصَّلاةَ لَيْسَ يُنَادَى لَهَا فَتَكَلَّمُوا يَوْمًا فِي ذَلِكَ فَقَالَ بَعْضُهُمِ اتَّخِذُوا نَاقُوسًا مِثْلَ َنَاقُوسِ النَّصَارَى وَ قَالَ بَعْضُهُمْ بَلْ بُوقًا مِثْلَ قَرْنِ الْيَهُودِ فَقَالَ عُمَرُ أَوَلا تَبْعَثُونَ رًجُلاً يُنَادِي بِا لصَّلَاةِ فَقَالَ رَسُولَ اللهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: يَا بِلَالُ قُمْ فَنَادِ بِالصَّلَاةِ.
Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Muhajir bolup Medinä gelen döwürlerinde, musulmanlarbir ýere toplanyp, namaz wagtynyanyklamaga çalşardylar. Namaza çagyrylmazdy1. Bir gün bu mesele barada maslahatetdiler. Käbirleri hristianlaryň jaňy ýaly jaň ulanmagy makul bildiler, başga birleri bolsa ýehudylaryň surnaýy ýaly surnaý ulanmagy maslahat berdiler2. Omar (r.a): «Näme üçin bir adamugradyp,halky namaza çagyrtmaýarsyňyz?» diýdi3. Allahyň Resuly (s.a.w.) şondan soňra: «Bilal, ýeriňden tur-da, namaza çagyr (ýagny azan4aýt)»diýip seselendi».
1Ýagny, şol döwürde azan aýdylmazdy-da: «Namaza, namaza!» diýip çagyrylardy. Ýöne bu çakylyk biziň bilýän azanymyz ýaly bolmansoň, hadysyň bu ýerinde häzirki döwürde edilişi ýaly,azana gygyrylmandygy aýdyljak bolunýar. Sebäbi, Ebu Şeýh ibn Hybbanyň «Kitabül-Ezan» atly kitabyndaky Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda şeýle diýilýär: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) zamanynda namaz wagtlary girende,biri köçeme-köçe aýlanyp: «Namaza, namaza!» diýip, çagyryp çykardy. Bu adamlara kyn düşdi. «Bir jaň edinäýsek» diýdiler.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ol hristianlara mahsusdyr» diýdi. «Surnaý çalaýsak» diýdiler.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Olhem ýehudylara mahsusdyr»diýdi. «Bir belent ýerde ot ýakaýsak» diýdiler.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ol otparazlara mahsusdyr» diýdi (dowamy şu hadysdaky ýaly)».
Ibn Majäniň kitabynda Abdullah ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilip, başga bir ýoldan gelip ýeten rowaýatda aýdylyşyna görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) halky namaza üýşürmekdäki kynçylyklar sebäpli maslahat çagyrypdyr. Oňa surnaý çalmagy teklip edipdirler. Olmunuň ýehudylara mahsusdygy üçin, bu teklibi oňlamandyr. Soňra jaňdan söz açypdyrlar. Ony hem hristianlara mahsusdygy üçin unamandyr. Şol gije ensardan Abdullah ibn Zeýt diýilýän bir adam bilen Omar ibnHattabyň (Allahü tagala ikisinden hem razy bolsun!)düýşüne azanyň aýdylyşy giripdir. Abdullah ibn Zeýt gijäniň içinde Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna baryp, gören düýşüni aýdyp beripdir. Allahyň Resuly-da (s.a.w.) Bilala buýruk berip, Abdullahyň düýşünde eşiden sözleri bilen azan aýtdyrypdyr.
Bu hadysy gürrüň berenleriň biri bolan Zühriniň rowaýatynda: «Bilal ertir namazyna çagyranda: «Essalatu haýrun minennewm (namaz ukudan haýyrlydyr)» diýip, azanyň sözleriniň üstüne goşdy. Allahyň Resuly (s.a.w.) bu goşmaçany ykrar etdi, ýagny, şol durşuna galdyrdy. Omar: «Ýa Allahyň Resuly, onuň (Abdullah ibn Zeýdiň) gören düýşüni, walla, menhem gördüm. Ýöne ol menden öň deprendi» diýdi» diýen sözlerhem bar. Bilalyň azanyň üstüne goşan sözleri ilkibaşda gelen buýrukda ýok eken. Onuň sebäbi bu hadysyň yzyndan gelýän hadysyň düşündirişinde jikme-jik beýan edilýär.
2Buharynyň Enesiň (r.a.) adyndan beýan eden başga bir rowaýatynda: «Ot ýakmak, jaň asmak hakdaky pikir kellelerine gelen bolsa-da, bularyň ýehudylar bilen hristianlara mahsusdygy hem ýatlaryna düşüp, olardan ýüz öwrüldi (dowamy şu hadysdaky ýaly)» diýlipdir. Bu rowaýata ýokardaky düşündirişde Ebu Şeýh ibn Hybbanyň kitabyndandygy aýdylyp, Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysdan bölünip alnan hadysdygyna şübhe ýok.
3Buharynyň buhadysynda-da gysgaltmalara ýol berlendigi şübhesizdir. Beýleki rowaýatlardan, hususanhem,Abdullah ibn Omaryň ýokardaky düşündirişde getirilen rowaýatyndan hezreti Omar (r.a.) bu sözi maslahat mahaly aýtmadyga meňzeýär. Buharynyň hadysynda köp sözleriň ýetmeýändigi aýdylsa, hakykata laýyk bolar. Sebäbi, belli bir sözler bilen azan aýtmak kararyna Abdullah ibn Zeýt ibn Abdyrebbihiň(r.a.) gören düýşünden soňragelinýär. Şondan çen tutanyňda,Abdullah ibn Zeýt gören düýşüni habar berip, onuň mazmuny boýunça amal etmek Allahyň Resulynyň (s.a.w.) makullamagyna mynasyp bolanyndan soň, hezreti Omaryň (r.a.) şu sözleri aýdan bolmagy mümkindir. Kurtubagörä, rowaýata şu yzdaky sözler girizilmändir: «Maslahatdan soňradagadylar. Soňra Abdullah ibn Zeýt düýş görüp, ony Allahyň Resulyna (s.a.w.) habar berdi. Ol hem bu düýşüň dogrudygynytassyklady.Soňra Omar (r.a.)... diýdi». Ýöne bu wakalaryň nähili yzygiderlilikde bolup geçendigini çaklajak bolup,özüňi gynamaga zerurlyk ýok. Maslahat wagtynda teklip edilen pikirleriň hiç biriniňAllahyň Resulynyň (s.a.w.) makullamagyna mynasyp bolmandygyny göreninden soň, Omar (r.a.): «Namaza, namaza! Haýda jemagat namazyna!» diýip, halkyň namaza çagyrylmagynyň pikirinde bolupdyr we Abdullah ibn Zeýt ikisi azan bilen baglanyşykly düýşi şol wakadan soňragörüpdirler. Indiki geljek rowaýat bilen bu rowaýat bu babatda biri-birine golaý hasap edilip bilner.
Azan aýtmak barada sahabalaryň köp sanlysy rowaýat edipdirler. Bu babatda göwnüňe iň jaý rowaýat hem Ebu Dawudyň «Sünen»atlykitabynda Ebu Umeýr Abdullah ibn Enes ibn Mäligiň adyndan beýan edilen rowaýatdyr. Şol rowaýata görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) adamlary namaz okamak üçin toplamak meselesi bilen meşgul bolupdyr. Oňa: «Namazyň wagty girende bir baýdak galdyryň. Halk baýdagy görüp, biri-birine habar berer» diýipdirler. Allahyň Resuly (s.a.w.) bu pikiri goldamandyr. Surnaý çalmakdan gürrüň gozgalypdyr.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Bu ýehudylara mahsus zatdyr» diýipdir. Jaň kakmakdan gürrüň gozgalypdyr.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Bu hem hristianlara mahsusdyr» diýipdir. Abdullah ibn Zeýt Ensary Allahyň Resulynyň (s.a.w.) uly alada galandygyny görüp, maslahatdan keýpsiz gaýdypdyr. Ol şol gün gije düýşünde azanyň aýdylyşyny görüpdir we ertesi gün derrew Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip: «Ýa Allahyň Resuly, men ne ukyda, ne-deoýa bir halda ýatyrkam,biri gelip, maňa azan aýdylyşyny, ýagny, namazyň wagtynyň girendigini nähili edip yglan etmelidigini görkezdi» diýip, başyndan geçen wakany aýdyp beripdir. Omar (r.a.) hem şondan ýigrimi gün öň edil şonuň ýaly düýş gören eken. Ýöne ol gören düýşüni hiç kime gürrüň bermändir. Diňe Abdullah ibn Zeýdiň getiren habaryndan soň, öz gören düýşüni Allahyň Resulyna (s.a.w.) habar beripdir. Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Ýagşy, sen näme üçin ony habar bermediň?» diýip beren sowalyna, ol: «Abdullah ibn Zeýt menden öňürtdi-de, men aýtmaga utandym» diýip jogap beripdir. Şondan soňraAllahyň Resuly (s.a.w.) Bilala (r.a.) ýüzlenip: «Ýeriňden tur-da,Abdullah ibn Zeýt saňa näme aýtsa, şonuň ýaly edip gaýtala»diýipdir. Ine, bu rowaýata görä, Abdullah ibn Zeýdiň öz düýşüni gürrüň beren wagty Omaryň (r.a.) hem şol ýerdedigini aňlamak bolýar. Buharynyň şu gürrüňlere sebäp bolan rowaýatynda-da bu pikir öňe sürülýär.
Şonuň ýaly-da,Abdullah ibnZeýdiň özüniň gürrüň beren rowaýaty hem bar. Ol rowaýatda Abdullah ibn Zeýt düýşüni gürrüň berende,Omaryň (r.a.) şol ýerde bolmandygy aýdylyp, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) özüne teklip edilen zatlary göwünsizräk diňläp, jaň ulanmak barada görkezme berendigi hem ýaňzydylýar. Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda Abdullah ibn Zeýdiň adyndan beýan edilen rowaýatda şeýle diýilýär: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namazyň jemagat bolup okalmagy üçin, jaň asylyp, şony owazlandyrmagy buýran mahallarydy. Uklap ýatyrkam meniň ýanyma eli jaňly biri geldi. Oňa: «Eý Allahyň guly, şu jaňyňy satjakmy?» diýdim. Ol: «Muny näme etjek?» diýdi. Men: «Munuň kömegi bilen halky namaza çagyrarys» diýdim. Ol: «Saňa has haýyrlysyny görkezsem bolmazmy?» diýdi. Men: «Bolar, bolar» diýdim. Şondan soňraol: «Allahüekber, Allahüekber, Allahüekber, Allahüekber, eşhedüen lä iläheillalla, eşhedüen lä iläheillalla, eşhedüenne Muhammeden rasulylla, eşhedüenne Muhammeden rasulylla, haýýe alessalah, haýýe alessalah, haýýe alel feläh, haýýe alel feläh, Allahüekber, Allahüekber, lä ilähe illalla» diýdi. Soňra ol biraz yza çekilip we ýene maňa tarap öwrülip: «Namaz okamakçy bolaňda-da: «Allahüekber, Allahüekber, eşhedüen lä ilähe illalla, eşhedüenne Muhammeden rasulylla. Haýýe alessalah, haýýe alel feläh, kadkametissalatükadkametissalah. Allahüekber, Allahüekber, lä ilähe illalla» diýersiň» diýdi. Men daň atanyndan soňraAllahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip, gören düýşümi habar berdim. Ol: «Inşalla,düýşoraşandyr. Bilal bilen birlikde aýak üstüne gal-da, gören zadyňy oňa öwret. Azany ol okasyn, çünki,sesi seniňkiden has belent» diýdi. Bilal ikimiz aýak üstüne galdyk. Men oňa öwretmäge başladym, olhem aýdanymy gaýtalady. Omar ibn Hattap (r.a.) onuň sesini öýündekä eşidip, ýapynjasyny süýräbräk, tiz ýetip geldi-de: «Ýa Allahyň Resuly, saňa pygamberligi bagyş eden Allahü tagaladan ant içýärin, onuň gören düýşüni menhem görüpdim» diýdi. Allahyň Resuly-da (s.a.w.): «Şonuň üçin Allah hamdu-sena bolsun!»diýip seslendi (dogrusyny bir Allahü tagala bilýär)».
Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda Ibn Ebu Leýlanyň adyndan beýan edilen rowaýatda Abdullah ibn Zeýt: «Adamlaryň hyşy-wyşy gürrüň etmejeklerini bilsedim, muny göremde oýadygymy, ukuda däldigimi aýdardym» diýýär.
Ibn Majäniň kitabyndaky rowaýat bolsa: «Allahyň Resuly (s.a.w.) surnaý çaldyrmagy niýet edipdir, jaň asyljak tagtalary ýonmaga emr edipdir» diýen sözler bilen başlanyp, onda kamat getirilende aýdylýan sözler hakynda hiç zat aýdylmandyr. Ol rowaýatyň iň soňunda bolsa Abdullah ibn Zeýdiň (r.a.) ýazan beýtleri ýerleşdirilipdir. Şol beýtleriň manysy şeýledir: «Azany maňa bildireni üçin Beýiklik we Kerem eýesi bolan Allahü tagala köp-köp hamdu-sena edýärin. Ony maňa Allahü tagala tarapyndan gelen bir buşlukçy getirdi.Sylagy we hormaty meniňkiden has uly bolan bir buşlukçy! Ol buşlukçy yzygider üç gije gelip, maňa söz sözledi. Her gezek gelende-de,meniň oňa bolan hormatym artdy gitdiotyrdy». Dogrusyny bir Allahü tagala bilýär.
Bu hadysy Ibn Hybban öz «Sahyh» atly kitabynda, Ahmet ibn Hanbal bolsa «Müsned» atly kitabynda beýan edipdir.
«Pygamberlerden başga kişileriň görendüýşleri boýunçahökümçykarylmadyk ýagdaýynda, nähili bolup,azan sahabalaryň biriniň ýa-da ikisiniň düýşi bilen esaslandyryldyka?» diýen sorag ýüze çykýar. Hernäme-de bolsa, bu meselede sahabalaryň düýşüniň wahy bilenhem tassyklanan bolmagy mümkindir. Mysal üçin, Ebu Dawudyň «Meraasil» atly kitabynda tabygynlardan Ubeýt ibn Umeýr Leýsiň adyndan beýan edilişine görä, hezreti Omar (r.a.) gören düýşüni habar bermäge gelende,wahy inip dur eken. Hezreti Omar düýşüni gürrüň bermekçi bolupdyr. Bir görse, Bilal (r.a.) azan aýdyp durmuş. Allahyň Resuly-da (s.a.w.) oňa: «Bu aýdan sözleriň wahy görnüşinde has ozal geldi» diýipdir. Diýmek,azan diňe bir düýş bilen däl, eýsem wahy bilenhem tassyklanypdyr.
Bu meseleden söz açyp, tefsirçi Süheýli şeýle diýýär: «Azanyň wahy arkaly buýrulman, bir adamyň düýşi arkaly äşgär bolmagyndaky hikmet şudur: azan Allahyň Resulyna (s.a.w.) Magraç gijesinde ýedi gat asmanyň ýokarsynda görkezilipdi. Azanyň parz edilmegi Medinä hijret edilen döwre çenli yza çekilip, adamlaranamaz wagtlaryny yglan etmek meselesi ýüze çykanda, Allahyň Resuly (s.a.w.) wahyýagaraşmaga başlaýar. Birden Abdullah ibn Zeýt düýş görýär. Ol düýş ýedi gat asmanyň üstünde göreni bilen deň gelýär. Şonuň üçinhemAllahyň Resuly (s.a.w.): «Inşallah, bu düýş oraşandyr»diýip, mundan asmanda görenleriniň ýerde sünnet bolmagynyň Allahyň islegidigi barada netije çykarypdyr. Omaryň düýşi-de şol düýş bilen gabat geleninden soň, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu hökümi güýjüne girýär. Hususanhem,şu «Azan kitabyna» degişli 4-nji düşündirişdäki iki aýat azanyň kanunlaşdyrylmagynyň wahynyň inmegi bilenhem tassyklanandygyny görkezýär.
Azanyň ilkibaşda pygamberden başga kişiniň dilinden adamlaryň arasynda ýaýramagy-da Allahü tagalanyň hikmetidir. Çünki,azan: وَرَفَعْنَا لَكَ ذِكْرَكَ= «We refegnä leke zikreke»(golaý manysy:«Seniň şanyňy we şöhratyňy beýgeltmedikmi?».«Inşirah» süresiniň 4-nji aýaty)diýen mukaddes sözleriň beýik manysyna laýyklykda, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) mübärek adyny öz içine almak bilen,ony hashem belende göterýär. Bu beýik matlabyň-da onuň öz dilinden däl-de, başga biriniňdilinden äşgär edilmegi has ýerine düşjekdi.
4«Ezan»diýen arapsözi yglan etmegi aňladýar. Şerigat ylmynda bolsaolbelli bir wagtlarda belli bir sözleriň kömegi bilen ýörite yglan etmegi aňladyp, şol wagtlar namaz wagtlarydyr, ol sözler bolsa Allahü tagalatarapyndankesgitlenen we şol wagtlarda gaýtalanýan sözlerdir. Alymlaryň gelen umumy pikirine görä, azan az sanly sözlerde ygtykat we amal bilen baglanyşykly meseleleriň hemmesini öz içine alýar.
«Allahüekber» söz düzümi Ýaradanyň bardygyny subut etmäge delil bolup hyzmat etmek bilen bir wagtda,Onuň kämil sypatlarynyň hemmesine hem şaýatlyk edýär. «Eşhedüen lä ilähe illalla» diýen ajaýyp söz düzümi Allahü tagalanyň ýeke-täkdigini we oňa şärik goşmagyň gadagandygyny ykrar etmegi, «Eşhedüenne Muhammeden rasulyllah» diýen gözel jümle Muhammet alaýhyssalamyň beýik pygamberdigini we şonuň hatyrasyna ähli pygamberleri we Allahü tagalanyň ilçileriniň hemmesiniňpygamberliklerini we ilçiliklerini tassyklamagy, «Haýýe alessalah» diýen emr Allahü tagala tagat etmek üçindiňeAllahyň Resulynyň (s.a.w.) tarapyndan edilen çagyryşy, «Haýýe alelfeläh» diýen buýruk bolsa halas bolmaklyga çagyryşy we o dünýäniň bardygyny tassyklamagy aňladýar. Bu mukaddes sözleriň gaýtalanmagy olaryň mazmunyna gowy düşünilmegi üçindir.
Azan namazyň wagtynyň girendigini habar bermäge, adamlary namaza çagyrmaga, yslamyň kada-kanunlaryny äşgär etmäge niýetlenendir. Buhary azandan söz açýan hadyslardan öňürti:وَإِذَا نَادَيْتُمْ إِلَى الصَّلَاةِ اتَّخَذُوهَا هُزُوًا وَلَعِبًا ذَلِكَ بِأَنَّهُمْ قَوْمٌ لَا يَعْقِلُونَ= «We izä nädeýtüm ilessaläti ittehazüuwhä hüzüwen we lagyben. Zälike bi-ennehüm kawmen lä ýegkyluwne»(golaý manysy: «Namaza çagyran mahalyňyz, olar muny gülki we oýun hasaplarlar. Beýle etmekleri olaryň pikir etmäge ukypsyz adamdyklary üçindir». «Maide» süresiniň 58-nji aýaty)aýaty-kerimesinihem-de:يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آَمَنُوا إِذَا نُودِيَ لِلصَّلَاةِ مِنْ يَوْمِ الْجُمُعَةِ فَاسْعَوْا إِلَى ذِكْرِ اللَّهِ وَذَرُوا الْبَيْعَ ذَلِكُمْ خَيْرٌ لَكُمْ إِنْ كُنْتُمْ تَعْلَمُونَ= «Ýäää-eýýühelleziýne ämenüwww izä nüwdiýe lissaläti min ýewmil-jumugati fesgaw ilä zikrillähi we zerül-beýga. Zäliküm haýrün leküm in küntüm taglemuwne»(golaý manysy: «Juma güni namaza çagyrylanmahalyAllahü tagalany ýatlamaga howlugyň we söwdany taşlaň. Eger bilseňiz, elbetde, bu siziň üçin has peýdalydyr»(«Juma» süresiniň 9-njyaýaty) aýaty-kerimesinipata hökmünde getirýär. Beýle etmek bilen ol azanyň Kuranyň hökümlerinden gelip çykandygyny görkezmek isläpdir.
Azan, ýagny, namaza çagyryş häzir bize mälim bolan görnüşinde ýüze çykmazyndan öň namazyň wagty girende: «Namaza, namaza!» diýip, köçeme-köçe aýlanyp çykylar eken. Beýdip namaza çagyrmagyň kyn düşýändigi üçin,onuň aňsat bir usulyny tapmak maksady bilen, Allahyň Resuly (s.a.w.) sahabalar bilen maslahat edipdir. Azandan söz açýan hadyslaryň jeminden görnüşine görä, şular ýaly maslahata birnäçe gezek üýşülip, olaryň hiç birinde hem belli bir karara gelmändirler. Iň soňunda Allahü tagalanyň Abdullah ibnZeýt ibn Abdyrebbih Ensary bilen Omar ibn Hattabyň (Allahü tagala olardan razy bolsun!) ikisiniňhem düýşüne giren buýrugy azany häzirki görnüşinde ebedileşdiripdir.