221 Aýbaşynyň hapa däldigi hakda

Başy » AÝBAŞY KITABY » 221 Aýbaşynyň hapa däldigi hakda

  عن مَيْمُونَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا زَوْجَ النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: أَنَّهَا كَانَتْ تَكُونُ حَائِضًا لا تُصلى ، وَهِيَ مُفْتَرِشَةٌ بِحِذَاءِ مَسْجِدِ رَسُولِ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ ، وَهُوَ يُصلى عَلَى خُمْرَتِهِ ، إِذَا سَجَدَ أَصَابَنِي بَعْضُ ثَوْبِه.

 

       Musulmanlaryň enesi Meýmüwne binti Harys Hylalyýýa (r.a.) şeýle diýipdir: «Käte aýbaşym geleni sebäpli namaz okamazdym-da, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okaýan ýeriniň gapdalynda oturardym. Ol adatça namazyny namazlygyň üstünde okardy. Ol sejde eden mahaly köýneginiň käbir ýerleri maňa galtaşardy»1.

 

1Bu ýerde aýbaşynyň hapa zat däldigi aýdyljak bolunýar. Mysal üçin, ýokarky hadysdan hem çaga dogurýan aýalyň hapa bolmaýandygyny aňlamak bolýar. 203-nji hadysa we düşündirişine, 204, 205, 206, 207, 208, 210, 216, 217-nji hadyslara-da seret.