220 Zenanyň jynaza namazyny okajagyň durmaly ýeri hakda
عَنْ سَمُرَةَ بْنِ جُنْدُبٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ امْرَأَةً مَاتَتْ فِي بَطْنٍ ، فَصَلَّى عَلَيْهَا النَّبِيُّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ ، فَقَامَ وَسَطَهَا.
Semüwre ibn Jündep (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir aýal1 çaga üstünde aradan çykdy. Allahyň Resuly (s.a.w.) onuň jynaza namazyny okady. Şonda onuň göwresiniň dogry gap bilini gabatlap durdy».
1Ýogalan aýal Ümmi Kagp Ensaryýýady. Jeset erkek adama degişli bolsa, onuň jynazasyny okaýan ymam ýa-da ýeke özi jynaza duran adam ýogalanyň kellesiniň göni garşysynda durar. Eger ýogalan zenan maşgala bolsa, onuň kellesiniň garşysynda durmagyň ýa-da gös-göni biliniň garşysynda durmagyň haýsysynyň has sogaplydygy hakynda düşünişmezlik bar. Ikinji pikire eýerýänleriň delili şu hadysdyr.