219 Aýbaşysy gelýän zenan Käbäni togap etmez
عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا زَوْجِ النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ أَنَّهَا قَالَتْ لِرَسُولِ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: يَا رَسُولَ اللَّهِ ، إِنَّ صَفِيَّةَ بِنْتَ حُيَيٍّ قَدْ حَاضَتْ. قَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: (لَعَلَّهَا تَحْبِسُنَا ، أَلَمْ تَكُنْ طَافَتْ مَعَكُنَّ). فَقَالُوا: بَلَى ، قَالَ: (فَاخْرُجِي).
Bu hadys musulmanlaryň enesi Äşäniň (r.a.) adyndan gürrüň berilýär. Ol Allahyň Resulyna (s.a.w.) Safyýýa binti Huýeýýiň (r.a.) aýbaşysynyň gelip başlandygyny habar beripdir1. «ŞondaAllahyň Resuly (s.a.w.): «Bizi ýolumyzdan alyp galmasa-da biridir. Ol siziň bilen birlikde togap edipmidi?» diýdi2. Biz hem: «Hawa» diýip jogap berdik. Ol: «Onuň ýaly bolsa, ýola çykyň3» diýdi».
1Bu ýagdaý hormatly Mekgeden nurly Medinä dönmek barada buýruk beriljek bolup durka ýüze çykypdyr.
2Bu sözlerden Käbä togap etmegiň hajyň esasy sütünleriniň biridigini aňlamak bolýar. Şony ýerine ýetirmeýän aýbaşyly zenan tämizlenip, togap edýänçä haj borjuny ýerine ýetiren hasaplanmaz.
3Bu ýerde musulmanlaryň enelerine ýüzlenilýär. Ýöne Buharynyň toplan nusgalaryna görä, musulmanlaryň enesi Safyýýa (r.a.) ýa-da oňa eşitdirmegi üçin Äşä (r.a.) ýüzlenilen bolup çykýar. Ikinji çaklama görä, ol ýüzlenme: «Oňa ýola çyk diý!»manysyna eýe bolýar.