218 Aýbaşy ganynyň reňki hakda

Başy » AÝBAŞY KITABY » 218 Aýbaşy ganynyň reňki hakda

    عَنْ أُمِّ عَطِيَّةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا قَالَتْ: كُنَّا لا نَعُدُّ الْكُدْرَةَ وَالصُّفْرَةَ شَيْئًا.

 

       Ýene Ümmi Atyýýa (r.a.) şeýle diýipdir: «Biz bulanyk we sary reňkli ganyň1 gelmegini aýbaşy hasap etmezdik».

 

1Bu ýerde gürrüň aýbaşy döwründen başga wagtda görnen ganyň reňkleri hakda gidýär. Ýogsam,aýbaşy döwründe ganyň nähili reňkdedigine garamazdan, ol aýbaşy gany hasap edilýär. Ebu Dawudyň rowaýatynda: «Tämizlik döwründen başga» diýen düşündirişiň bolmagy-da şoňa delildir. Başga bir rowaýat hem şu pikiri goldaýar. Bu reňklerdäki ganyň heran-haçan aýbaşydan habar berýändigi barada hezreti Äşäniň adyndan aýdylýan bir rowaýat bar bolsa-da, ol rowaýatyň kimleriň üsti bilen gelip ýetendigi anyk bolmansoň, ygtybarly däldir. Alymlaryň esasy köplügi ganyň sarymtyl we bulanyk bolmagynyň aýbaşy gelýän döwürde aýbaşynyň alamatydygy, ondan başga wagtda bolsa hiç bir zadyň hem alamaty däldigi bilen ylalaşýar. Ymam Alynyň hem (keremallahu wejheh) şonuň ýaly pikirde bolandygyny aýdýarlar. Sagyt ibn Müseýýep, Ata, Hasan Basry, Ibn Sirin, Rabygat Reý, Söwri, Ewzaýy, Leýs ibn Sagt, Ebu Hanife, Muhammet ibn Hasan, Şapygy, Ahmet ibn Hanbal, Yshak ibn Rahuýa dagylaryň hemmesi hem şu pikirde bolupdyr. Ebu Ýusup beýle ýagdaýyň aýbaşy gelýän döwürden öň aýbaşynyň alamaty däldigini, aýbaşy gelýän döwürden soňra bolsa aýbaşynyň alamatydygyny aýdypdyr. Ebu Söwr hem şonuň yzyna eýeripdir. Ymam Mälik onuň aýbaşy gelýän döwürde-de, beýleki döwürlerde-de aýbaşynyň alamatydygy bilen ylalaşypdyr.