217 Aýbaşysy gelýän zenanlar namaz okalýan ýerlerden daşrakda durmaly

Başy » AÝBAŞY KITABY » 217 Aýbaşysy gelýän zenanlar namaz okalýan ýerlerden daşrakda durmaly

عن أُمُّ عَطِيَّةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا قَالَتْ: سَمِعْتِ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يَقُولُ: ( يخْرُجْ الْعَوَاتِقُ ، و ذَوَاتُ الْخُدُورِ ، أَوْ الْعَوَاتِقُ ذَوَاتُ الْخُدُورِ ، وَالْحُيَّضُ فَيَشْهَدْنَ الْخَيْرَ وَدَعْوَةَ المؤمنين ، وَيَعْتَزِلُ الْحُيَّضُ الْمُصَلَّى). قيل لها: الْحُيَّضُ ؟ فَقَالَتْ: أَوَلَيْسَ تَشْهَدُ عَرَفَةَ ، وَتَشْهَدُ كَذَا وَتَشْهَدُ كَذَا.

 

         Ümmi Atyýýa (Nüseýbe binti Harys ýa-da binti Kagp)(r.a.) şeýle diýipdir1: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Ýetişen gyzlar, perdäniň aňyrsyndaky aýallar we aýbaşysy gelýän zenanlar çykyp, haýyrly mejlislere2 we musulmanlaryň doga okaýan ýerlerine barsynlar, ýöne aýbaşysy gelýän zenanlar namaz okalýan ýerden daşrakda dursunlar»3 diýendigini eşitdim».

Şulary gürrüň berýärkä biri4 Ümmi Atyýýadan: «Aýbaşysy gelýän zenanlarammy?» diýip sorapdyr. Ol jogap hökmünde: «Olar Arafata, pylan we pylan5 ýerlere barmaýarlarmy?» diýipdir6.

 

1Bu hadysy-şerif Buharyda Muhammet ibn Siriniň aýal dogany Hafsa binti Siriniň adyndan has jikme-jik beýan edilýär. Hafsa binti Sirin hadysy şeýle başlaýar: «Biz baýram günlerinde namaz okalýan ýerlere barmagy ýaş zenanlarymyza gadagan ederdik. Bir aýal Basra gelip, halap tiresinyň köşgüne tarap gaýtdy. (Bu köşk «Talhat-ut-Tylhat» diýlip atlandyrylyp, meşhur Talhat ibn Abdullah ibn Halap Huzagynyň köşgüdi). Ol aýal öz aýal doganynyň (onuň äri Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde on iki sany söweşe gatnaşypdyr. Buzenanyň özi-de şol söweşleriň altysynda äriniň ýanynda bolupdyr): «Biz ýaralylara kömek bererdik, hassalara serederdik» diýendigini habar berenindensoňra: «Aýal doganym Pygamberden (s.a.w.): «Birimiziň perenjesi bolmadyk ýagdaýynda, onuň namaz okalýan ýere barmagyna gadagançylyk barmy?» diýip sorapdyr. Pygamber hem (s.a.w.) aýdypdyr: «Arkadaşy öz ýapynjalaryndan birini oňa geýdirsin we ol haýyrly mejlislere we musulmanlaryň doga okaýan ýerine barsyn».

Hafsa binti Sirin şeýle diýýär: «Ümmi Atyýýa (r.a.) bu ýere gelende: «Muny Pygamberden (s.a.w.) öz gulagyň bilen eşitdiňmi?» diýip soradym. Ol: «Atamdan ant içýärin, hawa eşitdim. Allahyň Resuly (s.a.w.) ...». Onuň sözüniň dowamy bu hadysdaky ýalydyr. Bu hadysda Hafsa binti Sirin: «Ümmi Atyýýa (r.a.) heran-haçan Allahyň Resulyndan (s.a.w.) söz açsa: «Atamdan ant içýärin diýerdi» diýip, gepiň gerdişine görä aýdýar.

2Haýyrly mejlisler diýilýän ýerler din düzgünleri öwredilýän mejlisler, hukuk we hadys öwredilýän mejlisler, zyýarat ediljek hassahanalar ýaly haýyrly we sogaply ýerlerdir.

3Aýbaşysy gelýän zenanlaryň metjide girmegi gowy görülmese-de, olaryň şäheriň daşyndaky namaz okalýan ýerlere barmaklaryna, diýmek, rugsat berlipdir. Sebäbi namaz okalýan ýer diňe namaz okamak üçin niýetlenen ýer däldir. Ýöne aýbaşysy gelýän zenanlaryň namaz okalýan ýerde namaza duran erkeklerden biraz uzakda durup, olara goşulmaklary göwnejaý bolar.

4Bu soragy beren Safyýýa binti Sirindir.

5«Pylan we pylan ýerler» diýdigi Müzdelife ýaly, Mina ýaly ýagmyr diläp namaz okalýan ýerlerdir.

6Aýallaryň şular ýaly haýyrly we bereketli mejlislere gidip, doga okamaklary, doga okaýanlar bilen birlikde «ämin» diýmekleri sogap bolsa-da, ýaş we owadan zenanlaryň beýle ýerlere barmaklarynyň (has hem irki döwürlerde we tabygynlaryň zamanynda),pitne howpy sebäpli,gadagandygy hakynda karar çykarylypdyr. 209-njy hadysyň teksti bilen düşündirişine-de seret.