215 Aýbaşysy gelen zenanyň aýbaşysy gelen döwründe terk eden namazlaryny kaza etmeli däldigi hakda

Başy » AÝBAŞY KITABY » 215 Aýbaşysy gelen zenanyň aýbaşysy gelen döwründe terk eden namazlaryny kaza etmeli däldigi hakda

   عن عائشة رَضِيَ الله عَنْها: أن إمرأة قالت: أَتَجْزِي إِحْدَانَا صَلاتَهَا إِذَا طَهُرَتْ؟ فَقَالَتْ: أَحَرُورِيَّةٌ أَنْتِ؟ كُنَّا نَحِيضُ مَعَ النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ ، فَلا يَأْمُرُنَا بِهِ ، أَوْ قَالَتْ فَلا نَفْعَلُهُ .

 

Ýene Äşäniň (r.a.) adyndan beýan edilen bir rowaýata görä, aýallaryň biri1 ondan: «Zenan maşgala tämizleneninden soňra aýbaşysy gelen döwründe terk eden namazlarynyň kazasyny almalymy?» diýip sorapdyr2. Äşe (r.a.) oňa: «Sen beýle diýýärsiň welin harurylardan-a dälsiň?3 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanynda wagtymyz hem aýbaşymyz gelerdi, ýöne soňrabeýle etmelidigini aýtmazdy» diýip jogap beripdir. Başga bir rowaýatda bolsa: «Beýle etmezdik» diýendigi aýdylýar.

 

1Sorag beren aýalyň Mugaza binti Abdullah Adawyýýadygy Buharynyň bir rowaýatynda aýdyňlaşdyrylýar.

2Başga bir rowaýatda Mugazanyň musulmanlaryň enesi hezretlerine: «Näme üçin aýbaşy orazany kaza goýýar-da, namazy kaza goýmaýar?» diýip sorag berendigi aýdylýar. Namazyň kaza galmazlygynyň ýeňillik üçindigi jogapdan belli bolýar. Günde bäş gezek gaýtalanýan ybadatyň kazasyny almak onçakly ýeňil däl. Remezan orazasy bolsa ýylda bir gezek parz edilen. Bir ýylyň dowamynda birnäçe günläp tutulmadyk orazanyň kazasyny almak has aňsatdyr.

3Harurylar Kufe dagynyň golaýyndaky Harura diýilýän ýerde ýaşaýan haryjylaryň bir bölegidir. Bu taýpanyň şol ýerde emele gelendigi üçin,olara harurylar diýlipdir. Bular din buýruklaryny güýçlendirmek bahanasy bilen örän ýalňyş delillere daýanypdyrlar. Harurylar aýbaşysy gelen aýallaryň terk eden namazlarynyň kazasyny almaklarynyň wajypdygyna ynanypdyrlar we bu meselede tutuş ymmata garşy durupdyrlar.