214 Aýbaşysy gelen zenanyň öz niýet eden umrasyny bozmagy
عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ الله عَنْها قَالَتْ: خَرَجْنَا مُوَافِينَ لِهِلالِ ذِي الْحِجَّةِ ، فَقَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: (مَنْ أَحَبَّ أَنْ يُهِلَّ بِعُمْرَةٍ فَلْيُهْلِلْ ، فَإِنِّي لَوْلا أَنِّي أَهْدَيْتُ لأَهْلَلْتُ بِعُمْرَةٍ) فَأَهَلَّ بَعْضُهُمْ بِعُمْرَةٍ وَأَهَلَّ بَعْضُهُمْ بِحَجٍّ ، وَكُنْتُ أَنَا مِمَّنْ أَهَلَّ بِعُمْرَةٍ ، فَأَدْرَكَنِي يَوْمُ عَرَفَةَ وَأَنَا حَائِضٌ ، فَشَكَوْتُ إِلَى النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ ، فَقَالَ: (دَعِي عُمْرَتَكِ ، وَانْقُضِي رَأْسَكِ ، وَامْتَشِطِي ، وَأَهِلِّي بِحَجٍّ). فَفَعَلْتُ ، حَتَّى إِذَا كَانَ لَيْلَةُ الْحَصْبَةِ أَرْسَلَ مَعِي أَخِي عَبْدَ الرَّحْمَنِ بْنَ أَبِي بَكْرٍ ، فَخَرَجْتُ إِلَى التَّنْعِيمِ فَأَهْلَلْتُ بِعُمْرَةٍ مَكَانَ عُمْرَتِي . وَلَمْ يَكُنْ فِي شَيْءٍ مِنْ ذَلِكَ هَدْيٌ وَلا صَوْمٌ وَلا صَدَقَةٌ.
Ýene Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Zilhijjäniň aýyny asmandan gözläbräk Medineden çykdyk1.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Kim umra niýeti bilen yhrama girmek islese, giribersin. Men hem ýanym bilen gurbanlyk mal getirmedik bolsadym, onda umra niýeti bilen yhrama girerdim» diýdi. Şondan soňra kim umra niýeti bilen, kim hem haj niýeti bilen yhrama girdi»2. Men umra niýeti bilen yhrama girenlerdendim. Arafe güni meniň aýbaşyly wagtyma gabat geldi we men bu ýagdaýy hezreti Pygambere (s.a.w.) habar berdim. Ol: „Beýle bolsa, umrany taşla, szçyňy çözüp, täzeden dara we haj niýeti bilen yhrama gir” diýdi. Men hem onuň aýdyşy ýaly etdim. Mina terk edilip, Hasbede düşlenilýän gije gelende, Allahyň Resuly (s.a.w.) doganym Abdyrahmany meniň bilen birlikde Tenime ýollady. Men hem şol ýerde bozan umramyň ýerine gaýtadan umra niýeti bilen yhrama girdim».
(Hadysy hezreti Äşä (r.a) salgylanmak bilen habar beren) Hyşam ibn Urwa: „Ilki niýet eden umrasyny bozandygy üçin,oňa ne gurban bermek, ne oraza tutmak, ne-de sadaka bermek buýrulypdyr”3 diýipdir.
1Nurly Medineden zilhijje aýyna bäş gün galanda çykylandygy, Hormatly Mekgä-de zilhijjäniň dördünji ýa-da bäşinji gününde girilendigi, şeýlelik bilen Mekge ýolunda dokuz ýa-da on gün ýörelendigi aýdyljak bolunýar.
2Ýagny,kimi mütemetti, kimi-de müfrid boldy.
3Hyşamyň bu sözleri bir düşünişmezligiň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Musulmanlaryň enesi hezretleri karine bolsa-da, mütemetti bolsa-da, oňa gan akdyrmak, ýagny,karin ýa-da temetti üçin bir malyň damagyny çalmagyň wajypdygy babatda ähli hukukçy alymlaryň (Dawut Zahyrydan başga) bir pikirde mahaly, nädip olaryň hiç biri ýerine ýetirilmeli dälmişin? Bu soraga berlen jogapda: «Bularyň haýsy hem bolsa biriniň ýerine ýetirilendigine degişli hiç hili habar özüne gelip ýetmänsoň, Hyşam olaryň hiç biri hem ýerine ýetirilmändir öýdüpdir. Ýöne bir zadyň edilmändigini bilmezden, aslynda onuň edilmändigini aýtmak hökman däldir. Mysal üçin Jabyryň (r.a.) adyndan aýdylýan bir rowaýatda Pygamberimiziň (s.a.w.) Äşe üçin bir sygryň damagyny çalandygy aýdylypdyr.