212 Gusul täretini almagyň usulyny soran zenana Allahyň Resulynyň (s.a.w) beren jogaby
عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ الله عَنْها: أَنَّ امْرَأَةً سَأَلَتْ النَّبِيَّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ عَنْ غُسْلِهَا مِنْ الْمَحِيضِ ، فَأَمَرَهَا كَيْفَ تَغْتَسِلُ ، قَالَ: (خُذِي فِرْصَةً مِنْ مِسْكٍ فَتَطَهَّرِي بِهَا). قَالَتْ:كَيْفَ أَتَطَهَّرُ ؟ قَالَ: (تَطَهَّرِي بِهَا). قَالَتْ: كَيْفَ ؟ قَالَ: (سُبْحَانَ اللَّهِ تَطَهَّرِي). فَاجْتَبَذْتُهَا إِلَيَّ ، فَقُلْتُ: تَتَبَّعِي بِهَا أَثَرَ الدَّمِ .
Äşe Syddyka (r.a.) şeýle diýipdir: «Ensardan bir aýal1 Allahyň Resulyndan (s.a.w.) aýbaşydan soňra gusul täretini almagyň düzgünlerini sorady. Allahyň Resuly (s.a.w.) oňa nähili ýuwunmalydygyny aýdyp: «Soňra bir bölek misk2 al-da, onuň kömegi bilen arassalan» diýdi. Ol aýal: «Onuň bilen nädip arassalanaýyn?» diýip sorandan soňAllahyň Resuly (s.a.w.): «Subhanallah! Tämizleniber-dä»diýdi. Men şondan soňra ol aýaly özüme tarap çekip: «Onuň bilen ganyň galyndylaryny süpürip aýyr» diýdim»3.
1Ensardan bolan bu aýal bir rowaýata görä, Esma binti Şekel, beýleki bir rowaýata görä bolsa,Hatibetün-nisa lakamy bilen tanalan Esma binti Ýezit ibn Sekendir. Şekeliň bilinmän Seken görnüşine geçen bolmagynyň mümkindigi barada-da çaklama bar. Ýöne olaryň aýry-aýry şahslar bolmaklary we wakanyň birnäçe gezek gaýtalanan bolmagy hem mümkindir.
2Arapça «misk» sözüniň, mim harpyny astynly edip okamak arkaly aňladylyşy ýaly, şol sözdäki mim harpy üstünli edilip hem okalýar. Şeýdip okalanda, bu ýerde: «Bir gön bölegini al» diýildigi bolar. Buharynyň başga bir rowaýatynda bu söz düzümi: «Müşke bulanan ýüň bölegi» görnüşinde-de duşýar. Başga bir hili okalyşyna görä bolsa: «Köne bir biz bölegini al» diýildigi bolýar.
3Buharynyň başga bir rowaýatynda utanjyndan ýaňa Pygamberiň (s.a.w.) ýüzüni bir gapdala sowandygy we oňa derek musulmanlaryň enesi hezretleriniň gürländigi aýdylýar.