211 Zenanlaryň ýogalan ärleriniň ýasyny dört aý on gün tutmalydyklary, aýbaşynyň ganyndan päklenmek islänlerinde, olara ysly zatlary sepinmäge rugsat berilýändigi, olaryň tabydyň yzyndan gitmekleriniň gadagandygy hakda
عَنْ أُمِّ عَطِيَّةَ رَضِيَ الله عَنْها قَالَتْ:كُنَّا نُنْهَى أَنْ نُحِدَّ عَلَى مَيِّتٍ فَوْقَ ثَلاثٍ ، إِلاَّ عَلَى زَوْجٍ أَرْبَعَةَ أَشْهُرٍ وَعَشْرًا ، وَلا نَكْتَحِلَ ، وَلا نَتَطَيَّبَ ، وَلا نَلْبَسَ ثَوْبًا مَصْبُوغًا إِلَّا ثَوْبَ عَصْبٍ ، وَقَدْ رُخِّصَ لَنَا عِنْدَ الطُّهْرِ إِذَا اغْتَسَلَتْ إِحْدَانَا مِنْ مَحِيضِهَا فِي نُبْذَةٍ مِنْ كُسْتِ أَظْفَارٍ ، وَكُنَّا نُنْهَى عَنْ اتِّبَاعِ الْجَنَائِزِ.
Ümmi Atyýýa (r.a.) şeýle diýipdir: «Ýakynymyz (aýalyň ärinden başgasy) ýogalanda üç günden artyk ýas tutmak1 bize gadagan edilerdi. Adamymyz üçin dört aý on gün ýas tutardyk. Ýas tutan mahalymyz gözümize sürme çekmezdik, Ýemende öndürilýän asb2 diýip atlandyrylýan matadan tikilen köýnekden başga,bezenmek niýeti bilen,açyk reňkli köýnek geýmezdik. Aýbaşymyzyň gelmegi kesilen mahaly aýbaşydan arassalanmak islänimizde,azajyk kusty-azhar3 ulanmaga rugsat edilerdi. Şeýle hem gölegçileriň yzyndan ýöremek bize gadagan edilerdi».
1Yhdadyň (ýas tutmagyň) wajyplary hakynda hukuk alymlarynyň arasynda ylalaşyk bar. Diňe Hasan Basry dul hatynyň hem, äri ölen hatynyň hem ýas tutmagy wajyp däldir diýipdir. Onuň bu sözi ylalaşygyň garşysyna aýdylaýan bir kadadan çykmadyr. Ýas tutmagyň kimlere wajypdygy we ýas tutýanyň nähili işleri etmeginiň wajypdygy, sogapdygy ýa-da haramdygy hukuk kitaplarynda jikme-jik beýan edilendir.
2Asb atlandyrylan köýnek ýemen matasy diýilýän matanyň reňkli bir görnüşinden tikilen köýnekdir.
3Sözlükde «kust» sözi şeýle düşündirilýär: «Şu at bilen belli bolan kökdür. Iki görnüşi bolýar. Birine hindi kusty we beýlekisine arap kusty diýýärler. Hindi kusty gara ýakyn reňki bolan ýeňil, dykyz we az ysly bolup, onuň tagamy ajydyr. Arap kusty bolsa süýji tagamly, ak reňkli, ýeňil we gowy yslydyr. Aýratyn ýatlanmagynyň sebäbi, arap kustynyň süýji tagamly bolmagydyr. Ol siýdigi, aýbaşysy durmaýanlara we bagry agyrýanlara örän peýdalydyr. Ol sanjyny dep edýär, soguljanlary öldürýär, bal bilen sirkäni garyp alynýan şerbet (sikenjubin) bilen garylan çorbasy her 72 sagatdan bir gezek tutýan güýçli ysytma garşy, tüssesi burundan suw akmagyna we mergi keseline garşy peýdaly, ýagy baras we behak (bedende ak we ala-mula tegmilleri emele getirýän keseller) keselleri bejerilende ulanylýan täsin serişdedir». Sözlükde «azfar» sözi hakynda-da şeýle diýilýär: «El-azfar we ez-zafar gowy ysly zatlaryň bir görnüşidir. Düýbünden derisi soýlan dyrnak şekilinde bolýar. Şu azfar ýönekeý tebipçilikde ysly azfar ady bilen bellidir. Türkilerde iblis dyrnagy we dyrnak bahury diýlip atlandyrylýan hoşboý ysly dermandyr». Oňa kusty-azfar diýmek bilen birlikde kusty-zafar hem diýilýär. Zafar Adeniň kenarynda ýerleşýän bir şäheriň adydyr. Dyrnak şekilindäki hindi kusty ilki bilen şol ýere getirilýär. Arap zenanlary gusl täretini alanlarynda,ýaramaz yslary aýyrmak üçin,bu atyry ulanypdyrlar.