210 Aýbaşysy gelmegi kesilmeli wagtyndan soňra hem gany durmaýan zenanyň itikaf etmegine rugsat berilýändigi hakda

Başy » AÝBAŞY KITABY » 210 Aýbaşysy gelmegi kesilmeli wagtyndan soňra hem gany durmaýan zenanyň itikaf etmegine rugsat berilýändigi hakda

    عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ الله عَنْها: أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ اعْتَكَفَ مَعَهُ بَعْضُ نِسَائِهِ ، وَهِيَ مُسْتَحَاضَةٌ تَرَى الدَّمَ ، فَرُبَّمَا وَضَعَتْ الطَّسْتَ تَحْتَهَا مِنْ الدَّمِ.

 

       Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde onuň nikaly aýallarynyň biri1 mustehaza halyndaka we gany akyp durka2 itikaf3etdi. Ganynyň akyp durandygy sebäpli, onuň aşagyna legen goýýan halatlary-da bolýardy»4.

 

1Bu zenan maşgala musulmanlaryň eneleriniň biri bolan Söwde binti Zemga, ýa-da Ümmi Habyba Remle binti Ebu Sufýan, ýa bolmasa-da, Ümmi Seleme (Allahü tagala olaryň üçüsinden hem razy bolsun!) üçüsiniň haýsy hem bolsa biridir. Onuň bularyň üçünjisi bolaýmagynyň mümkindigini Askalany öňe sürýär.

2Aýbaşysy iň köp gelendäki möhlet geçip gideninden soňra hem gany durmaýan aýala arap dilinde «mustehaza» diýilýär.

3Remezan aýynyň soňky on gününde metjitde «maksuwre» diýilýän ýerlere duwlanyp, ybadat bilen meşgul bolmak.

4Aýbaşysy gelýän zenanyň metjide girmegi gowy görülmese-de, bu hadysdan çen tutup, gany durmaýan aýalyň metjidi hapalamajagyna ynamy bar wagtynda, köpçülik bilen ybadat edip biljekdigi hakynda netije çykarmak mümkin. Mydama täreti bozulyp duran keselbent adamlar hakyndaky hökümler hem gany durmaýan adamlara degişli hökümler bilen deň hasap edilýär.