209 Zenanlaryň din we akyl babatda erkeklerden pesdigi barada
عَنْ أَبِي سَعِيدٍ الْخُدْرِيِّ رَضِيَ الله عَنْهُ قَالَ: خَرَجَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ فِي أَضْحَى ، أَوْ فِطْرٍ ، إِلَى الْمُصَلَّى ، فَمَرَّ عَلَى النِّسَاءِ ، فَقَالَ: ( يَا مَعْشَرَ النِّسَاءِ تَصَدَّقْنَ فَإِنِّي أُرِيتُكُنَّ أَكْثَرَ أَهْلِ النَّارِ ). فَقُلْنَ: وَبِمَ يَا رَسُولَ اللَّهِ ؟ قَالَ : ( تُكْثِرْنَ اللَّعْنَ وَتَكْفُرْنَ الْعَشِيرَ ، مَا رَأَيْتُ مِنْ نَاقِصَاتِ عَقْلٍ وَدِينٍ أَذْهَبَ لِلُبِّ الرَّجُلِ الْحَازِمِ مِنْ إِحْدَاكُنَّ ، قُلْنَ وَمَا نُقْصَانُ دِينِنَا وَعَقْلِنَا يَا رَسُولَ اللَّهِ ؟ قَالَ: أَلَيْسَ شَهَادَةُ الْمَرْأَةِ مِثْلَ نِصْفِ شَهَادَةِ الرَّجُلِ). قُلْنَ: بَلَى ، قَالَ: (فَذَلِكِ مِنْ نُقْصَانِ عَقْلِهَا ، أَلَيْسَ إِذَا حَاضَتْ لَمْ تُصَلِّ وَلَمْ تَصُمْ ). قُلْنَ: بَلَى ، قَالَ: (فَذَلِكِ مِنْ نُقْصَانِ دِينِهَا).
Ebu Sagyt Hudry (r.a.) şeýle diýipdir: «Gurban ýa-da remezan baýramlarynyň haýsy hem bolsa birinde Allahyň Resuly (s.a.w.) ýanymyza –namaz okalýan ýere çykdy. Ol aýallaryň deňinden geçip barýarka1, olara ýüzlenip: «Aýallar, sadaka beriň, sebäbi maňa jähennemiň ýaşaýjylary görkezildi. Olaryň köpüsi aýallardy» diýdi. Aýallar: «Ýa Allahyň Resuly, näme üçin beýle?» diýip soradylar. Ol: «Sebäbi siz öteni-geçeniköp näletleýärsiňiz, ärleriňiziň edeniniň gadryny bileňzok2. Men kemakyl we din işlerinde bikämil3 adamlaryň arasynda paýhasly adamy şeýle derejede paýhasyndan mahrum edip bilýän başga birlerini görmedim»diýdi. Aýallar: «Näme sebäpli biziň aklymyz hem, dinimiz hem kem bolýar, ýa Allahyň Resuly?» diýdiler. Ol aýtdy: «Aýalyň şaýatlygy erkegiň şaýatlygynyň ýarsyna deň dälmi?». Aýallar: «Hawa» diýdiler. Ol: «Ine, bu aklyňyzyň kemligi sebäplidir. Aýal aýbaşysy gelende namaz okanok, oraza tutanok dälmi?» diýdi. Olar: «Hawa» diýdiler. Ol: «Ine, bu hem diniňiziň bikämilliginiň sebäbidir» diýip jogap berdi».
[1]Şundan çen tutup, baýram gününde aýallaryň erkekler bilen deň hatarda şäheriň daşyndaky namaz okalýan ýere barmaklaryna rugsat berilýändigi hakynda netije çykarmak mümkin bolsa-da, alymlar bu mesele barada köp jedel edipdirler. Ebu Bekr, Aly, Ibn Omar ýaly beýik kişiler baýram namazyna çykmaga aýallaryň hukugynyň bardygyny ykrar etseler, Urwa ibn Zübeýr, Kasym ibn Muhammet ibn Ebu Bekr, Ýahýa ibn Sagyt Ensary, Ymam Mälik ýaly tabygynlar we Ymam Ebu Ýusup ýaly tabygynlara uýan bir topar kişiler ony gadagan etmegiň tarapyny tutupdyrlar. Ebu Hanife bir gezek beýle etmäge rugsat berip, bir gezek hem ony gadagan edipdir. Oňa rugsat berenleriň delilleriniň arasynda şu hadysy-şerif bilen Ümmi Atyýýanyň (r.a.) aýdan 217-nji hadysy-şeribi (ol biraz yzrakda ýerleşendir) bardyr. Ümmi Atyýýanyň aýdan hadysyna görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) ýaş gyzlara, hatda aýbaşysy gelýän aýallara-da, baýram namazy okalýan ýere (başga bir hadysdan mälim bolan kada esasynda) bezenmezlik, ysly zatlary sepinmezlik şerti bilen barmaklaryna rugsat beripdir. Beýle etmek bilen,ol öz öňünde olaryň dini sowadyny artdyrmak ýaly beýik maksat goýupdyr. Bu hadysy-şeriflerden aňlanylyşyna görä, buwakalaryň Medinäniň ilatynyň heniz yslam dinine kämil ýagdaýda girmedik zamanynda ýüze çykandygyny nazara alyp, onuň bu rugsadyny diňe şol döwre degişli hasap edenler aýallaryň baýram namazyna çykmaklarynyň gadagandygyny Pygamberiň wepatyndan köp wagt geçmänkä, Äşäniň (r.a.): «Allahyň Resuly (s.a.w.) özünden soňra aýallaryň näme iş edýänlerini görsedi, olaryň metjitlere girmeklerini gadagan ederdi» diýmegi bilen hem delillendirýärler. Hanefi mezhebine uýýanlaryň aýtmaklaryna görä, ýaş zenanyň juma we beýleki namazlary okamak üçin metjide barmagyna rugsat berilmeýär. Gartaşan aýallaryň metjide barmagyna rugsat berilse-de, olar barmasalar has gowudyr. Baýram namazyny okamak üçin öýden çykanlar (Ebu Hanife bilen baglanyşykly bir rowaýata görä) baýram namazyny okarlar, başga bir rowaýata görä bolsa, okamazlar. Olar diňe dini sowatlaryny artdyrarlar, musulmanlaryň okaýan dogalaryndan peýda taparlar. Aýbaşysy gelýän zenanlar bolsa baýram namazyny okalýan ýerden bir çete çykyp, diňe dogalara goşularlar. Her ýagdaýda-da,olar bezenmezler we üstlerine ysly zatlary sepinmezler. Şapygy mezhebine görä (ymam Newewiniň beýan edişi ýaly), ýaş zenanyň baýram namazyny okamak üçin gitmegi pitne howpunyň ýüze çykmagynyň mümkindigi üçin mekruwhdyr.
2Diýmek, sögünç, nälet okamak, gadyr bilmezlik jähennemiň azaby ýaly bir ýürekýargynç ýere eltip biljek agyr günä bolup çykýar. Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen 27-nji hadysy-şeribe seret.
3Umuman berlen hökümiň şol umumylyga degişli adamlaryň her biri babatda dogry hasaplanmagy göwnejaý däldir. Mysal üçin, erkeklere gaýra dur diýdirýän, gör, näçe aýal bardyr. Höküm esasy köplügi göz öňünde tutýandyr. «Din kemelip başlanyndan soňra amal imandan daş düşýändir we imana artmak hem-dekemelmek mahsusdyr» diýýänler Pygamber alaýhyssalamyň aýdan bu sözüni bolşy ýaly kabul edip, oňa düşündiriş bermegi zerur hasaplamaýarlar. Olar ybadaty kem bolanlaryň dinini-de kem hasap edýärler. Olaryň garşydaşlary bolsa: «Iman esasynyň, yslamyň we diniň artmagy ýa-da kemelmegi mümkin däldir, artmak we kemelmek sypata mahsusdyr» diýýärler.