207 Aýbaşysy gelýän zenanyň tenine teniňi degirmekde, oňa kelläňi ýuwdurmakda zyýan ýok

Başy » AÝBAŞY KITABY » 207 Aýbaşysy gelýän zenanyň tenine teniňi degirmekde, oňa kelläňi ýuwdurmakda zyýan ýok

    عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ الله عَنْها قَالَتْ:كُنْتُ أَغْتَسِلُ أَنَا وَالنَّبِيُّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ مِنْ إِنَاءٍ وَاحِدٍ ، كِلانَا جُنُبٌ ، وَكَانَ يَأْمُرُنِي فَأَتَّزِرُ ، فَيُبَاشِرُنِي وَأَنَا حَائِضٌ ، وَكَانَ يُخْرِجُ رَأْسَهُ إِلَيَّ وَهُوَ مُعْتَكِفٌ ، فَأَغْسِلُهُ وَأَنَا حَائِضٌ.

 

         Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde,ikimiziň hem inimiz hapa wagtynda,bir gapdan ýuwnardyk. Aýbaşym gelende,onuň emri bilen öňlük dakynardym. Ol meniň aýbaşym gelip duran wagty tenini tenime degrerdi1. Şonuň ýaly-da, ol metjitde ýeke oturan wagty, meniň hem aýbaşym gelýärkä, kellesini oturan ýerinden çykarardy, men hem ony ýuwardym».

 

1Arap dilindäki «mubaşere» sözüniň «jübütleşmek» we «ýakynlyk» diýen manylary öz içine alýandygy üçin, bu söz düzümi: «Tenini tenime degirdi» diýlip terjime edildi. Bu sözi bu ýerde «jübütleşmek» diýip terjime etmek mümkin däl. Çünki, zenanlaryň aýbaşysy gelýän wagty olar bilen jübütleşmek haramdyr, agyr günädir. Bu agyr günäni bir gezek hem etmezlik gowudyr. Ýöne şeýle ediläýen halatynda,günäňi ýuwmalymy ýa-da ýuwmaly dälmi? Bu mesele boýunça hukukçylaryň arasynda oňşuksyzlyk bar. Katada, Ewzaýy, Yshak ibn Rahuýa, ömrüniň irki döwründe aýdan sözünde Şapygy, bir ýerde aýdylmagyna görä, Ahmet ibn Hanbal remezan aýynyň gündizinde bilmän jynsy islegini kanagatlandyran adamyň eden günäsine laýyklykda günäsini ýuwmagynyň wajypdygy bilen ylalaşypdyrlar. Ebu Hanife, Mälik, soňky aýdan sözleriniň birinde Şapygy, Ahmet ibn Hanbal bolsa bir sözünde beýle iş edeniň üçin günäňi ýuwmagy wajyp hasaplamandyrlar. Diňe ymam Şapygy şeýle ýagdaý ýüze çykanda, günäňi ýuwmagy gowy görýär. Günäňi ýuwmagyň wajypdygy bilen ylalaşan birinji topara girýän alymlar hem öz aralarynda günäňi ýuwmak üçin tölenmeli puluň mukdary barada jedel edipdirler we ýagdaýa, günä eden adama we aýry-aýry hukuk düzgünlerine görä, onuň mukdary dinaryň bäşden ikisini sadaka bermekden başlap, ýarym dinara, bir dinara we iň soňunda guly azat etmege çenli ýokary galypdyr. Bu işiň haramdygyny unudyp, ýa aýbaşysynyň gelýäninden habary bolman, ýa-da zenanyň aýbaşysy gelen wagtynda onuň bilen jübütleşmegiň haramdygyny bilmän, ýa bolmasa, zora çydaman bu işi edeniň günäsi ýokdur.