206 Aýbaşysy gelýän zenanyň gapdalynda ýatmagyň zyýanynyň ýokdugy hakda

Başy » AÝBAŞY KITABY » 206 Aýbaşysy gelýän zenanyň gapdalynda ýatmagyň zyýanynyň ýokdugy hakda

    عن أُمَّ سَلَمَةَ رَضِيَ الله عَنْها قَالَتْ: بَيْنَا أَنَا مَعَ النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ مُضْطَجِعَةٌ فِي خَمِيصَةٍ ، إِذْ حِضْتُ ، فَانْسَلَلْتُ فَأَخَذْتُ ثِيَابَ حِيضَتِي ، قَالَ:(أَنُفِسْتِ). قُلْتُ: نَعَمْ ، فَدَعَانِي ، فَاضْطَجَعْتُ مَعَهُ فِي الْخَمِيلَة.

 

         Musulmanlaryň enesi Ümmi Seleme (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen bir ýüň matany ýapynyp ýatyrdyk. Birden aýbaşymyň gelip başlandygyny duýdum. Ýuwaşlyk bilen onuň ýanyndan çykyp, aýbaşym gelende geýýän köýnegimi geýip geldim. Ol: «Aýbaşyň geldimi?» diýip sorady. «Hawa» diýdim. Şondan soňra ol meni ýanyna çagyrdy. Men ýüň matanyňastynda onuň bilen bile ýatdym».