204 Ýene şol mesele hakda
وفي رواية: وهو مُجَاوِرٌ فِي الْمَسْجِدِ ، يُدْنِي لَهَا رَأْسَهُ ، وَهِيَ فِي حُجْرَتِهَا فَتُرَجِّلُهُ وَهِيَ حَائِضٌ.
Ýene Äşäniň (r.a.) adyndan aýdylýan başga bir rowaýatda onuň aýbaşysy gelip durka we öz hüjresinde otyrka, Allahyň Resulynyň (s.a.w. Metjidi-Şerifde ýeke oturan ýerinden öz mübärek başyny oňa tarap uzadandygy we onuň hem Pygamberimiziň saçyny darandygy aýdylýar1.
1Musulmanlaryň eneleri (Allahü tagala olaryň hemmesinden razy bolsun!) hezretleriniň her birine degişli bolan hüjreleriň gapylary Metjidi-Şeribe tarap açylardy. Bu ýerde beýan edilişine görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) Äşäniň hüjresine ýanaşyp duran we il gözünden gizlin otagda oturan bolmaly. Bu hadysy Buhary has jikme-jik beýan edipdir. Ol şeýle ýazýar: «Urwa ibn Zübeýr hezretlerinden bir adam: «Aýbaşysy gelýän zenanyň maňa hyzmat etmegi ýa-da onuň täretsiz wagty ýanyma gelmegi makulmydyr?» diýip sorapdyr. Ol hem: «Meniň pikirimçe, bu ýagdaýlaryň ikisine-de ýol berip bolar. Eýle bolanda-da, beýle bolanda-da,ol maňa hyzmat edip biler. Şol sebäpli taraplaryň ikisine-de gadagançylyk ýokdur. Äşe (ol gürrüň berýäniň daýzasydyr) maňa şeýle bir zady habar berdi. Aýbaşyly wagty ...» (hadysyň yzy ýokardaky ýaly dowam edýär) diýip jogap beripdir.