203 Aýbaşysy gelip duran zenana äriniň saçyny daramaga rugsat berilýär

Başy » AÝBAŞY KITABY » 203 Aýbaşysy gelip duran zenana äriniň saçyny daramaga rugsat berilýär

    عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ الله عَنْها قَالَتْ: كُنْتُ أُرَجِّلُ رَأْسَ رَسُولِ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ وَأَنَا حَائِضٌ.

 

         Ýene Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) mübärek başyny aýbaşym gelip durka-da darardym»1.

 

1Hristianlar aýbaşa asla ähmiýet bermeýärler. Olar aýbaşy gelýän aýallar bilen jübütleşmegi gadagan hasap etmeýärler. Bu bärden gaýtmadyr. Ýehudylar bolsa jübütleşmeg-ä beýlede dursun, aýbaşysy gelýän aýal bilen bir otagda-da oturmazlar we bir ýerde iýip-içmezler. Araplar jahylyýet zamanynda ýehudylaryň bu öte geçmelerine tabyn bolýardylar. Muhammet ymmatynyň tämizleniş düzgüninde bolsa, şolar ýaly bärden gaýtmadan hem, öte geçmeden hem ýüz öwrülip, diňe aýbaşysy gelýän aýallar bilen jübütleşmek gadagan edilýär we beýle ýagdaýdaky aýallara hapa hökmünde garalýar.وَيَسْأَلُونَكَ عَنِ الْمَحِيضِ قُلْ هُوَ أَذًى فَاعْتَزِلُوا النِّسَاءَ فِي الْمَحِيضِ وَلَا تَقْرَبُوهُنَّ حَتَّى يَطْهُرْنَ فَإِذَا تَطَهَّرْنَ فَأْتُوهُنَّ مِنْ حَيْثُ أَمَرَكُمُ اللَّهُ= „We ýes-eluwneke anil-mahyýzy. Kül hüwe ezen. Fagtezilunnisääää-e fil-mahyýzy, we lä takrabuwhünne hattä ýethürne. Fe-izä tetahherne fätuwhünne min haýsü emerekümüllahü”(golaý manysy: «Senden aýbaşy hakynda soraýarlar. Sen olara: «Aýbaşy yzadyr, hapadyr» diý. Aýbaşylary gelýän wagtynda olar ýaly aýallardan daşda duruň. Tämizlenýänçäler olara ýakynlaşmaň. Tämizlenenlerinden soň, Allahyň emr edişi ýaly, ýanlaryna baryň».«Bakara» süresiniň 222-nji aýaty) diýýän aýaty-kerime, diňe ýakynlaşmagy gadagan edýär. Bu hadysdan gelip çykýan netije araplaryň aýbaşy hakyndaky batyl düşünjeleriniň soňuna çykyp, bu baradaky şerigat düzgünlerini beýan edýär.