202 Aýbaşysy gelýän zenan Käbäni togap etmez

Başy » AÝBAŞY KITABY » 202 Aýbaşysy gelýän zenan Käbäni togap etmez

     عن عَائِشَةَ رَضِيَ الله عَنْها قالت: خَرَجْنَا لا نَرَى إِلاَّ الْحَجَّ ، فَلَمَّا كُنَّا بِسَرِفَ حِضْتُ ، فَدَخَلَ عَلَيَّ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ وَأَنَا أَبْكِي ، قَالَ: ( مَا لَكِ أَنُفِسْتِ). قُلْتُ: نَعَمْ ، قَالَ: ( إِنَّ هَذَا أَمْرٌ كَتَبَهُ اللَّهُ عَلَى بَنَاتِ آدَمَ ، فَاقْضِي مَا يَقْضِي الْحَاجُّ ، غَيْرَ أَنْ لا تَطُوفِي بِالْبَيْتِ).

    قَالَتْ: وَضَحَّى رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ عَنْ نِسَائِهِ بِالْبَقَرِ.

 

       Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Haj etmekden başga zady niýet etmän1 Medineden çykypdyk. Serife2 gelenimizden soň, aýbaşymyň gelip başlandygyny duýdum. Allahyň Resuly (s.a.w.) ýanyma girdi. Men haj ybadatlaryny ýerine ýetirip bilmejegim üçin aglaýardym3. Ol: «Näme boldy? Hapalandyňmy?» diýip sorady. Men: «Hawa» diýdim. Ol: «Bu Allahü tagalanyň Adamyň gyzlarynyň maňlaýyna ýazan zadydyr. Hajylaryň ýerine ýetirýän ybadatlaryny sen hem ýerine ýetir, diňe Käbä togap etme» diýdi».

Soňra Äşe (r.a.): «Şeýle hem Allahyň Resuly (s.a.w.) nikaly aýallarynyň adyndan sygyr gurban etdi» diýýär4 .

 

1Musulmanlaryň enesi (r.a.) öňden adat bolup gelýän haj aýlarynda (şowwal, zilkade aýlary hem-de zilhijje aýynyň 10 güni — jemi 70 gün) edilişi ýaly, ýagny,şol düzgün boýunça haj etmegi ýüreklerine düwmändiklerini, bar niýetleriniň jahylyýet döwründen soňra parz edilen hajy ýerine ýetirmek bolandygyny aýtmak üçin,şu sözleri diline alýar. Jahylyýet zamanynda Ybraýymyň (s.a.w.) dininiň öwreden ybadatlaryndan diňe haj we umra (haj aýlaryndan başga wagtda Käbä zyýarat etmek) saklanyp galypdy. Olar hem soň tapylan köp sanly nysaklar we peýdasyz ybadatlar bilen bulam-bujar edilipdi. Şonuň üçin hem haj aýlarynda umra niýeti bilen yhlam, ýagny,yhram (haj edýänleriň geýýän tikinsiz örtügi) geýip, telbiýe aýtmak («Lebbeýk, Allahümme, lebbeýk!» diýmek) we janlynyň damagyny çalmak zerur hasap edilmändir. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) iň soňky gezek eden hajyna çenli bu düzgüni bozup biljek bir täze kanun ýüze çykmandy. Şol sebäpli musulmanlar,yhram geýen wagtlary,ony haj etmek niýeti bilen geýen adam bolýardylar. Aýratyn hem Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hajy niýet edip gurban bermegine eýerenleriň hemmesi şol niýetdedi. Haj edýänleriň kerweni Mekgä ýakynlaşan wagtynda,hezreti Muhammet (s.a.w.) şeýle ähtimallygyň bardygyny bilip: «Hemmeler bilen bir hatarda gurban berenlerden başga araňyzda kim bar bolsa, ol hajy däl-de, umrany niýet etsin» diýip habar berdi we şeýle diýmek bilen nadanlyk döwrüniň araplarynyň bu babatdaky amaldyr ygtykatlaryny bozdy. Kim islese, haj möwsüminde-de umra hajyny ýerine ýetirip bildi. Ýöne hernäme-de bolsa, nurly Medineden çykanlaryň hemmesiniň niýeti haj etmekdi. Şol sebäpli hem musulmanlaryň enesi hezretleri: «Hajdan başga zady niýet etmän» diýipdir.

2Serif hormatly Mekgeden takmynan 10 mil uzaklykda bolan bir ýeriň adydyr.

3Musulmanlaryň enesiniň aglamagy beýle ýagdaýda hajyň hem, umranyň hem esasy ybadatlarynyň biri bolan togap etmäge gatnaşyp bilmezligi bilen baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, aýbaşysy gelýän zenanyň togap etmegi gowy däldir.

4Bu ýerde «bil-bakara» diýlişi ýaly, onuň «bil-bakarati» diýilýän nusgasy hem bar. Ikinji nusgadan bir sygryň gurban edilendigi mälim bolýar. Birinji nusga görä bolsa, sygyrlaryň sanynyň köp bolup biljekdigini hem çaklamak mümkin. Bu ýagdaýlaryň ikisini hem göz öňünde tutup, terjime edilende «bir» sözi taşlanyp, diňe «sygyr» diýildi.